sabyrly
28.01.2024 17:51
Güýz gelse duýgulam dyňzaýar durman,
Sebäp ilki söýgüm sende galdy güýz!
Dolanmaz ol günler etsemde arman,
Meni jandan eziz söýüpdi bir gyz.
Ýapraklardan umyt monjugyn düzüp,
Söýýär söýenok diýp atýardy bije.
Menem ol hakynda goşgular ýazyp,
Kän okap beripdim ýyldyzly gije,
Dodagy baldandy bilide gyldan,
Sümbül saçlaryny şemal çözlärdi.
Ol meniň adymy düşürmän dilden,
Söýgi bilen gözlerime gözlärdi.
Bu söýgi dünýäsi giň dünýä eken,
Gujagynda gam şatlygy ýerläpdir.
Bu gün aýra düşüp galdymla ýeke,
Ol takdyryn özge bilen birläpdir.
Ýene ýada düşdi ilkinji söýgüm,
Kalbyň bir çetinde galypdyr yzy.
Şol gözeli ýatlap artdyla gaýgym,
Belki şonuň üçin söýýärin güýzi.
Agaçlardan tänen ýapraklar gaçyp,
Göwünlik berýärdi derdimi duýup.
Hyýalda bir gözel söýgä pal açyp,
Otyrdy söýýärmi söýenok diýip.
Süleýman Tekäýew
32
20
sabyrly
28.01.2024 12:58
Bilemok, duýýarmy, ýokmy ogullar,
Ýöne welin çaý başynda käteler
Bizden, sizden, gözden-dilden gizligin
Assyrynja derdinişýär kakalar.
Olar derdinişýär ogullar hakda,
"Galarmyka?" diýip bigeleňligi.
Kimi üýşendirýär oglunyň agşam
Bir ýerik ir gidip, giç gelenligi.
Olar derdinişýär ogullar hakda,
Derdinmek däl, oda düşýär käbiri.
"Çüýşesine alaç edip bilemok",
"Wah, okuwdan kowupdyrlar Kadyry".
Birmahallar ogul bolmak kyn eken,
Ýyllar geçip, üýtgäp barýar kadalar.
Indi kaka bolmak kynlaşyp barýar,
Gaýrat ediň, gaýrat ediň, kakalar!
29
26
sabyrly
27.01.2024 17:43
ÇAGADAN ÖWRENMELI.
Belki-de ýalňyşýandyryn,ýöne özüm-ä şu pikirde. Biziň entek öwrenmeli zatlarymyz köp. Onda-da çagalardan. Hawa,hawa,çagalar
biziň köpümizden kämil. Nädip diýýäňmi? Sözümiň gury bolmazlygy üçin birnäçe delilleri getireýin:
BEGENMEK. Çaga ýaly begenip bilmek. Megerem, iň gerek zatdyr.Daş-töweregiňizde çaga barmy? Şoňa bir süýji ýa-da kiçiräjik jäjek äberiň. Diriň-diriň böküşini görersiňiz. Biz bolsa...Allatagallanyň bize beren şeýle uly peşgeşleri gözümize az görünip, ondan närazy bolýarys. ”Onda maşyn bar,oň öýi meňkiden gowy...” Eýsem biz näme üçin mydama özümiziňkiden gowy zady bolanlara seredýäris? Näme üçin pes ýaşaýanlara seredemzok? Göwniýetmezçilikdenmi? Islendik adam baýap ugrasa tumşugyasmana salam berip ugraýar we diňe özünden ýokardakylary görýär.Peslere seredesem gelenok.Ine bar mesele şonda. Geliň, çagalardan begenmegi öwreneliň.Şükür etmegi öwreneliň. Şonda durmuşymyz reňk goşulyp, gözelleşip ugrar.
BAGYŞLAMAK. Üns berip gördüňizmi? Çagalar uzak gaty görüşenok. Derrew ýaraşýarlar. Düýn sögüşen ýalydyr welin bu gün eýýäm gülüşip,oýunjaklaryny paýlaşyp oýnap ýörler. Biz näme?Iki-üç ýyllap gaty görüp gezýän mahallarymyzam kän bolýar.Ýüregmizde şol öňki kineleri göterip ýörüs.Soňam şol kineler ýürege agram salyp ýüregagyrydan ejir çekýäris. Alla adamlaryň günäsini bagyşlaýar,biz başaramzok, kiçilik bilýäs bagyşla diýmegi.Biz näme eýsem Alladanam beýikmi?Ýok,elbetde ýok. Onda näme?Onda näme üçin bagyşlamaly däl? Geliň, bagyşlamagy öwreneliň. Şonda özümiziňem bagyşlanmak mümkinçiligimiz artar. Şonda biziň jemgyýetimiz öňküsinden has öser, has beýgeler.
