sabyrly
24.01.2024 20:52
.. Habar geldi  basym toýuñ tutuljak,
Shonda umyt galmandygna düshündim.
Söýgä kepen saña kürte atyljak,
Maña bagtyñ gülmändigne düshündim.

Çyg ýaýrady gamdan dolan gözüme,
Nälet etdim, soñam aldym yzyna,
(Wah, dözemok! Sen arzylan gyzyma!)
Täleýmiñ oñ bolmandygna düshündim.

Ýatdym. Turdum. Ýazdym. Ýandym ot bolup,
Sözler dile geldi perýat dat bolup,
Senli bagtdan galyberdim ät bolup,
Munuñ baky armandygna düshündim.

Kalpda söýgim. Ýogsa, gahar dilimde, Sandyraýar ýüregimde, elim-de!
Ine-de, toý çakylygyñ elimde...
Ah, zarymyñ barmandygna düshündim.

Agdar düñder boldy sho wagt giñ dünýäm,
Durmushym buz.Ýöne ýüregim ýanýar.
Dashdan diýdim:'' Nädip söýgiñi gömýäñ??! ''
Sözümiñ ýer almandygna düshündim.

Indi ömrüm ýat edermi bahary?
Ýadadym tümlükden küýsäp säheri,
Sen täleýmiñ bagtdan gurlan shäheri
Derdime señ dermandygña düshündim.

Söýgimizi dowam etjek dowamat,
Senem sag gez! Ýasha gurgun-salamat!
Meger, shu söz aýralyga alamat...
Hakdan bolan permandygna düshündim
26
95
okan
25 Yanwar 2024
Gowy goşgy 👏👏👏
manolya
24 Yanwar 2024
@sabyrly, howa sizem sag aman geziň, sag boluň !
sabyrly
24 Yanwar 2024
@mawy, hawwa kän gyzyklanyp okasañ kän zat bar Hazynada bolýar saglygyñ menä gaýtdym saglygyñ sag aman gez
manolya
24 Yanwar 2024
@sabyrly, hmm düşnükli ýaş şahyrlar bar eken şonda siziňem adyňyza gabat gelipdim )
sabyrly
24 Yanwar 2024
@mawy, sagja bol minnetdar özüm goýmandym birine goýdurypdym olam dyngy belgilerni kän ýalñyşlyk göýberipdir goýanda soñ nädio düzetmelisinem bilmedim galdy şo durşuna
manolya
24 Yanwar 2024
@sabyrly, hm bilmedimdä,goşgularyňyz hazyna progdada bar eken 👍 ūstünlik !
sabyrly
24 Yanwar 2024
@mawy, düzgunnama laýyk gelmän meni bilýäñä üýtgeşik zat goýmadym gyzyklyja 2 sany hekaýa bardy bolany
manolya
24 Yanwar 2024
@sabyrly, düşnükli düzgünnama laýyk gelen däldir ,gelmese aýyrýalar.
sabyrly
24 Yanwar 2024
@mawy, Hawwa şu gun goýdum like hem goýdular 6 sany birazrak durdy soñ girip görsem ýok
manolya
24 Yanwar 2024
@sabyrly, şu günmi ?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.