perizadym
07.11.2022 01:48
Internetiň atasy: Vint Cerf ve Bob Kahn
Vint Cerf ve Bob Kahn, TCP/IP aragatnaşyk protokollary toparyny emele getirdi. TCP/IP aragatnaşyk protokollary, bir torda biri-biri bilen geplemek üçin kompýuterleriň ulanan bir dilidir. Vint Cerf, internetiň ýerleşmesiniň diňe bir aýna we spam’yň tölegsiz bir gullugyň ýan täsırı bolýandygyny aýtdy.

WWW’ny oýlap tapan: Tim Berners-Lee
Tim Berners-Lee, WWW (World Wide Web) döretdi. Ilkinji web müşderisini we serwerini ýazdy. Tim Berners-Lee, özboluşly online maglumat bölekleri arasynda baglanyşyklar getirmegiň ýoluny tapdy.

E-mail-yň atasy: Ray Tomlinson
Programmist Ray Tomlinson, özboluşly ýerlerdäki maşynlar arasynda habar alyşmagyny beýan etdi. Tomlinson, e-mail salgylary üçin “@” simwolyny ilkinji gezek ulanan kişidir. Bu gün dünýäde bir milýartdan köp adam her gün “@” simwolyny ulanýar.

E-kitaplaryň döreýşi: Michael Hart
Michael Hart, elektron kitaplaryň döredijisidir. Hart’yň Gutenberg taslamasy, okamak şekilimizi üýtgeden dünýäniň ilkinji elektron kitaphanasy kabul edildi.

Ilkinji Spam E-mail: Gary Thuerk
Spam, köne bir satyş emelidir. Satuw bölüminde işleýän Gary Thuerk, Digital-yň T-series VAX ulgamlary üçin Arpanet üsti bilen müşderilere bir e-mail spamy iberdi. Thuerk-iň o wagt gözüne ilmeýän zat, dünýäniň ilkinji spamyny iberýänligidi.

Ilk Ýüz beýany: Scott Fahlman
Scott Fahlman, 19 Sentýabr 1982 ýylynda Carnegie Mellon Uniwersitetiniň habarlarynda ilkinji ýüz beýanyny ulanan kişidir. Fahlman, ilkinji gezek 🙂 we 🙁 alamatlaryny ulandy. Indi her kim bu alamatlary, habarlaşmak programmalarynda, ulanýarlar.

Ilkinji internet Browser: Marc Andreessen
Marc Andreessen, has soňra Netscape Navigator bolup söwdalaşdyran Mosaic atly ilkinji internet browserini oýlap tapdy. Mosaic-yň ösdürme prosesi takmynan 4 ýyl sürendir.

IRC’yň döredijisi: Jarkko Oikarinen
Jarkko Oikarinen, IRC (Internet Relay Chat) atly ilkinji tüýs wagtynda online söhbet guralyny döretdi. IRC-yň abraýy 1991-nji ýylda başlady. Yrak Kuwaity basyp alan wagtynda radio we TV signallary öçürilende IRC arkaly maglumat berdiler.

Ilkinji Gurçuk wirusyny oýlap tapan: Robert Tappan Morris
Bir gurçuk wirus düşünjesi, umumy hakerçilik bilen deňeşdirilende tapawutsyzdyr. Robert Tappan Morris, ilkinji gurçuk (Worm) wirusyny döretdi. Hakerler özleri bir tora girmegiň ýerine, bu işi etmegi üçin döreden bir kiçi programma ibererler. Internet üsti bilen iberilen ilkinji Worm wirusy 1980-nji ýyllaryň soňlarynda ýaýradylanda ýalňyşlyk bilen müňlerçe dollarlyk zyýana sebäp bolandyr.

Geocities esaslandyryjysy: David Bohnett
David Bohnett, 1994 ýylda John Rezner bilen bilelikde Geocitiesi gurdy. Geocities, internetdäki iň uly döreýşlerden biri halynda geldi. Bohnett, internet ulanyjylaryň tölegsiz görnüşde web saýtlara eýe bolup biljegi bir gullugyň ýolbaşçylygyny etdi. Geocities şereketi, 27 Oktýabr 2009-njy ýylda ýapyldy.