HYZMAT ETMEK. Çagalara bir jäjek,oýunjak sowgat berip görüň, çaga üçin senden gowy adam ýok. ”Bar köşegim ony al, muny äkit” diýseň ylgaşlap,näme diýseň edip ýörendir.Eýsem bize şunça zatlary peşgeş eden Allaha näme üçin hyzmat etmeli däl? Jogap berip biljek ýok bolsa gerek. Bärde jogap berere zadam ýok. Biziň ýalňyşlygymyz. Ine bar bolany.
31
47
sabyrly
27.01.2024 12:14
Käteler şeýlebir gyýylýar göwnüm,
Özümden närazy görünýär ömrüm,
Pespäller betpäle edipdir öwrüm,
Bizem şo nogsana başgoşup barýas.
Tapyldy haýadan ara açjaklar,
Däp dessury basyp geçdi paşmaklar,
Birmahal syryldy syrly ýaşmaklar,
Ah aslymyz bilen hoşlaşyp barýas.
Hakykatdana biz juda uzakda,
Salamada ýer galmady gulakda,
Ynsap barmy nebis diýen duzakda,
Nirädir howlugyp haşlaşyp barýas.
Gündizä Metjitde gije ýoldalar,
Şu sowala jogap boldy mollalar,
Meseläñiz bir mahala gozgalar,
Diñe hyrçymyzy dişleşip barýas.
Etmişlerin aýdyp bilmån ýamanyñ,
Girdabyna düşdük ahyr ýalanyñ,
Geliñ ynsanlarça boýun alalyñ,
Biz birek birekden daşlaşyp barýas.
28
57
sabyrly
26.01.2024 16:07
Bir Garlawaç, aşyk bolup Adama,
Düşenmişin hak söýgüniň oduna.
Ynsany, kalbyna has ýakyn saýyp,
Derdini saýraplar gezipdir ýaýyp.
Ahyry, bar güýjün jepläp özünde,
Günleriň birinde paslyň ýazynda.
Penjiräni kakýar çekip zaryny,
Aýtmakçydy, ýürekdäki baryny.
Adam, üns bermän gezýär bu hala,
Garlawaç daşarda edipdur nala.
Ýüregine düşdi Adamyň bu hal,
Belki, gyzyklanan bolmagy ahmal.
Penjiräni açdy uçmady guşda,
Seretýärdi gözgynly bir bakyşda.
Ahyry bolmady dillendi durman,
Hak aşyga Hakdan bolarmyş perman.
Men saňa ýürekden aşykmen Adam,
Gije-gündiz çekdim ahy perýadyň.
Ol neneňsi bolar men Adam sen guş,
Beýle söýgi nirde, görlip bilinmiş!
Ýersiz ýere söýgä bir sebäp tapdy,
Adam gahar etdi aýnany ýapdy.
Günler geçdi ýene penjire tyrk-tyrk,
Garlawaç! bu ýerde sen maňa artyk!
Dost bolup galsagam garşylygym ýok!
Adam ýene diýdi ol hem bolonok!
Senem öz öýüňde ýaşaýaň ýeke,
Gezme ýalňyzlygyň derdini çeke.
Derdimiz, gussamyz paýlaşarys biz,
Giň howla arkaýyn jaýlaşarys biz.
Garşy gelen barmy yşgyň emrine,
Gel, bile ýaşaly galan ömrüme.
Seňem hossaryň ýok, ýalňyz bir başyň,
Adam gaharlandy sözlerne guşuň.
Nirä gitseň gitde penjiräm kakma,
Gözüme görünme janymy ýakma!
Diýdi-de, ol guşy ýanyndan kowdy,
Garlawajam, ondan ýüzüni sowdy.
Ýaz geçdi ýene-de, gara gyş geldi,
Gyş sowulyp ýene saýrak guş geldi.
