sahero
03.04.2024 00:03
Dünyäniñ ilaty garrayar.
Türkiye we beyleki yurtlar "garry" topardakylaryñ üstini yetiryärler.

Dünýäniň ilatynyň garramagy çaltlaşýar we Türkiýäniň ilaty hem şolara degişli. Bu ýurt 2023-nji ýylyň ahyrynda “garry” ilatly ýurtlaryň hataryna girdi.

BMG-nyň toparlara bölüşine görä, 65 ýaşdan uly adamlaryň sany ilatyň 10% -inden geçen ýagdaýynda ol ýurt demografiýa taýdan “garry” ýurtlara degişli hasaplanýar.
“Dünýäniň demografiki geljegi” baradaky hasabata görä, bu ýaş toparyndaky adamlaryň sany beýleki ýaş toparlaryna garanyňda has çalt artýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň maglumatlaryna görä, Ýewropa dünýädäki garry adamlaryň ortaça iň köp ýaşaýan sebitidir - 19%.
Ilat sany 85 milliondan geçen Türkiýede hem şeýle tendensiýa görünýär. 2023-nji ýylyň ahyryna çenli Türkiýede 65 ýaşly we ondan uly adamlaryň sany 8 million 722 müň 806 adam boldy. Hünärmenler onuň 2030-njy ýyla çenli 12,9 göterime, 2040-njy ýyla çenli - 16,3 göterime, 2060-njy ýyla çenli ýurduň umumy ilatynyň 22,6 göterimine ýetjekdigini çaklaýarlar.
Şuňa meňzeş ýagdaýy dünýäniň beýleki ýurtlarynda-da görmek bolýar. Mysal üçin, Ýaponiýada garry adamlaryň paýy 29% -den, Italiýada - 24% -den geçýär
2050-nji ýyla çenli dünýäde 65 ýaşly we ondan uly adamlaryň sany 5 ýaşa çenli çagalaryň sanyndan iki esse köp bolar we 12 ýaşa çenli çagalaryň sanyna deň bolar diýlip garaşylýar.
Ilatyň garramagy birgiden sosial we ykdysady netijelere baglydyr, mysal üçin, saglyk ulgamyna düşýän agramyň artmagy we zähmete ukyply ilat sanynyň azalmagy muňa täsirini ýetirip biler.
16
72
tmyigit76
3 Aprel 2024
Türkiýede garry adamaryň sany Türkmenistanyň umumy ilat sanyndanam köp eken 🤔. . Gyzykly postlary ýetirip duruň
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.