perizadym
18.08.2022 19:04
Adamlar  şeýle bir hasapçyl bolupdyr. «Hasaply dost uzaga gider» diýilýar, hernä  şeýle bolsun‐da,  ýöne bu hasaplardaky
dostlugyň garasyny görmek we  ýürekleri barlamak üçin iň soňky
enjamly mikroskoplary ulanaýmasaň, adaty gözüň aldap, arassa
duýgunyň hem  ýalňyşdyraýmagy mümkin.   
Okuwçy döwrümiz hasap mugallymymyz «Adamyň bir güni
hem hasapsyz geçmeýar. Biziň her bir aýdýan, aňlaýan zadymyzda hökman sanlar ulanylýandyr» diýerdi. Ondan bäri  ýyllar
geçdi. Dogrudan hem, sansyz‐hasapsyz   gün  ýok eken. Hasapsyz
zat hem  ýok eken.  Ýöne, käbir adamlaryň hasaby welin, egnimizdäki perişdeleriň hasap depderinden hem has galyň görünýär.
Olar ömürlerinde bolan her bir öýkäni, kinäni özleriniň nähak
düşünendigine garamazdan,  şo‐ol belläp gidip otyr,  ýazyp gidip
otyr. Beýle hasapçylar, durmuşyň geçirimli adamlara çynlakaý
gülüp bakýandygyny unudýan bolara çemeli.   
Ýatlabilseň, ömrüňdäki  ýagşy zatlary  ýatlamaly, begenjiňi‐şatlygyňy göz öňüňe getirmeli, ile‐güne  ýene‐de  ýagşylyk etmegiň höwesinde‐hyjuwynda gezmeli. Eger namys ara goşulmaýan
bolsa, galan babatda sähelçe göwnüňe degen kimdir birinden ar
aljak bolmak, seniň onça  ýokdugyňy,  şondan hem pesdigiňi
aňladýar. Deň bolmaly däl, beýik bolmaly. Geçirimlilik etseň, arkaňda‐alnyňda Alla gülüp bakar. Onsoňam, her bir ownuk‐uşak
zady hasaplap, owaldan  ýüki  ýetik  ýürege agram salma, sen entek köpe gerek. Öýke‐kine, kitüw, görip-lik, gybatkeşlik, gep gezdirmek, kezzaplyk, hyýanat  ýaly zatlar  ýüregiň derdini artdyryp, bedene mähnet tartdyrýandyr. Ol adamy barha göwnüçökgünlige iterýär, ynamsyzlygy, müňkürligi oýarýar. Has beteri‐de, bu hasaplaryň ahyr soňunda kimiň haýryna çözüljekdigi gümana. Arada

