qwerty
02.10.2022 14:54
Biz birek-biregimiziň barmagymyza nika ýüzügini geýdiren wagtymyz, perişdeler biziň boýnumyza durmuş halkasyny geýdiripdirler. Bile çekseň bu halkanyň agramy ýok.
* * *
Sygyr sygyrlygyny etmese öňüne ot dökeni däl­de, süýdüne suw goşany süserdi.
* * *
Dyrnagyňy ösdürip, eliňi uzaldyp bolanok.
* * *
Kyrkaýagyň şikes ýeten ýekeje aýagy ony agsadyp bildi.
* * *
Ol adamlaryň gaýmaga işdäli topulyşlaryny görenden soň, «Dostuny gaýmak, özüni süýt» hasaplap başlady.
* * *
Şiriň galyndysyndan doýan şagalyň, gurduň üstüne arlap duranyny gördüm.
* * *
Adam terezini döretmek üçin näçe kelle döwüp, niçe zehinini ýakandyr. Et satýan ýigit welin kellesine agram salman, terezini jübüsine agram salar ýaly edip üýtgetdi.
* * *
Ylymda diňe öz-özüňi aldap bolýar.
* * *
Ýüz dürli owazly bilbiliň ýanynda diňe gagyldap bilýän gargany öwdüler «bir sözli» diýip.
* * *
Aýynyň semizligine gülen şagal ogurlyk et bilen semräp bolmaýandygyna düşünýän däldir-dä.
* * *
9
93
qwerty
01.10.2022 16:52
Gabanmaklyk-bu gowy görmekmi?
Gowy görýän, halaýan, söýýän adamlaryñy ýada zatlaryñy hökman gabanmalymy? Eger gabanmasañ gowy gördügiñ söýdigiñ bolanokmy?
Hemme adamda gabanjañlyk duýgy hökmany bar bolýamy ýada bolmanam bilýämi?

Her kim öz pikirini teswirde paýlaşmagyny haýyş edýän.
9
422
qwerty
30.09.2022 23:34
Daşynda tor gurulýan siňek: «Düşdüş daşymdan pyrlanýar» diýip, monça bolup otyr.
* * *
Ak kebelegiň ganatlaryndaky gara tegmili görüp, siňek: «Wah, görgüli, garaljak bolup garalybam bilmändir-dä» diýip wyzzyldapdyr.
* * *
Malam-a eýesine çekýändir welin, malyna çekýän adamlar-da bar.
* *
Gaty peslän bürgüde garga­da haýbat atar eken.
* * *
Eşege düýe ýüküni urup, «Hany, indem bir eşekligiňi et-dä, göreli» diýip güldüler.
* * *
Bilýäniň köpeldigiçe takadyň azalýar.
* * *
Bilbil bilen bir bagda ýaşaýan garga özüne atylan kesegi bilbili kowmak üçin atylandyr öýtdi.
* * *
Eşege ýüklenip getirilen ýorunjany sygra döküp, eşege ýandak atýas.
* * *
Ömründe bir gezek şiriň ornunda bolup gören tilkiniň gaýdyp tilki bolasy gelmez
* * *
Öz artykmaçlygyňy äşgär etmek üçin köp zat geregem däldir welin, ony gizlemek üçin är gaýraty gerek.
7
70
qwerty
29.09.2022 18:43
Özi açka çöregini derýa oklan kişi ne Halykdan, ne balykdan tamakin. Özünden artanyny balyga oklan adam bolsa, «Köp garaşmaly bormykan-aý!?» diýip, içini hümledip ýör.
* * *
Men garynjany basmaga dözemok, ýöne basan däldirin diýip arkaýyn aýdybam biljek däl.
* * *
Eşegiň eýesini diňe doklugy üçin däl, käte açlygy üçinem depýändigini­de unutma.
* * *
Garrap awdan galan bürgüt gaýadan özüni oklady, aşakdan oňa tomaşa edip duran garry garganyň gorkusyna takga jany çykdy.
* * *
Gawunyň gowusyny iýmedik şagala samsykdyram öýtmäň. Ol gapanyň nirede guruljagyna düşünen bolaýmasyn.
* * *
Süýdüň gaýmagyny dadan pişik, sygryň ot bilen oňňut edýändigine ynanmady.
* * *
Meslige çydap bilýän gara goýun, ilki geçiniň gülküsine çydamagy öwrenenmiş.
* * *
Arpadan doýan eşegiň kişňäsi gelip dur.
* * *
Haýwanyň gözlerem söýgi bilen ýigrenji gizläp bilenok.
* * *
8
141
qwerty
24.09.2022 18:11
Arnold Şwarseneggeriň aýdanlaryndan…

