AB$-da "akylly" gulakhalkalar oylanyp tapyldy.
Hünärmenler gulaga berkidilýän we dürli maglumatlary ýygnamaga ukyply "akylly" gulakhalkalary taýýarladylar. Ilkinji nobatda, enjam ulanyjynyň we daşky gurşawyň temperaturasyny ýazga alar. Alnan maglumatlar stressi, keselleri, fiziki işjeňligi, iýmitleniş endiklerini ýa-da aýallaryň saglyk tendensiýalaryny yzarlamak üçin peýdaly bolar.
Taslamanyň awtory, aspirant Sýuýue Sýueniň bellemegine görä, WU-nyň alymlary tarapyndan oýlanyp tapylan gulakhalkalar saglyk barada maglumatlary bilege dakylýan "akylly" sagatlardan we fitnes trekerlerinden has takyk ýygnaýar. Bu artykmaçlyk alty meýletinçiniň gatnaşan barlagynda tassyklanyldy.
Materialda "akylly" gulakhalkalaryň bir zarýadda 28 güne çenli işläp biljekdigi aýdylýar, enjam Bluetooth arkaly smartfona maglumatlary geçirýär. Hünärmenleriň bellemeklerine görä, olar geljekde awtonomlyk meselesini doly çözerler: enjam Gün energiýasy ýa-da kinetik energiýa bilen zarýad alar.