bir hasap mugallymy bilen oturmak miýesser etdi. Birnäçe sanlary goşa  ýaýyň içine saldy, köküň aşagyna girizdi,  ýene
birnäçesiniň kwadratyny‐kubyny hasaplap, ahyrsoňunda deňdir alamatynyň yzyndan bir nolluk ýazdy. Uludan demini aldy‐da «Ahyry hasaby çykdy» diýdi. Men onuň meseläni çözenine begendim,  ýöne  şol pursatda durmuşdaky hasaplarymyzy  ýatlap howpurgadym. «Ýeri meniň şunça  ýyllap  ýürekde göterip  ýören «hasaplarym» ahyrsoňunda netijesi nola deň bolsa näderdim? Üstesine‐de, men olaryň her biri üçin  ýüregimi gyýym‐gyýym dilip,
para‐para etmedimmi, olaryň öz göwnüne degmedimmi? A birden
ol hasaplarym nol hem bolman, minus bolup çyksa näderin?»
diýdim.  Şondan soň, dogrusy mundan öňem mende beýle hasap
 ýöredilenokdy welin, ol zatlary mundan bu  ýana‐da hasaplajak
bolmadym. Diňe, aýdylaýmaly zady käteler jylawlatmajak bolýan
nebsime welin aýdyp galdym, belki  şeýle nebis  ýene‐de birnaçe
adamda duş gelýändir:
«Eý nebsim, iliň gülküsini,  ýaňsylamasyny, arkadan edilýän we
günibirin  ýetirilýän  ýalan‐ýaşryk gürrüňleri  ýatlap,  ýüregiňe agram
salyp, her bir zady hasaplap oturma. Matematikadan ussat adam
hem, durmuş meselesinde köp halatda gömük adam bilen des‐
deňdir. Hiç wagt öz akylyňa, ukybyňa, başarnygyňa, baýlygyňa,tanyşlaryňa,  ýakynlaryňa, gara güýjüňe bil baglap, gözsüz
batyrlyga esaslanma, özgeleri kemsitjek, gaýgylandyrjak, hasrata
batyrjak sözleri aýtma, öz bähbidiňi, göwün islegiňi, nebsiňi ileri
tutup,  ýaşyrynlyk bilen ikiýüzli hereket etme, iliň‐günüň şowsuzlygyna begenme, hesretli gününe heşelle kakma! Döwran diýmek,
aýlanyp duran döwür diýmekdir. Wagty gelende durmuş her kime
gülüp bakar,  şonda düýnki tekepbirler,  şu günki ulumsylar har bolar, aýagyňdan çakan garynjany köwşüň bilen mynjyradyşyň ýaly,
ol päliýamanlary pelegiň özi pyrlandyryp goýberer.  Şonuň üçin her
bir zady hasaplap oturma,  ýokarda biri bardyr, ähli zady  şonuň Özi hasaplap oturandyr. Ähli zadyň dogry netijesini hem  Şol
çykarýandyr. Sen bolsa hiç zady hasaplama,   birden hasabyňy  ýitirip, hem bulaşyp, hem ähli zady bulaşdyryp oturma! Ähli zady
öz pikiriňe muwapyk getirjek bolup, dünýäni düňderäýme. Hasabyňda bärden gaýtsaň, köp zat gözüňe artykmaç görner, köp
zady alnyňdan aýrasyň geler. Emma, Hudaýyň ýaradan dünýäsinde artykmaç zat  ýok‐da,  ýerli‐ýerinde goýulmadyk zat köpdür.
Hasabyňda öte geçseň, ençeme zady gaýtadan  ýugurjak bolarsyň, göwnüňe jaýlamak islärsiň. Emma, hiç haçan döräli bäri togalak bolan  Ýer  şaryny dörtburç  şekile getirip bolmaýar!   Ähli
zady Hudaýa tabşyr! Hudaýyň hasaby örän takykdyr! Ol örän adyldyr!
Şonuň üçin hem, eý nebsim, meniň ýalňyşlyklarymy hem,  ýagşylyklarymy hem hasaplap oturma. Adamyň edýän her bir işi, isle
 ýagşylyk, isle  ýamanlyk bolsun, edil her bir söwdagäriň banka
goýýan goýumy  ýalydyr. Uzak wagt geçmänkä Beýik hasapçy ony
birnäçe esse göterimi bilen bize gaýdyp berýär welin,   biz öz hasabymyzyň öteräkdigini  ýa‐da kemterdigini aňlaýarys. Gel, gowusy, hasapsyz  ýaşap bolmaýan bu durmuşda diňe özümize gerekli zatlary hasaplap  ýaşabereli. Iň dogrusy hem  şudur».

