qwerty
23.09.2022 00:08
Çaý demlejek bolup çäýnek döwdüm, güldüň. Elimiň bişenini görüp: «Özüm demläýmeli ekenim» diýip gyýyldyň.
* * *
Hezilden-çyndan çal sepen saçymy görkezip, «Sen agartdyň» diýerdim. Bu gün seniň saçyňda ak görüp aljyradym.
* * *
Sen gabanmaňy goýduň welin, özümden göwnüm geçip başlady.
* * *
Kiçijik külbämizde beýik buýsanç ýaşaýar, sebäbi mundan sen girip çykýaň.
* * *
Talyp döwrümiz soňkuja bir manadymyza çörek almaga gidip, kitap getirdim. Sen gaty mylaýym ýylgyrdyň şonda. Seniň şol ýylgyryşyň meni kitaplar dünýä­ sine iterip goýberäýdi öýdýän.
8
157
qwerty
23 Sentýabr 2022
ideallider, özûñi bilýän adam kämildir. Men bolsa kämiliñ k harpynam oñaramok
Myrataly
23 Sentýabr 2022
Zoluşka,Gabanmak gowy zada
qwerty
23 Sentýabr 2022
Zoluşka, jany gowy ýanan bolmalyda pahyryñ
ideallider
23 Sentýabr 2022
Özüňi bilmeýäň👍
zolushka
23 Sentýabr 2022
Gabanjaňlyk söýülýäne gülkünçdir , söýýäne elhençdir..... diýip bir göwnüne alan bende ugradypdy🤦🤦
qwerty
23 Sentýabr 2022
gulshatayewa97, hawa şeýdip atçot sorap başlasalar gaharym gelýä. Şo syry köp adam aýtýa men entäk söýüp ýetişmedik bolaýmasam😁
gulshatayewa97
23 Sentýabr 2022
shamko,şonda-da hiçkimi söýemok 😁 meni soýýänlerden owrendim bu zatlary...

qwerty,joram ikimiz meňzeşräk gelýäs öýdýän menem şonýaly halys erkinlige öwrenipdirin, oglanlarada çala ýüz berseň atçot sorap başlaýalar gaharym gelýä meňem. (Ýöne bir syr 🤫 eger senem ony söýseň atçot soramagynam, gabanmagynam isleýän ekeniň) 😁
qwerty
23 Sentýabr 2022
gena_02, biraz gynandyryjy
Myrataly
23 Sentýabr 2022
qwerty, Bolya
gena_02
23 Sentýabr 2022
(2 manyly we gorkuly )👍🔥
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.