Özi açka çöregini derýa oklan kişi ne Halykdan, ne balykdan tamakin. Özünden artanyny balyga oklan adam bolsa, «Köp garaşmaly bormykan-aý!?» diýip, içini hümledip ýör.
* * *
Men garynjany basmaga dözemok, ýöne basan däldirin diýip arkaýyn aýdybam biljek däl.
* * *
Eşegiň eýesini diňe doklugy üçin däl, käte açlygy üçinem depýändiginide unutma.
* * *
Garrap awdan galan bürgüt gaýadan özüni oklady, aşakdan oňa tomaşa edip duran garry garganyň gorkusyna takga jany çykdy.
* * *
Gawunyň gowusyny iýmedik şagala samsykdyram öýtmäň. Ol gapanyň nirede guruljagyna düşünen bolaýmasyn.
* * *
Süýdüň gaýmagyny dadan pişik, sygryň ot bilen oňňut edýändigine ynanmady.
* * *
Meslige çydap bilýän gara goýun, ilki geçiniň gülküsine çydamagy öwrenenmiş.
* * *
Arpadan doýan eşegiň kişňäsi gelip dur.
* * *
Haýwanyň gözlerem söýgi bilen ýigrenji gizläp bilenok.
* * *