Rahmet Gylyjow
10
57
perizadym
perizadym
18.08.2022 18:58
Sen jenneti hem jähennemi hökman gelejekden gözleme. Ikiside şu pursat şu ýerdedir. Haçan bir adamy bähbit araman, hantamaçylyksyz söýmegi başarsak, jennetdeligimizdir. Haçan biri bilen gohlaşsak,
perizadym
perizadym
17.08.2022 00:27
Gara gözleñ nurun maña goýup git. Gitjek bolañda ! Ýatlamalañ gursagyna guýup git. Gitjek bolañda ! Bagt beren umytlarñy alyp git. Gitjek bolañda! Soñky gezek iñ bolmanda gelip git. Gitjek bolañda !
perizadym
17.08.2022 00:15
Ýadymdan çykanok, o wagtlar talypdym. Häzirki döwürdäki ýaly oba gatnaýan awtobusam kän däldi. Köplenç şäherden gaýdýan uly ýoluň ugrunda düşüp oba pyýadalap gaýtmaly bolýardy. Bu gezegem şeýle boldy. Obamyz ho-ol görnüpdur, talyplyk ýaşndakaň bu iki arany ýöräniňe ýöredimem diýmeli däl. Öýmüze tarap pyýadalap ugradym. Sähel ýöremänkäm yzymdan bir ýük ulagy ýetip saklandy. Men begenip ulaga mündim. Sürüjini tanadym. Ol obamyzda toý naharyny bişirip berýän, alçak adam, Mesgendi. Olam meni tanady.

- Okuwdan gelýärmiň?

- Hawa – diýip, başymy atdym.

- Hany onda, jaýlaşykly otyr, men seni öýňüze çenli äkidip, bir owuçjyk sogap gazanaýyn – diýdi.

Men ýat öýe giren ýaly çugtduryp oturanymy duýup, arkanyrak süýşüp, rahat oturdym.

- Sogaby owuç bilenölçeýärlermi, Mesgen aga?

- Haý senem-ä. Bedreläp ölçenýän sogaplaram bar.

Geňirgenip, obdaşymyň ýüzüne seretdim.

- Näme geň görýäň? Ýagşylyk, haýyr iş, sogap – bularyň bary hasaplydyr. Bihasap zat ýog-a, ýaňky uly ýoldan oba çenli ätjek ädimiň sanynyň bolşy ýaly.

Meni “bedreläp” gazanylýan sogabyň nämedigi gyzyklandyrýardy. Mesgen gürrüňini dowam etdirdi.

- Halyknazar agany-ha tanaýansyň?

- Gündogar başda oturýan, uzyn adammy?

- Edil özi, biziňem goňşymyz. Arada gapysyndaky dalbarysynyň üzümlerini kesjek bolup ýykylypdyr. Çep eli goşaryndan jaýrylypdyr. Olaň üzümini mundan öň Söýün kesip berýärdi. Bu ýylam kesjek eken. Halyknazar agaň özi Söýüne azar bolmajak bolupdyr. Görýäňmi, inijik, Söýün Halyknazar agalaň hergezek üzümlerini kesip berende nähili ýagşylyk edýän eken? Talyp bolsaň hasapdan başyň çykýandyr, hasapla-da. Meňki ýaly bir owuj-a bolmaz. Bedrä-de sygmazmyka diýýän. Hä?

Meýlis aga “hä” diýip ýene bir gaýtalady-da, bir eli bilen böwrümi gyjyklan boldy. Biz gülüşdik.

- Ýa olar ýaly hasaby entek geçeňizokmy? Mekdepde okaýan gyzjagazym-a kynyrak sorag berseň, “Biz entek ony geçemizog-a” diýäýýär.

Oba-da ýetdik. Köçämiziň deňinde düşüp galmakçy boldum.

- Beý, obadaş, gazanjagymam bir owuç ýagşylyk, ýa şonam maňa kän görýärmiň? – diýip, agyr ýük ulagyny öýmüze tarap sowdy. Getirip gapymyzda düşürdi. Taňryýalkasyn aýdyp, düşüp galdym...

Ondan bäri elli ýyl geçipdir. Halyknazar agalaramýok, Söýünlerem, Mesgen aga-da. Ýöne onuň “bir owuçjyk” ýagşylygy welin ýadymdan çykanok. Agyr ýük ulagyny sowup, öýmüze düşüreni üçin däl, onuň “bir owuçjygam” bolsa ýagşylyk etjek bolup ýaşamalydygy hakynda beren sapagy üçin. Eliňden gelse, sähelçe zadam bolsa, adamlara ýagşylyk edip, sogap gazanyp ýaşamalydygyny aňyma şeýle berk guýup bileni üçin Mesgen aga belki “bedrä-de” sygmajak sogap gazanandyr. Şondan soň bu öwüdi mydam ýadymda sakladym diýsem ýalançybolaryn. Ony unudyp, köp-köp sogaplary gazanmagyň deregine, deňimden geçirenime gynanyp oturýan. Ýöne ony ýatlan gezeklerim, “Bu gün näçe owuçlyk sogap gazandymkam?” diýip özümden soraýanym ýadyma düşýär.