Men B plany ýigrenýärin. Sebäbi biz köp babatda ynamsyz hereket edýäris. Adamlaryň bize «Seň o diýýän zadyň mümkin däl, sen ony başarmarsyň» diýmekleriniň netijesinde, biz ruhdan düşýäris. Şeýdip, özümizi başarmajakdygymyza ynandyrýarys. «Sen başarmarsyň» diýilmegi şol işi siziň düýbünden başarmajakdygyňyzy aňlatmaýar. Töweregiňizdäki ruhdan düşüriji adamlara-da şony düşündürmegi başarmaly. Emma siz özüňizden şübhelenseňiz, bu örän howply ýagdaý. Sebäbi siz: «A plan başa barmasa, B plan boýunça hereket ederin» diýen pikirde bolýarsyňyz. Şeýlelik bilen, B plana has köp üns berilýär-de, A plan üçin ýeterlik zähmet çekilmeýär. Şuny berk bellemeli: Biz haçanda arkamyzy diremäge ýerimiz bolmasa, gowy işleýäris. A plany taşlap B plana geçişimiz ýaly, «Ýykylsam, arkamy diremäge ýerim bar, maňa şol hökman kömek eder» diýýärsiňiz. Bu gowy pikir däl. Adam daýanara zady bolmadyk ýagdaýynda, has gowy işleýär. Bu islendik babatda şeýle. Şonuň üçinem mende hiç haçan B plan bolmady.
Men sport ýaryşlaryna, Amerikada ýaşamaklyga, aktýorçylyk hünärine özümi bütinleý bagyş etdim. Men ýene-de nähili kynçylyk bolsa-da ýeňip geçerin. Işlärin, tä maksadyma ýetýänçäm gaýta-gaýta synanyşaryn.
Edil şu aýdanlarym syýasat we beýlekiler babatda-da şeýle. Meniň pikirimçe, B planyň bolmagy örän howply ýagdaý. Sebäbi şonda sen özüňi başarmaklyga bolan ukybyňdan daşlaşdyrýarsyň.
Adamlaryň B plan taýýarlamaklarynyň esasy sebäbi hem olaryň şowsuzlykdan gorkmaklary bolsa gerek. «Birden işim başa barman, hiç zatsyz galaýsam?!» Size maslahatym: Şowsuzlykdan gorkmaň! Şowsuzlygyň hiç hili aýby ýok. Ýokarky basgançaklara çykmak üçin, hökman kynçylyk çekmeli.
Maýkl Jordan bilen bolan söhbetdeşlikleriň birinde oňa: «Siz gürrüňsiz taryhdaky iň gowy basketbolçy. Bize özüňiz barada aýdyp beräýseňiz» diýipdirler. Maýkl Jordan sözüni şeýle dowam edipdir: «Siz diňe ýeňiş hakda gürrüň edýärsiňiz. Men şu derejä ýetýänçäm, NBA-de 9000 urgyny zaýaladym». Şeýle derejä ýetýänçä, gatnaşan duşuşyklarynda 9000 urgyny zaýalamagy onuň nalajedeýinligini aňladýarmy?! Elbetde, ýok. Biziň ählimize-de şowsuzlyk ýaran bolup biler. Bu bir bolaýmaly zat. Bolmaýan zat – ýykylanyňdan soň ýeriňden galmazlyk. Ýeňlen kişi ýykylanyndan soň ýerinden galmaýan kişidir.
Meniň «bodibildiň» ýaryşlarym şowsuz boldy. «Pauerliftiň» ýaryşlarynda – ýeňildim. Agyrlyk galdyrmak ýaryşlarynda – ýeňildim. Şol durşuna zible taşlanan filmlerim boldy. Olar şeýle bir bolgusyzdy welin, örän ýiti tankyda sezewar edilipdi. Syýasat babatda aýtsam, birnäçe gizlin saýlawlara gatnaşdyk, ýöne şowsuz tamamlandy. Kaliforniýada maňa berlen sesler 28%-e düşdi. Muňa garamazdan, soň ýene beýgeldi we men gubernator boldum.
Adamlar! Biziň hemmämizem şowsuzlyga uçrap bileris. Başaryp bilmedik gezeklerimiz bolup biler. Bu bir adaty zat. Size soňky aýtjak zadym: Şowsuzlykdan gorkmaň! Eger şowsuzlykdan gorksaňyz, has-da ruhdan düşersiňiz, özüňizi ýitirersiňiz, birahat bolup ýaşarsyňyz. Her näme iş edýänem bolsaňyz, iň gowusy bolmak üçin, boks ýa-da başga bir iş, ýa bolmasa, pikirlenmek meselesinde, tapawudy ýok, arkaýyn we aladasyz bolmaly. Diňe rahat bolmak gerek. Ýalňyşmak bir adaty zat. Eliňdäki hemme zadyňy we güýjüňi gaýgyrman zähmet çekmeli. Siziň etmeli zadyňyz, ana, şol. Hiç haçan şowsuzlykdan gorkmaň!

