sabyrly
26.01.2024 16:07
Bir Garlawaç, aşyk bolup Adama,
Düşenmişin hak söýgüniň oduna.
Ynsany, kalbyna has ýakyn saýyp,
Derdini saýraplar gezipdir ýaýyp.

Ahyry, bar güýjün jepläp özünde,
Günleriň birinde paslyň ýazynda.
Penjiräni kakýar çekip zaryny,
Aýtmakçydy, ýürekdäki baryny.

Adam, üns bermän gezýär bu hala,
Garlawaç daşarda edipdur nala.
Ýüregine düşdi Adamyň bu hal,
Belki, gyzyklanan bolmagy ahmal.

Penjiräni açdy uçmady guşda,
Seretýärdi gözgynly bir bakyşda.
Ahyry bolmady dillendi durman,
Hak aşyga Hakdan bolarmyş perman.

Men saňa ýürekden aşykmen Adam,
Gije-gündiz çekdim ahy perýadyň.
Ol neneňsi bolar men Adam sen guş,
Beýle söýgi nirde, görlip bilinmiş!

Ýersiz ýere söýgä bir sebäp tapdy,
Adam gahar etdi aýnany ýapdy.
Günler geçdi ýene penjire tyrk-tyrk,
Garlawaç! bu ýerde sen maňa artyk!

Dost bolup galsagam garşylygym ýok!
Adam ýene diýdi ol hem bolonok!
Senem öz öýüňde ýaşaýaň ýeke,
Gezme ýalňyzlygyň derdini çeke.

Derdimiz, gussamyz paýlaşarys biz,
Giň howla arkaýyn jaýlaşarys biz.
Garşy gelen barmy yşgyň emrine,
Gel, bile ýaşaly galan ömrüme.

Seňem hossaryň ýok, ýalňyz bir başyň,
Adam gaharlandy sözlerne guşuň.
Nirä gitseň gitde penjiräm kakma,
Gözüme görünme janymy ýakma!

Diýdi-de, ol guşy ýanyndan kowdy,
Garlawajam, ondan ýüzüni sowdy.
Ýaz geçdi ýene-de, gara gyş geldi,
Gyş sowulyp ýene saýrak guş geldi.

Gelmedi, Garlawaç yza dolanyp ,
Adam gaýga batdy, kän-kän oýlanyp.
Garlawajyň, gelerne kän garaşdy,
Gözläp tapaý diýse aralar daşdy.

Ökündi özüniň eden işine,
Bu hal, kän agyry saldy başyna.
Menem ýeke ýoldaşym ýok, zadym ýok,
Derdinere, sözleşere adam ýok.

Aýyp etdim öýtýän ol Garlawaja,
Şonuň pikrin edip gündizdir gije.
Ýola düşdi munyň çäresin gözläp,
Bir Dana, adama berdi ol sözläp.

Dana, jogap berdi güldi-de muňa,
Göýberen säwligiň aýdaýyn saňa.
Garlawajyň ömri bolýar, alty aý,
Olam bir Taňrydan berilen serpaý.

Gapyňy kakypdyr, açmansyň senem,
Duşuşmagam nesip etmändir, ýene.
Öňümizden çykýar kän ýagşy ynsan,
Gadyrlap bilmezden göýberýäs nogsan.

Bize hemdem boljak ýakyn dostlar kän,
Emma, biz elinden tutmaýas mäkäm.
Pursatlar berilýär ýekeje gezek,
Şondan peýdalanyp başarmak gerek.

Hekaýam soňlandy özüň pikir et,
Eliňdäki bar zatlarňa şükür et.
Belki, seň üçinem bolmazla ertir,
Ýollar, seni ýoluň soňuna getir.

Bagt, geleninde ýüzümiz sowdyk,
Näçe Garlawajy gapydan kowduk!

© Süleýman TEKÄÝEW
35
119
sabyrly
26 Yanwar 2024
Bu ýerde aýdyljak bolýan zat bize söýgi mähir şatlyk getirip biljek ynsanlar durmuşymyza girmegi mümkin şonuñ bilen bir ömür bagta gowşup bileris şony saýlanyñda ýalñyşmaly däl, ýenede şonuñ ýaly her bir işimizi goldap kömek etjeklerem duşmagy mümkin şolaryda eliñ tersi bilen itmeli däl.
tmyigit76
26 Yanwar 2024
Goşgy gaty gowy bolupdyr. Üstünlik 👍🏻
sazsoft
26 Yanwar 2024
@garlawac_, 6 aý däl, 3-4 ýyl ömri bar garlawaçlaryň.
sazsoft
26 Yanwar 2024
Şonuň üçin Garlawaçlary kowmaly däl hijem. Olar üçin kalbyň gapylaryny giňden açmaly. Diňe şeýdeniňden soň oňa öýüň gapysyny açýaň. 😊 Garlawaçlary hiç wagt kowup görmedik. Öň öýmüzde öýi bardy. Indem kowmarys hiç 😌
sazsoft
26 Yanwar 2024
💜
manolya
26 Yanwar 2024
@sabyrly, düşnükli ,gaty gowy bolupdyr many taýadan ,üstünlik !
sabyrly
26 Yanwar 2024
@mawy, mümkin men türkçe okmadym men türkmençe okadym dünýä edebiýaty jurnalynda türk ýazyjy dälde anyk ýadymda däl turk däldigi ýadymda gabat geldim gyzykly görüp goşga geçiräýdim
manolya
26 Yanwar 2024
Türkce okapdym , şu hekaýa meňzeş adam ýöne dana adamadan soraman guşlardan soraýar garlawajy ))
guwanch00
26 Yanwar 2024
Manyly goşgy eken.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.