Ilkinji Viki esaslandyryjysy: Ward Cunningham
Ward Cunningham, 25 Mart 1995-nji ýylda İlkinji viki programmasy bolan WikiWikiWebi gurdy. Amerikaly programmist Cunningham, WikiWikiWebi adamlaryň bilelikde işlemegine, online sahypalary döretmegine we düzeltmegine rugsat beren bir akym bolup ösdürdi.

Hotmail-yň esaslandyryjysy: Sabeer Bhatia
Sabeer Bhatia, Hotmaili gurdy. Hotmail markasy, HTML-e tanalan harplar goşulyp döredildi. Bhatia, Hotmaili 400 milýon dollara Microsofta satdy. 1998-nji ýylda Draper Fisher Jurvertson tarapynda “Ýylyň Telekeçisi” baýragyna eýe boldy.

Google-yň esaslandyryjylary: Larry Page we Sergey Brin
Larry Page we Sergey Brin, internetde gözleg etme we ulanmak görnüşimizi üýtgetdi. Google, döredilen güninden bäri her ýyl tizlik bilen özgerdi. Page we Brin, öz tejribeleri bilen başlady emma Google çalt bir görnüşde çeşmeleri aşdy. Has soňra Stanford arkaly ýörite maýa goýumlar aldylar.

Microsoftyň esaslandyryjysy: Bill Gates
Bill Gates, uniwersitet bilimini ýarymda taşlap “Micro-Softy” gurdy. Has soňra Gates, DOS (Disk Operating System) üçin täze bir GUI (Graphical User Interface) döretdi. Gates, bu täze stile Windows adyny berdi. Häzirki wagtda kompýuter ulanyjylarynyň köpüsi Windows sistemany ulanýandyr.

Apple esaslandyryjy: Steve Jobs
Steve Jobs, şahsy kompýuterler hakynda özboluşly pikiri, ony kompýuter ulgamy senagatynda rewolýusiýa döretdi. Apple esaslandyryjy Steve Jobs, işlemek, oýun oýnamak we habarlaşmak görnüşini üýtgetdi. Sada we saýhally web dizaýnyny has owadan hala getirdi.

Yahoonyň esaslandyryjylary: David Filo we Jerry Yang
Yahoo, adamlaryň biri-birileri bilen aragatnaşyk gurmak, maglumatlara gowuşmak we bir zatlar satyn almak görnüşini üýtgeden marka halyna geldi. Yahoo, häzirki wagtda bolsa öňki meşhurlygyny ýitirdi.

Napster esaslandyryjy: Shawn Fanning
Shawn Fanning, aýdymlaryň paýlaşylmagyny ýerine ýetirýän faýl paýlaşmak programmasy Napsteri döretdi. Napster, 2001-nji ýylda 25 milliondan gowrak ulanyja eýedi. Napster, has soňra özüne açylan göreşler netijesinde ýapyldy.

Paypalyň esaslandyryjysy: Peter Thiel
Peter Thiel, 31 ýaşynda online töleg sistema bolan PayPaly gurdy we dört ýyl soňra 1,5 milyart dollara eBaye satdy.

eBayyň esaslandyryjysy: Pierre Morad Omidyar
Pierre Morad Omidyar, alyjylary we satyjylary bir ýere getiren online bazar döretdi we näbelli bir ulanyjynyň ynamlylygyny bellemesine ýolbaşçylyk etdi. Häzirki wagtda eBay, internetdäki iň uly erkin satyş söwda nokadydyr.

Wikipedia esaslandyryjy: Jimmy Wales
Jimmy Wales, 2001-nji ýylda internet dünýäsiniň iň uly enlopediýa bolan Wikipediany gurdy. Wikipedia, her kim tarapyndan aňsatlyk bilen düzedip boljak makalalara eýe bolan platformadyr.
15
315
perizadym
03.11.2022 00:54
Bir gezek daýhanyň eşegi guýa gaçypdyr. Eşek aňňyryp, hynçgyryp, ala-goh turuzyp, kömege çagyrypdyr. Daýhan ylgap gelipdir-de, elini maňlaýyna urupdyr: «Be-e, muny nädip çykaryp bolarka?» Şonda eşegiň eýesi şeýle pikir edipdir: «Eşek garry. Indi uzak ýaşasam ýok. Men şeýle-de başga eşek edinmeli diýip ýördüm. Guýam çeşmesi kör bolan ýaly idili suw ýok. Öňdenem ony gömüp, başga ýerden täze guýy gazmagyň pikirini edip ýördüm. Munuň üçin şundan amatly wagt bolmasa gerek. Porsap ýatmaz ýaly, eşegem gömüp dynaryn».