Gelmedi, Garlawaç yza dolanyp ,
Adam gaýga batdy, kän-kän oýlanyp.
Garlawajyň, gelerne kän garaşdy,
Gözläp tapaý diýse aralar daşdy.
Ökündi özüniň eden işine,
Bu hal, kän agyry saldy başyna.
Menem ýeke ýoldaşym ýok, zadym ýok,
Derdinere, sözleşere adam ýok.
Aýyp etdim öýtýän ol Garlawaja,
Şonuň pikrin edip gündizdir gije.
Ýola düşdi munyň çäresin gözläp,
Bir Dana, adama berdi ol sözläp.
Dana, jogap berdi güldi-de muňa,
Göýberen säwligiň aýdaýyn saňa.
Garlawajyň ömri bolýar, alty aý,
Olam bir Taňrydan berilen serpaý.
Gapyňy kakypdyr, açmansyň senem,
Duşuşmagam nesip etmändir, ýene.
Öňümizden çykýar kän ýagşy ynsan,
Gadyrlap bilmezden göýberýäs nogsan.
Bize hemdem boljak ýakyn dostlar kän,
Emma, biz elinden tutmaýas mäkäm.
Pursatlar berilýär ýekeje gezek,
Şondan peýdalanyp başarmak gerek.
Hekaýam soňlandy özüň pikir et,
Eliňdäki bar zatlarňa şükür et.
Belki, seň üçinem bolmazla ertir,
Ýollar, seni ýoluň soňuna getir.
Bagt, geleninde ýüzümiz sowdyk,
Näçe Garlawajy gapydan kowduk!
© Süleýman TEKÄÝEW
35
119
sabyrly
25.01.2024 16:12
EJELERMIZI GADYRLAP BILDIKMI!
1 ýaşyňda: Seni elleri bilen bezäp besledi, ýuwundyrdy. Bütin gije ýatyrman aglap, sagbolsun aýtdyň.
2 ýaşyňda: Saňa ýöremegi öwretdi. Seni çagyryp seslenende ondan gaçyp, sagbolsun aýtdyň.
3 ýaşyňda: Saňa naharlar taýýarlap berdi. Döküp-saçyp iýip, sagbolsun aýtdyň.
4 ýaşyňda: Eliňe reňkli galamlar berdi. Bütin diwarlara surat çekişdirip, sagbolsun aýtdyň.
5 ýaşyňda: Seni owadan geýimler bilen bezedi. Guma bulaşyp oýnap, sagbolsun aýtdyň.
6 ýaşyňda: Saňa birtopar sowgatlar etdi. Goňşyň äpişgesini döwüp, sagbolsun aýtdyň.
7 ýaşyňda: Mekdebe äkitdi. Köçede: "gitjek däääl" diýip aglap, sagbolsun aýtdyň.
10 ýaşyňda: Doglan günlere, tans mekdeplerine äkitdi. Maşyndan böküp düşüp, yzyna seretmän gidip, sagbolsun aýtdyň.
11 ýaşyňda: Seni dostlaryň bilen kino, teatra äkitdi. Sen: "Biz bilen oturma" diýip, sagbolsun aýtdyň.
12 ýaşyňda: "TW-da erbet peredaçalary görme diýdi". Ol öýde ýok wagty seredip, sagbolsun aýtdyň.
15 ýaşyňda: Seni lagerlere goýberdi, ýekeje hat ýazman sagbolsun aýtdyň.
17 ýaşyňda: Oturlyşyklara goýberdi, birje gezek jaň etmän öýüňe giç gelip, sagbolsun aýtdyň.
18 ýaşyňda: Mekdebi gutaraňda hemme gerek zatlaryňy alyp berdi, ugratdy.Ony dostlarym üstümden gülmesin diýip ýanyna eltmän, sagbolsun aýtdyň.
21 ýaşyňda : Saňa okuw, iş bilen bagly maslahatlar bermek isledi. "Men sen ýaly boljak däl" diýip sagbolsun aýtdyň.
22 ýaşyňda: Okuwy gutaraňda saňa guwanyp gujaklady. Syýahat üçin pul isläp sagbolsun aýtdyň.
