perizadym
29.10.2022 17:38
Sen meni şeýlebir söýesiñ geler,
Sönen duýgulamdan yşyk gözlersiñ.
Umydyñy maña garşy itekläp,
"Men seniñ aşygyñ" diýip sözlärsiñ.

Sen meni şeýlebir söýesiñ geler,
Wadaly ýermizden sorarsyñ meni.
Hoşlaşyk hatyny okan pursadyñ,
Bir rehimsiz ünji ýaralar seni.

Sen meni şeýlebir söýesiñ geler,
Öñküje ýoluma garap ýene-de.
Hyýalyñda sözleşersiñ men bilen,
Diýersiñ : " Dünýäme gaýdyp gelsene!"

Dolanyp bilmerin seniñ dünýäñe,
Gözlem özge dünýälerde eglener.
Duýgularñy maña garşy itekläp,
Sen meni şeýlebir söýesiñ geler...

Isa Hojamerdanow
11
61
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.