sahero
29.03.2024 07:48
Gyzykly go$gy:gownüñizden turar diyip umyt etyan.

Içip serho$lykda urma ayalyñ!

Eden haram keypiñ göterip bilmän,
Içip serho$lykda urma ayalyñ.
Ojagyñ taganny galarsyñ duyman,
Içip serho$lykda ursañ ayalyñ.

Dowzahy pul bilen satyn alarsyñ,
Haram keypiñ bilen ilden çykarsyñ.
$eydip ahyrynda yalñyz galarsyñ,
Içip serho$lykda ursañ ayalyñ.

Geçen zady salan bolup yadyña,
Bir bendäni yakma keypiñ oduna.
"Geroy" diylen at goyulmaz adyña,
Içip serho$lykda ursañ ayalyñ.

Edyan haram keypiñ aylar ba$yñy,
Özüñdey serho$lar alar da$yñy.
Adyña go$dyrsyñ "Alka$"adyny,
Içip serho$lykda ursañ ayalyñ.

Ma$gala dagasa du$man guwanar,
Edil gep haltasy edip ulanar.
Saña derek yakynlaryñ uyalar,
Içip serho$lykda ursañ ayalyñ.

Señ bagtyña çyndan guwanjak azdyr,
Wezipe, baylygyñ wagtlayyn zatdyr.
Ma$galañ yykylsa gynanjak yokdyr,
Içip serho$lykda ursañ ayalyñ.
15
65
sahero
29 Mart 2024
Su go$gulañ awtory kim digini bilemok bilyan bolsañyz kyn görmän goyayyñ
flow
29 Mart 2024
👍👍
flowers_
29 Mart 2024
@Perman__, 😂🤦‍♀️
flowers_
29 Mart 2024
@geldiyevna, 🤷‍♀️
flowers_
29 Mart 2024
"Ojagyñ daganny* galarsyñ duýman" bolmaly öýdýän 🤔, awtory?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.