Taýýarlan Aşyr SAPAROW.
13
195
qwerty
23.09.2022 00:08
Çaý demlejek bolup çäýnek döwdüm, güldüň. Elimiň bişenini görüp: «Özüm demläýmeli ekenim» diýip gyýyldyň.
* * *
Hezilden-çyndan çal sepen saçymy görkezip, «Sen agartdyň» diýerdim. Bu gün seniň saçyňda ak görüp aljyradym.
* * *
Sen gabanmaňy goýduň welin, özümden göwnüm geçip başlady.
* * *
Kiçijik külbämizde beýik buýsanç ýaşaýar, sebäbi mundan sen girip çykýaň.
* * *
Talyp döwrümiz soňkuja bir manadymyza çörek almaga gidip, kitap getirdim. Sen gaty mylaýym ýylgyrdyň şonda. Seniň şol ýylgyryşyň meni kitaplar dünýä­ sine iterip goýberäýdi öýdýän.
8
157
qwerty
22.09.2022 15:08
Biri: «Onuň gür saçy bar» diýdi, göribiň biri bolsa: «Saçy gür däl, kellesi kiçi» diýip güldi.
* * *
Ýaglanan gapy sessiz açyldy, ýaglanan agyz sessiz ýapyldy
* * *
Ol dişlerini aýamady. Agzy boşady. Diş lukmany eslije pula onuň agzyny ýasama dişden doldurdy. Indi dişlerini gaty aýawly saklaýar. Sebäbi bu dişler üçin pul töledi ol.
* * *
Ylma ikiýüzlülik etjek bolýanlar ylmyň bir ýüzüniň barlygyny unudýarlar.
* * *
Suwuň astyna ot ýakdylar — gaýnady. Oduň astyna suw guýdular — söndi.
* * *
Şiriň agyr ýatanyny eşiden tilki gurduň saglygyny soramaga howlukdy.
* * *
Edenli garynja hakykaty has tekrarlamak üçin öküziň şahyna münüp gürledi. Ýöne ýerdäki garynjylara sesini ýetirip bilmedi.
* * *
Çeňňekli balykça sabyr gerekdir, ýöne çeňňegiň ujundaky lukma gözi düşen balyga has uly sabyr derkar.
9
165
qwerty
21.09.2022 20:17
Agajyň saralan ýapraklary ýere dökülip başlady. Töweregi süpürýän daýza agajy silterläp, taýaklap, ýapraklaryň baryndan bir günde dynmagyň ugruna çykdy. Ýapraklar öz erkine gaýyp gaçyp,
ýene ýere ýaplanyp birsellem ýatmak bagtyndan mahrum boldular. Olar armanly döküldiler.
10
302
qwerty
19.09.2022 22:35
Eger dünýä täzeden inmeli bolsañyz: 1) şu wagtky jynsyýetiñizi saýlardyñyzmy?

2) haýsy ýurtda dogulmak islärdiñiz?

3) saýlamak mümkinçiligiñiz bar haýsy kär saýlardyñyz?

9
378
qwerty
18.09.2022 11:28
Kitap okaýan ynsanlary söýüñ !
Bir gün roman okar, durmuşlary tanar...
Hakyñ kitabyny okar, Haky tanar...
Gün geler ýüregiñi okar, seni tanar...!
13
303