Indi-hä garralypdyr. Biriniň ýüküni göterşeýin diýjek gümanyňam ýok. Gaýta seniň ýüküňi göterişýärler. Gojalygyň iň erbet tarapam şu bolsa gerek – eliňden gelýän ýagşylyk gaty az. Ýöne onam diýmeli däl, başga biriniň saňa kömek etmegine, şeýdibem sogap gazanmagyna sebäp bolýan, “Öwredip ýüregimize düşdüň” diýdirmän, bilenjämi aýtjak bolýan. Arman, olaryňam möçberi owuçdanam kiçi bolaýmasa ?!..

Ylýas Amangeldi
7
46
perizadym
perizadym
16.08.2022 20:03
Durmuşdyr zerurlyk tapdyrar birden, Alajyn tapmasañ, aýt nirä gitjek ?! Ýykylsañ dost-dogan golun germese, Daýanañsoñ ol gollary näme etjek ?! Gamlanarsyñ ünji batar kalbyña, Ýalñyzsyñ derdiñi aýt,
perizadym
16.08.2022 19:36
Adam hoşamaý söz eşitdigisaýy monça bolýar. Haýyr işe höwesi artyp, güýjüne güýç goşulana dönýär. Seýregem bolsa, özüň hakynda
aýdylýan ýagşy gürrüňlere, ýalanam bolsa, gulak gabardasyň gelip dur.
Sebäbi hoşamaý söz, minnetdarlyk, eden işiň gadyrynyň bilinýändigi
dogrusyndaky duýgular indiki amallara badalga bolup hyzmat edýär.
Her bir jemgyýetçilik edarasy öz ýerinde işiň ilerlemegini isleýän bolsa,
şu matlapdan ugur alýar. Gorkuzyp işledeniňden, göwnedip işletmegiň
müň esse haýrynyň bardygy subutnama talap etmese-de, subut edilen
hakykat. Ýöne gudratam garaşýan pursadyň hasyl bolanok, ähli çagda,
ähli ýagdaýda her kes biziň göwnümizden turjak bolup duranok.
Olaryň öz „aladasy” ýetik, onsoňam ähli adamdan hoşamaýlyga garaşmak howaýy zat, hat-da Hudaýam bar kişiň göwnünden turmaýar
ahyry. Ýazgydyndan nalaýanlar, gününden närza bolýanlar, dünýewi
synaga sabyr, gazananyna kanagat etmeýänler elmydama ýa ilden
nägile, ýa-da Hudaýdan...Onsoň öz bähbidini eý görýän adamlar saňa
düýbi boşam bolsa, hoş sözi rowa görmezler, hernäçe zähmet çekseň-
de, gadyryňy bilmezler, müň gezek ýagşylyk etseň-de, minnetdarlyk bermezler.
Lapykeçlik, umydyň döwülmegi, işleriň birbada ugrukmazlygy ýada kimdir biriniň seň begenjiňe gyýa göz bilen garamagy kyýamatyň
alamaty däl. Ol seniň entek adam mertebesinden düşmändigiňi, Adam-dygyňy aňladýar, çünki ynsan balasy şunuň ýaly zatlary göre-göre
ruhuny kämilleşdirýär, bedenini-süňňüni taplaýar. Kynçylygykösençligi görmän, azda-kände ýerliksiz „kemsidilmelere” uçraman,
durmuşyň düýp manysyna göz ýetirmegem gaty kyn. Türkmenler
bolsa „Kemsidilen kemal tapar” diýýar. Elmydama her bir muşakgatyň
aňyrsyndan bir gowulygyň miýesser edýändigini bilýär. Ýöne biz, tama
edenimiz nesip etmeýän bolsa, garaşanymyzy gazanyp bilmeýän bolsak, öz göwnümiziň ynjalygyny başga ýerden gözleýän-ä däldiris-dä?
Söýginiň we teselliniň haçan, haýsy wagtda, nireden we kim tarapyndan geljegi bir Hudaýa mälim. Ýagşylygyň sogaby, öwezigaýtargysy hem edil şonuň ýaly, biz bir ýagşylyk ýa-da öwerlikli bir iş
edip, yzyndan tarypa ýa-da berekella garaşýan bolsak, onda biziň sogaba däl-de, diňe şöhrata ýa-da ada kowalaşýandygymyzy biläýmeli.
Abraý gowy zat, süýji zat, emma şöhrata kowalaşmak bilen girdabyň
üstünde gurnalan gyl köprüden ýöremek deň bir zat. Diňe göz üçin edilen iş ahyry köňül gözüňi gapýar. Uly ýol diýip saýlanyň soňy uçutlara
eltýär. Hudaýyň haky üçin, iliň-günüň, halkyň haky üçin, ýagşylyk
diýen umyt beriji sözüň haky üçin, barça ýagşy zatlaryň, söýgä mynasyp zatlaryň haky üçin hem ýagşylyk edilýär. Ine, şeýle haýyr işleri
edýändigiňden lezzet almany başarmaly. (Dogrusy, her kes ak ýürekden
ýagşylyk etmegi hem başarmaýar). Her bir haýyr işiň deregine derhal
bir zady tama edip oturmak, asyl türkmeniň ganyna siňmedik häsiýet.
Ol adamçylyga hem mahsus däl. Biz özgeleriň özümizden bitýän her
bir işini şahsy bähbidimiz üçin peýdalanmak endiginden gaça durmaly.
Endige öwrülýän her bir häsiýet we hereket barha ösmek, örňemek
bilen bolýar. Gowy zada endik etseň, gowulygyň artyp gidýär, ýaramaz
zada endik etseň, şumlugyň artyp gidýär. Üstesine-de, bir ýagşylyk
edip, deregine bir hoşamaýlyk görmeseň, ol işiňi diliňe çolap ýörmek
uslyp däldir. Magtymguly atamyz: „Bir ýagşylyk etse adam biweji, Her
meýlisde ýüz ýol tile getirmiş” diýip, beýle pisint adamlara öz bahasyny
berýär.