Ol guýyny gömmek üçin goňşy-golamlary kömege çagyrypdyr. Hemme kişi ýerli-ýerden pilini dolduryp, guýa gum oklap başlapdyr. Eşek nämäň-nämedigini derrew akylyna aýlap, aňňyrmaga başlapdyr. Birdenem sesini kesipdir. Hemme kişi muňa geň galypdyr. Ýene üç-dört pil gum oklansoň, daýhan guýynyň erňegine baryp, aşak seredip görüpdir. Ol özüniň gözlerine ynanmandyr. Üstüne düşýän gumy silkip aýryp, eşek barha ýokary galyp barýarmyşyn. Basym eşek guýynyň agzyndan görnüp başlapdyr, derrewem böküp guýydan çykypdyr.

…Durmuşda siziňem üstüňize her hili hapa-hupa zatlaryň oklanmagy mümkindir. Üstüňe her gezek bir pil gum düşende, ony silkinip aýyr-da, üstüne çyk, sen diňe şeýdip guýudan çykyp bilersiň. Ýüze çykýan meseleleriň her biri — seniň çeşmeden suwa basman geçmegiň üçin niýetlenilen daşdyr. Eger säginmeseň, ruhdan düşüp, boýun sunmasaň, iň bir çuň guýudan hem çykmak mümkindir. Silkin-de, ýokary galyber. Bagtly bolmak üçin bäş sany sadaja kadany ýatda sakla:

1.Ýüregiňi ýigrençden azat et — bagyşla.
2.Ýüregiňi tolgunmalardan azat et — olaryň aglabasy amala aşýan däldir.
3.Sada durmuşy ýöret hem-de bar zadyň gadyryny bil.
4.Köp zat ber.
5.Az zada garaş
13
166
perizadym
03.11.2022 00:52
Gadym eýýamlarda bir güýçli odunçy agaç satýan kişiden özüne iş sorapdyr we ol işe alnypdyr. Onuň alan işem, şol işiň girdejisem gowy ekeni. Şonuň üçin odunçy elinden gelenini aýaman işläpdir. Hojaýyny oňa palta beripdir we işlemeli ýerini görkezipdir. Odunçy gaýrat bilen işläp birinji gün on sekiz agaç çapyp getiripdir. Hojaýyny oňa: “Berekella! Işiňi şeýdip dowam ediber!” diýipdir. Hojaýynynyň bu aýdanlaryndan ruhlanan odunçy ertesi gün has-da gaýratly işläpdir. Ýöne ol diňe on bäş agaç çapyp getiripdir we bu ýagdaýdan biraz utanypdyr. Üçülenji gün has köp çapaýyn diýip güýjünde baryny edip işläpdir. Ýöne diňe on agaç çapyp getiripdir. Şeýdip, onuň her gün çapyp getiren agaç sany has-da azalmaga başlapdyr.
“Güýjüm, kuwwatym azalanok, ýöne näme üçindir çapýan agaçlarymyň sany azalýarka?!” diýip, odunçy oýlanypdyr we hojaýynyndan gidip ötünç sorapdyr. Köp işleýändigini, ýöne çapýan agaçlarynyň sanynyň azalýandygyny, munuň sebäbini hem bilmeýändigini aýdypdyr. Hojaýyny ondan paltany soňky gezek haçan çarhlandygyny sorapdyr.
“Çarhlamakmy?! Men odun çapmak bilen şeýle bir meşgul bolupdyryn welin, paltany çarhlamak kelläme-de gelmändir” diýip, odunçy jogap beripdir.
Durmuşda hemişe şol bir işi etmek bilen meşgul bolmak ýa-da köp işlemek üstünlik üçin ýeterlik däl. Durmuşda özüňizi kämilleşdirmek we has-da kämil bolmak üçin näme etmelidigiňizi-de öwrenmek gerek! Ýagny, durmuşda öz şahsy paltaňyzy çarhlap durmalysyňyz!
13
143
perizadym
02.11.2022 20:23
Şägirt:

— Durmuşyň hemişe ajysy-da, süýjüsi-de bolýarmy?

