Biri: «Onuň gür saçy bar» diýdi, göribiň biri bolsa: «Saçy gür däl, kellesi kiçi» diýip güldi.
* * *
Ýaglanan gapy sessiz açyldy, ýaglanan agyz sessiz ýapyldy
* * *
Ol dişlerini aýamady. Agzy boşady. Diş lukmany eslije pula onuň agzyny ýasama dişden doldurdy. Indi dişlerini gaty aýawly saklaýar. Sebäbi bu dişler üçin pul töledi ol.
* * *
Ylma ikiýüzlülik etjek bolýanlar ylmyň bir ýüzüniň barlygyny unudýarlar.
* * *
Suwuň astyna ot ýakdylar — gaýnady. Oduň astyna suw guýdular — söndi.
* * *
Şiriň agyr ýatanyny eşiden tilki gurduň saglygyny soramaga howlukdy.
* * *
Edenli garynja hakykaty has tekrarlamak üçin öküziň şahyna münüp gürledi. Ýöne ýerdäki garynjylara sesini ýetirip bilmedi.
* * *
Çeňňekli balykça sabyr gerekdir, ýöne çeňňegiň ujundaky lukma gözi düşen balyga has uly sabyr derkar.