perizadym
03.11.2022 00:54
Bir gezek daýhanyň eşegi guýa gaçypdyr. Eşek aňňyryp, hynçgyryp, ala-goh turuzyp, kömege çagyrypdyr. Daýhan ylgap gelipdir-de, elini maňlaýyna urupdyr: «Be-e, muny nädip çykaryp bolarka?» Şonda eşegiň eýesi şeýle pikir edipdir: «Eşek garry. Indi uzak ýaşasam ýok. Men şeýle-de başga eşek edinmeli diýip ýördüm. Guýam çeşmesi kör bolan ýaly idili suw ýok. Öňdenem ony gömüp, başga ýerden täze guýy gazmagyň pikirini edip ýördüm. Munuň üçin şundan amatly wagt bolmasa gerek. Porsap ýatmaz ýaly, eşegem gömüp dynaryn».

Ol guýyny gömmek üçin goňşy-golamlary kömege çagyrypdyr. Hemme kişi ýerli-ýerden pilini dolduryp, guýa gum oklap başlapdyr. Eşek nämäň-nämedigini derrew akylyna aýlap, aňňyrmaga başlapdyr. Birdenem sesini kesipdir. Hemme kişi muňa geň galypdyr. Ýene üç-dört pil gum oklansoň, daýhan guýynyň erňegine baryp, aşak seredip görüpdir. Ol özüniň gözlerine ynanmandyr. Üstüne düşýän gumy silkip aýryp, eşek barha ýokary galyp barýarmyşyn. Basym eşek guýynyň agzyndan görnüp başlapdyr, derrewem böküp guýydan çykypdyr.

…Durmuşda siziňem üstüňize her hili hapa-hupa zatlaryň oklanmagy mümkindir. Üstüňe her gezek bir pil gum düşende, ony silkinip aýyr-da, üstüne çyk, sen diňe şeýdip guýudan çykyp bilersiň. Ýüze çykýan meseleleriň her biri — seniň çeşmeden suwa basman geçmegiň üçin niýetlenilen daşdyr. Eger säginmeseň, ruhdan düşüp, boýun sunmasaň, iň bir çuň guýudan hem çykmak mümkindir. Silkin-de, ýokary galyber. Bagtly bolmak üçin bäş sany sadaja kadany ýatda sakla:

1.Ýüregiňi ýigrençden azat et — bagyşla.
2.Ýüregiňi tolgunmalardan azat et — olaryň aglabasy amala aşýan däldir.
3.Sada durmuşy ýöret hem-de bar zadyň gadyryny bil.
4.Köp zat ber.
5.Az zada garaş
13
166
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.