Halypa:

— Hawa, ýöne adamlaryň käbirleri gowy bir zat tapýarlar-da, bar ünsüni şoňa jemleýärler.

— Şol gowy zady nädip tapmaly, duýmaly?

— Ol aňsat, eger sen bir zada gynanýan bolsaň, sen geçmişiň bilen ýaşaýaň, eger sen bir zady alada edýän bolsaň, onda sen geljek bilen ýaşaýaň, eger-de sen lezzeti we ýeňilligi duýýan bolsaň, diýmek sen häzirki wagtda ýaşaýaň.

Halypa onuň gözlerine seredip, sözüniň üstüni ýetiripdir:

— Häzir sen nirede?
13
155
perizadym
02.11.2022 20:20
7-nji synpy göreldeli bahalar bilen tamamlan ýetginjek munuň üçin ene-atasynyň özüni oňatja sylaglamalydygyny pikir edipdir. Şu maksat bilen kakasynyň ýanyna baryp, synpdaşlarynyň ählisinde welosipediň bardygyny, özünde bolsa ýokdugyny ýaňzydyp, ony satyn alyp bermegini talap edipdir. Kakasy: «Işle-de özüň al» diýip jogap beripdir. Beýle jogaba garaşmadyk ýetginjek näme diýjegini hem bilmän galypdyr.

Kakasy ýanlaryndaky dükandan bir bedre limon alypdyr-da, şulary satyp gazanan puluňa welosiped alyp boljakdygyny aýdypdyr. Ýetginjek bu hadysa juda gaharlanypdyr. Onda-da syr bildirmän, razy bolupdyr. Ertesi gün bazara çykyp, limonlary satmaga başlapdyr. Her gezek tanyş-bilişlerini görende utanjyndan ýüzi çym gyzyl bolupdyr. Synpdaşlary ýetginjegiň limon satýandygyny eşidip, oňa kömege gelipdirler. Her haýsy on-ondan limon satyşypdyrlar.

Birnäçe hepdeden soň, limonlaryny satyp gutaran ýetginjek toplan pullaryny getirip, kakasynyň öňünde goýupdyr-da: «Git-de maňa welosiped alyp ber» diýip, gaharly ýagdaýda çykyp gidipdir. Kakasynyň özüni beýle güne salanyna entegem düşünip bilmän, ondan öýkeli gezipdir. Kakasy oňa iň döwrebap welosipedi alyp beripdir.

Wakadan ençeme ýyl geçensoň, ol limon satyp gazananja puluna welosiped-ä beýle-de dursun, onuň pedalyny hem alyp bilmejegine göz ýetiripdir. Kakasynyň bildirmän, gazanjyň hem yhlasyň gadyryny öwretmek isländigine-de şonda düşünipdir. Gaýdybam kakasyndan pul soramandyr. Bir zat satdyrmagyndan gorkusyna däl, gazanmagyň gymmatyna göz ýetirendigi üçin.
15
140
perizadym
perizadym
01.11.2022 18:24
Elbetde, ynsan elmydama gözelligiň, täsirli açyşlaryň, gyzykly döredijiligiň gözleginde. Şeýle täsin döredijilik eserleri bilen ýer ýüzünde giňden tanalýan meşhur ynsanlar diýseň köp. Şolaryň biri-de
perizadym
30.10.2022 03:43
Her näme diýseňem, adam hil-hil bolýar: biri bar – uçmak üçin ganat edinýär, başga biri bolsa ganaty ýassyk etmek üçin ütýär.

Agzymyzyň birligini biljek bolup, obamyzyň tamdyrlaryny sanap oturmaň. Her öýe bir tamdyrdyr. Aýallarymyz onuň sebäbini tamdyr odunyň känligi bilen düşündirýärler.

Tikeniň bolany gowy, ýogsa biz gülüň gadyryny bilmezdik.

Çagalygy bilen ýaşap bilýän adam bagtlydyr.

Unutma: demir ulanylman ýatsa, poslaýar.

Kiçi zady daga çykaranyň bilen beýgelmez.

Adamlary batyr bilen gorkaga däl, aýal bilen erkege bölmek dogry bolsa gerek.

