Seniň bilen bir göwüsden emendir,
Hem ýatandyr bir garynda seň bilen.
Naçar uýaňdyr ol dertli günüňde
Deň aglaşan, bigam çagyň deň gülen.
Günler şatlygyny paýlaşyp dursa,
Hesretem gaşyňda eglenmez, geçer.
Öýüň öresi däl, myhman ol diňe
Kejebeli günüň gelerine çen.
Öwezini başga hiç zat dolmajak
Bilniksiz boşlugy galdyryp sende,
Göçer gider naçar dogan ýat ýere
Juwanlygyň serhedini geçende.
Duzy-nesibesi, ykbaly dartyp,
Ol özge ojaga höwrüger gider.
Parhly bolsaň agyr, parhsyz üçinem
Adaty ýagdaýa öwrüler gider.
Bolmaly zat bolsa ýagşy aslynda
Erikler wagtynda güllese gowy.
Ýöne ýürek aýralygyň yzasyn
Duýsa oňatmy ýa bilmese gowy?
Awtor bilemok