Öwerlikli işiň özi bir ajaýyp zat. Gadymy hytaý ierogliflerinde
ýagşylyk sözüniň deregine açylyp barýan gülüň şekili goýlar eken. Güller (haýyr güli) diňe ýazda däl, nesibeli güni açylýandyr. „Ýagşylygy
derýa başynda et, balyk biler, balyk bilmese, Halyk biler” diýilýär. Hudaý ýagşylygyň öwezini hiç wagt boş goýýan däldir, haýyr işleýänleriň
hakyny köýdürýän däldir. Bu gün bolmasa, ertir, ertir gelmese, biýrgün,
hökman ondan däl, ilden-günden bir haýyr geler, begen. Geçen günleriňe, eden işleriňe ser salsaň, jogapsyz goýlan işiň aňsat-aňsat ýadyňa
düşmez. Berilmedik „taňyrýalkasynlar”, aýdylmadyk „sag bolsunlar”,
öwülmedik oňat işler bolsa indiki gözel hereketlerimize böwet bolmasyn, haýyr işe bolan höwesimizi gaçyrmasyn. Biz ömrümiziň ähli
görküni-gözelligini, tagamyny-lezzetini göwnümize ýaramadyk birje garaýyşlar bilen ölçerjek bolmalyň. Haýyr iş etseň, adamlar hökman
biler. Bu babatda özüňi görkezmeklige zerurlyk ýok, iliň-günüň ýiti gözi
seniň nirede nämeler edýändigiňden juda habarly. Ýagşylyk – abraý
üçin albaý däl-de, ata-babalardan galan dessurdyr, adamdygyňy aňlap
bolýan hereketdir. Ýagşylyk babatda, gyzgyn çaýdaky şekeri ýadyňa
sal, dessine eräp gidersiň, süýjülik bilen süňňüne siňersiň. Seni görmezler, ýöne hut şol ýerde seniň bardygyňy, süýjülik berip duran zadyň
sendigiňi welin anyk bilerler.