Siňek üçin ýolbarsyň ýüzem bir, sygryňkam.
10
81
perizadym
30.10.2022 03:42
Gadym zamanda bir akyldar, halatly pir bar eken. Günlerde bir gün onuň ýanyna bir adam gelip, salamlaşandan soň, şeýle diýipdir:

Tagsyr, men şu wagta çenli gaty erbet gezdim: galtamançylyk etdim, öldüren adamymyň sany kyrka ýetdi. Indi şol eden işlerime ökünip, toba edýärin. Ýöne günäm gaty agyr-da! Heý, maňa şol günälerimden ýuwulmak barmyka? Şuny sizden soraýyn diýip huzuryňyza baş egip gelşim şü.
Onuň aýdanlaryny üns bilen diňlän akyldar oňa şeýle jogap beripdir:

Sen uly ýoluň ýakasynda saýaly agaç gögeren, amatly ýer tap-da, ep-esli ýere gawun ek. Gawunly atyzyň bir çetinde-de kesewiňi ýere dürtüp goý! Eken gawunlaryň bişer weli, uly ýoldan geçen ýolagçylara gawun hödürle. Ýadap gelýän ýolagçylaryň her biri salkyn saýada oturyp şirinden-şeker gawunyňdan iýip, hezil ediner-de, saňa alkyş okar. «Köpüň dilegi köl bolar» diýipdirler, şol adamlaryň doga-dilegleri Hakyň dergähinde kabul bolar-da, sen günäleriňden saplanarsyň, enşalla!
Tagsyr, men günämden saplananymy nädip bilerkäm?
Gawunly atyzyň burçuna dürten kesewiň gögerse, günäleriň geçildigidir. Ýogsam, bolmanda, heý, kesewem gögerermi? Özüň bilýäň-ä, kesewi diýeniň ot ölçerilip, hemişe oda sokulyp ýörlensoň, onuň gögeriji öýjükleri ýanýar ahyry. Şoň üçinem kesewiň gögerdigi — Allatagalanyň görkezen gudratly nyşany bolar.
Ol adam piriň ýanyndan çykyp gidipdir-de, onuň aýdyşy ýaly edip, köp kişiniň alkyşyny alypdyr. Bir gün weli bir adam eşegini debsiläp, haýdap barýa diýýär.

Dur-how, gel, gawun iýip git! — diýlenine dagy gulagam asanokmyş.
Ýok, men gaty howlugýan — diýip, gaýta aldygyna eşegini taýaklap gyssaýar diýýär. Gawun eýesi:
Gyssansaňam gel, ynha, derrew iý-de, gidiber, eşegiňi daňýançaň men gawuny käseläp, taýýar edip goýaýyn, çaltjak iý-de, ýoluňdan galma! — diýip näçe janyksa-da, asyl, gulagam asanok diýýär.
Gawunçyňam muňa gelýär gahary.

Aý, seniňem bir!.. Kyrk bolmasa, kyrk bir ekeni-dä!.. — diýýär-de, ýaňkyň yzyndan ýetip, ony öldürýär. Soňam ähli zady taşlap, piriň ýanyna barýar-da, onuň aýagyna ýykylýar:
Aý, pirim, meňki bolmady… — diýýär hem-de bolan işleri gürrüň berýär.
Pir bolsa ylmy güýçli, halatly kişi bolansoň, oňa hemme zat aýan eken.

Hany, başyňy galdyr! Tur ýeriňden, sen ýalkandyň! Sebäbi şol öldüren adamyň bir haýyr işi, ýagny gudaçylygy bozmaga barýan eken. Bar git-de gör, kesewiň gögerendir — diýýär.
Ol adam gawun eken ýerine baryp görse, dogrudanam, ýere dürten kesewisi ýapraklap, gül-pürçük bolup otyrmyş
11
207
perizadym
perizadym
29.10.2022 17:43
Señ dünýäñ serhedi özüñ eliñde, Ony isleseñ aç, isleseñ ýapgyn. Ýöne gury gelip boş gitmez ýaly, Bir zatlar öwrenip öz ornuñ tapgyn. Gündizine gowy ýaşaýyn diýseñ, Irkilip ýatmagyn gijäñ tümüni. Seni
perizadym
perizadym
29.10.2022 17:38
Sen meni şeýlebir söýesiñ geler, Sönen duýgulamdan yşyk gözlersiñ. Umydyñy maña garşy itekläp, "Men seniñ aşygyñ" diýip sözlärsiñ. Sen meni şeýlebir söýesiñ geler, Wadaly ýermizden sorarsyñ