Biz birek-biregimiziň barmagymyza nika ýüzügini geýdiren wagtymyz, perişdeler biziň boýnumyza durmuş halkasyny geýdiripdirler. Bile çekseň bu halkanyň agramy ýok.
* * *
Sygyr sygyrlygyny etmese öňüne ot dökeni dälde, süýdüne suw goşany süserdi.
* * *
Dyrnagyňy ösdürip, eliňi uzaldyp bolanok.
* * *
Kyrkaýagyň şikes ýeten ýekeje aýagy ony agsadyp bildi.
* * *
Ol adamlaryň gaýmaga işdäli topulyşlaryny görenden soň, «Dostuny gaýmak, özüni süýt» hasaplap başlady.
* * *
Şiriň galyndysyndan doýan şagalyň, gurduň üstüne arlap duranyny gördüm.
* * *
Adam terezini döretmek üçin näçe kelle döwüp, niçe zehinini ýakandyr. Et satýan ýigit welin kellesine agram salman, terezini jübüsine agram salar ýaly edip üýtgetdi.
* * *
Ylymda diňe öz-özüňi aldap bolýar.
* * *
Ýüz dürli owazly bilbiliň ýanynda diňe gagyldap bilýän gargany öwdüler «bir sözli» diýip.
* * *
Aýynyň semizligine gülen şagal ogurlyk et bilen semräp bolmaýandygyna düşünýän däldir-dä.
* * *