sabyrly
28.01.2024 12:58
Bilemok, duýýarmy, ýokmy ogullar,
Ýöne welin çaý başynda käteler
Bizden, sizden, gözden-dilden gizligin
Assyrynja derdinişýär kakalar.

Olar derdinişýär ogullar hakda,
"Galarmyka?" diýip bigeleňligi.
Kimi üýşendirýär oglunyň agşam
Bir ýerik ir gidip, giç gelenligi.

Olar derdinişýär ogullar hakda,
Derdinmek däl, oda düşýär käbiri.
"Çüýşesine alaç edip bilemok",
"Wah, okuwdan kowupdyrlar Kadyry".

Birmahallar ogul bolmak kyn eken,
Ýyllar geçip, üýtgäp barýar kadalar.
Indi kaka bolmak kynlaşyp barýar,
Gaýrat ediň, gaýrat ediň, kakalar!
29
26
guwanch00
28 Yanwar 2024
Kerim Gurbannepesowyñ goşgusymy. ❤❤❤✔👏
garik
28 Yanwar 2024
👍
sabyrly
28 Yanwar 2024
Awtor bilemok?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.