Rahmet Gylyjow
8
44
perizadym
perizadym
15.08.2022 00:06
1. Kitap okamaklyk ýürege ornaýan waswasy, gaýgy-gamy, tukatlygy aýyrýar. 2. Her bir işe yhlasly çemeleşmegi ündeýär we hereketleriňde nähaklyk etmekden saklaýar. 3. Kitap okaýan wagtyň bikär,
perizadym
15.08.2022 00:01
Ol jägildäp dünýä indi. Adaty maşyn bilen öýe geldi. Ol döwürde
täze bäbek getirlende maşyn bezemek edähedi ýokdy. Her kim uzak
ömür, döwletlilik, bagt diläp ony ýüzüne syldy. At dakylmazyndan owal
“birenaýy çagajyk, pişik çaga ýalyjak-da” diýip at dakyp galdylar.
Käteler gijelerine, käteler gündizlerine ukusyna gatyşyp, ýatyp
bilmän, çyrlap aglady. “Näme bolýarka muňa, ýüregiňi dilip barýar, çyrlap aglaýşyna sered-ä, çekreýän guzy ýaly” diýdiler.
Soňra aýlar geçdi, eljagazlary bilen ýeri özüne çekip, öňe süýşmegi
öwrendi. Her kim guwanyp, “Süýşenäklep gelşine seret, gurçuk
ýalyjak-da” diýdiler.
Soňra emedekläp başlady. “Serediň, gaplaňjyk gelýär” diýşip, begenişip synladylar.
Soňra durjan-durjan bolup, diwara ýapyşyp, özi dikelmäge başlady.
“Tüweleme, ana indi goçak oglan bolupdyr, ýolbars ýaly-da”diýdiler.
Soňra dil bitip başlady. Dürli seslere öýkünmegi öwrendi. “Garga ýalyjak bolup, gagyldap otyr-da” diýdiler.
Soňra dil bitdi. Sözlükde bar sözlerden eşdenini aýtdy, diňlänini
ýaňzytdy. Belki indi soranjaňlygy bilen ýürege düşüp başlandyr-da
“Eňegine jaň dakylan geçi”, “Şuň-a aşy totyguşyň dilinden saýlanan
ýaly” diýişdiler.
Soňra bezzatlyk edip başlady. Oýna gyzygyp, öýe giç gelmegi
çykardy. “Sen nä itiň aýagyny iýdiňmi, seňkildäp ýörmän, wagtynda
öýe köwlen” diýip käýediler.
Iş buýrulsa, özgelere ýüklänini kem görmedi. Ýerinden gozganasy
gelmedi: “Sen näme garrap dogduňmy? Ýa-da eýýäm ýagyra
döndüňmi?” diýdiler. Ýagyr –gurçugyň bir görnüşi. Ol ýöredigi, ýol
aşdygy saýy ýadap, gabarasy çişip başlaýar. Ahyrky hetdine ýetende
ýöremäge mejaly galmaýar we tä demini dürsäp, öňki katdyna
dolanýança, hereket edip bilmeýär.
Soňra aýlar aýlandy, ýyllar ötdi. Orta mekdebi tamamlady. Ýokary
bilimli boldy. Eli gaty kagyzly ýaş oglan işe başlady.
Işdeşleriň arasynda oturlyşyk, toý-meýlis boldy. Iýildi, içildi. Içgi adamyň “içki” dünýäsini, syrly dünýäsini, gizlin häsiýetlerini paş edýän
şerişde. Edil rowaýatlarda aýdylyşy ýaly boldy. “Şerap içýän adam ýedi
hili öwser, çünki üzümiň özi ýedi hili öwüsýändir: ýolbars ýaly ýürekli