24 ýaşyňda: Durmuş gurjak bolýan ýanýoldaşyň bilen tanyşmak isledi."Entek ir, hökman däl" diýip sagbolsun aýtdyň.25 ýaşyňda: Toý tutup berdi, begendi, duýgulandy. Sen başga ýerlere göçüp gidip, sagbolsun aýtdyň.
30 ýaşyňda: Çaga terbiýesi hakda akyl bermek isledi. "Indi beýle terbiýe berlenok, ol diýýänleriň gadymy döwürde galdy" diýip sagbolsun aýtdyň.
40 ýaşyňda: Saňa jaň edip, bir ýakynyň doglan gününi ýatlatdy. "Işim başymdan agdyk, wagtym ýok" diýip sagbolsun aýtdyň.
50 ýaşyňda: Ol erbet keselledi, ony görmäge baranyňda begendi. Oňa "Garrylar çaga ýaly ejiz, näzik, ynjyk bolýar" diýip sagbolsun
aýtdyň.
Diýeli bir gün.. Ol öldi..
Bu güne çenli onuň bilen geçiren wagtyň, eden işleriň ýyldyrym bolup kalbyňa urdy. Şonuň üçin entek wagt barka, entek ol dirikä, wagt aýryp gidiň, gyzyklanyň onuň bilen. Şu güne çenli berip bilmedik söýgiňizi beriň oňa..
Pursat barka söýgiňizi bildiriň. Bagtly ediň. Gijä galmaň! Howluk.. Seret wagt geçip dur..
Ene saňa ýeke gezek berilýär,
Söý eneňi! Söýmegiňi dowam et!
Enäniň gadyryn bilmeýän bolsaň,
Enesini ýitirenden sowal et!
25
66
sabyrly
24.01.2024 20:52
.. Habar geldi basym toýuñ tutuljak,
Shonda umyt galmandygna düshündim.
Söýgä kepen saña kürte atyljak,
Maña bagtyñ gülmändigne düshündim.
Çyg ýaýrady gamdan dolan gözüme,
Nälet etdim, soñam aldym yzyna,
(Wah, dözemok! Sen arzylan gyzyma!)
Täleýmiñ oñ bolmandygna düshündim.
Ýatdym. Turdum. Ýazdym. Ýandym ot bolup,
Sözler dile geldi perýat dat bolup,
Senli bagtdan galyberdim ät bolup,
Munuñ baky armandygna düshündim.
Kalpda söýgim. Ýogsa, gahar dilimde, Sandyraýar ýüregimde, elim-de!
Ine-de, toý çakylygyñ elimde...
Ah, zarymyñ barmandygna düshündim.
Agdar düñder boldy sho wagt giñ dünýäm,
Durmushym buz.Ýöne ýüregim ýanýar.
Dashdan diýdim:'' Nädip söýgiñi gömýäñ??! ''
Sözümiñ ýer almandygna düshündim.
Indi ömrüm ýat edermi bahary?
Ýadadym tümlükden küýsäp säheri,
Sen täleýmiñ bagtdan gurlan shäheri
Derdime señ dermandygña düshündim.
Söýgimizi dowam etjek dowamat,
Senem sag gez! Ýasha gurgun-salamat!
Meger, shu söz aýralyga alamat...
Hakdan bolan permandygna düshündim
26
95
sabyrly
24.01.2024 10:32
Sarysyndan ýoldum,gögünden ýoldum, Gyzylyndan ýoldum,agyndan ýoldum.
Güller bir-birinden,ajaýyp eje!
Dogurjamy diýsem baryndan ýoldum.
Mollum rugsat etdi,ýolaýyň diýdi,
Halanja gülňizi alaýyň diýdi.
Ejeňize gowşuryň bu gülleri,
Ýetmesede ýene, geläýiň diýdi.
Baýram,Meret,Çary öýlerne gitdi,
Gujagyn doldurup bir desse gülden.
Eje ynha menem,mekdepden çykyp,
Şol bir gujak gülli,ýanyňa geldim.
Seretsene eje, gülere seret!
Seniň halaýanyň,terje bägüller.
Goşgy hem öwrendim,onam aýdaýyn,
Şahyrçylyk eden bolýan,kä günler.
Janym ejem,gutly bolsun baýramyň,
Minnetdarlyk úçin,galma azara
diýdidi-de oglanjyk,gül goýup gitdi,
Gözýaşyn damdyryp,köne mazara.
22
46