perizadym
30.10.2022 03:42
Gadym zamanda bir akyldar, halatly pir bar eken. Günlerde bir gün onuň ýanyna bir adam gelip, salamlaşandan soň, şeýle diýipdir:

Tagsyr, men şu wagta çenli gaty erbet gezdim: galtamançylyk etdim, öldüren adamymyň sany kyrka ýetdi. Indi şol eden işlerime ökünip, toba edýärin. Ýöne günäm gaty agyr-da! Heý, maňa şol günälerimden ýuwulmak barmyka? Şuny sizden soraýyn diýip huzuryňyza baş egip gelşim şü.
Onuň aýdanlaryny üns bilen diňlän akyldar oňa şeýle jogap beripdir:

Sen uly ýoluň ýakasynda saýaly agaç gögeren, amatly ýer tap-da, ep-esli ýere gawun ek. Gawunly atyzyň bir çetinde-de kesewiňi ýere dürtüp goý! Eken gawunlaryň bişer weli, uly ýoldan geçen ýolagçylara gawun hödürle. Ýadap gelýän ýolagçylaryň her biri salkyn saýada oturyp şirinden-şeker gawunyňdan iýip, hezil ediner-de, saňa alkyş okar. «Köpüň dilegi köl bolar» diýipdirler, şol adamlaryň doga-dilegleri Hakyň dergähinde kabul bolar-da, sen günäleriňden saplanarsyň, enşalla!
Tagsyr, men günämden saplananymy nädip bilerkäm?
Gawunly atyzyň burçuna dürten kesewiň gögerse, günäleriň geçildigidir. Ýogsam, bolmanda, heý, kesewem gögerermi? Özüň bilýäň-ä, kesewi diýeniň ot ölçerilip, hemişe oda sokulyp ýörlensoň, onuň gögeriji öýjükleri ýanýar ahyry. Şoň üçinem kesewiň gögerdigi — Allatagalanyň görkezen gudratly nyşany bolar.
Ol adam piriň ýanyndan çykyp gidipdir-de, onuň aýdyşy ýaly edip, köp kişiniň alkyşyny alypdyr. Bir gün weli bir adam eşegini debsiläp, haýdap barýa diýýär.

Dur-how, gel, gawun iýip git! — diýlenine dagy gulagam asanokmyş.
Ýok, men gaty howlugýan — diýip, gaýta aldygyna eşegini taýaklap gyssaýar diýýär. Gawun eýesi:
Gyssansaňam gel, ynha, derrew iý-de, gidiber, eşegiňi daňýançaň men gawuny käseläp, taýýar edip goýaýyn, çaltjak iý-de, ýoluňdan galma! — diýip näçe janyksa-da, asyl, gulagam asanok diýýär.
Gawunçyňam muňa gelýär gahary.

Aý, seniňem bir!.. Kyrk bolmasa, kyrk bir ekeni-dä!.. — diýýär-de, ýaňkyň yzyndan ýetip, ony öldürýär. Soňam ähli zady taşlap, piriň ýanyna barýar-da, onuň aýagyna ýykylýar:
Aý, pirim, meňki bolmady… — diýýär hem-de bolan işleri gürrüň berýär.
Pir bolsa ylmy güýçli, halatly kişi bolansoň, oňa hemme zat aýan eken.

Hany, başyňy galdyr! Tur ýeriňden, sen ýalkandyň! Sebäbi şol öldüren adamyň bir haýyr işi, ýagny gudaçylygy bozmaga barýan eken. Bar git-de gör, kesewiň gögerendir — diýýär.
Ol adam gawun eken ýerine baryp görse, dogrudanam, ýere dürten kesewisi ýapraklap, gül-pürçük bolup otyrmyş
11
207
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.