bolar, aýy ýaly gaýduwysz bolar, babyr ýaly hyýrsyz (gaharjaň) bolar, şagal ýaly lakgy bolar, it ýaly topulagan bolar, tilki ýaly ýaranjaň bolar, horaz ýaly sesi haýbatly bolar ”. Soňra ýene iki häsiýet goşulýar: eşek ýaly
aňsyz, doňuz ýaly hapysa bolar. Hut şeýle-de boldy. Birinji bulgurdan
soň gany gaýnap, gözi gyzardy. Tilkä aw öwredýän şirdirin öýtmedi,
hemmeler oňa “şir, şir” diýdiler. Ikinji bulgur gollaryny galgatdy, aýa
öwrüldi. Soňky bulgurlar her häsiýeti goşa-goşadan açyp başlady: biri
bir zat diýäýdigi, maňzyna batmasa, yňrandy, herreldi, babyra döndi.
Babyr diýildi. Diline ylham inen dek boldy, ýaňrady oturdy, şagal
diýdirdi. Soňky bulgurlar beýnä urdy: it bolup topuldy, it adyny aldy,
garaz, içip-içip tilkiligi gazandy, horaz bolup gygyrdy. Soňra özüni bilmän, aýdýanyna aň etmän eşege öwrüldi, ahyrsoňunda doňuza
dönüp, bulaşyp ýatdy. At baryny ödedi.
Şeýdip, onuň durmuşy dowam ediberdi. Öýlendi, öýli-işikli boldy.
Ojagyny gysymynda saklady, özi ýene özge ojagyň külüne göz
gyzdyrdy. Kanagatsyza, elinde ýok ähli zat owadan we elýetmez
görünýär. Gazandygy, gyzygy gaçýar. Şeýdip oňa arkadan, ýaşyryn
“Eşek ýaly binamys ekeni” diýdiler.
Soňra ykbal galkdymy ýa ýazgydy gülüp bakdymy, bagty çüwüp, bir
ýere başlyk boldy. Özüni tutdy, dürsedi. Göwresi suwdan ganan toprak
ýaly ers-mers bolup gitdi. Her kim “Tüweleme şul-a kürsä geçdi-de
gabarylyp gitdi, öňki çepiksije oglan döw ýaly boldy” diýişdiler.
Başardygyndan ile-güni ýagşylyk etdi, ýöne öz bähbidini, her
nämede bolsa ileri tutdy. Geregini ýygnady, ile dözmedigini müň bahana duwlap ýygşyrdy. “Pah-pah, ýygna-ýygna, alaka bol-a” diýdirdi.
Soň ýaşy goýalyşdy, akyly durlanmady-da, durugyşdy. Öz üstünde
işlemedi, özgermedi, işsiz galdy. Lapy keç, haly teň boldy. Iliň ýüzüne
bakarlygy bolmansoň, egnini ýygryp gezdi: “Suwa ezilen towuk ýaly bolup ýör” diýdirdi.
Şeýdip, körpeliginden garrylygyna çenli ony ýüz dürli haýwana
meňzetdiler, emma ýa dili büdräp, ýa ýalňyşyp-ýaňylyp oňa “adam”
diýen ýekeje biri tapylmady.
Doglanda welin ol adamdy....

Rahmet Gylyjow
10
65
perizadym
perizadym
14.08.2022 00:33
Ýokarda biri bar, ol meni gowy tanaýar. Durmuş ýollarynda, ähli ýagdaýlarda aljyran pursatym, kömege mätäç pursatlarym, men ony ýadyma salmasam‐da, ol meni unutmaýar. Arkamy tutýar, derrew kömek
perizadym
perizadym
14.08.2022 00:21
Eý adamlar, sözi asal adamlar! Meniñ tutuklygmy göwne almañ siz, Ynjamañ siz agras çyksa sözlerim. Size däldir didelermiñ kinesi Sizden däldir ýaşa dolsa gõzlerim Takdyr maña tukat ykbal eçilip