perizadym
01.11.2022 18:24
Elbetde, ynsan elmydama gözelligiň, täsirli açyşlaryň, gyzykly döredijiligiň gözleginde. Şeýle täsin döredijilik eserleri bilen ýer ýüzünde giňden tanalýan meşhur ynsanlar diýseň köp. Şolaryň biri-de tanymal suratkeş hem-de binagär A.Konenkodyr.

Özboluşly mikro miniatýura sungaty esasynda döreden eserleri bilen meşhurlyk gazanan tanymal suratkeş we binagär A.Konenko rus şahyry A.S. Puşkiniň goşgularyny gysga göwrümde döretdi. Bu mikro kitap 30×32 mm ululykda bolup, täsin ýeri-de bu ýygyndy 37 sany gül ýapragyndan döredilen. Ony döretmek üçin we gülleriň uzak saklanmagyny gazanmak üçin bir ýyl töweregi wagt gerek boldy. Teksti girizmek üçin ilki bilen ýazgylar gül ýapraklaryna girizilýär, soňra näzijek gül ýapraklary ýörite himiki birleşme bilen işlenilýär. Netijede döredilen miniatýura eseri uzak wagtlap saklanmaga ýaramly bolýar.
Meşhur suratkeşiň şeýle ajaýyp hem-de täsin eserleriniň 200 töweregi bolup, olaryň her biri-de örän inçelik bilen sünnälenip ýerine ýetirilipdir. Olaryň arasynda mikro akwariumy, gitara saz guralyny, dürli oýnawaçlary we ş.m görmek bolýar. Örän kiçi göwrümlidigine garamazdan diýseň inçelik bilen ýerine ýetirilen bu işler göreni haýran galdyrýar. Eýsem-de, şeýle ajaýyp eserler ýygyndysy islendik ynsany biparh goýmasa gerek?!
13
205
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.