Durmuşdyr zerurlyk tapdyrar birden,
Alajyn tapmasañ, aýt nirä gitjek ?!
Ýykylsañ dost-dogan golun germese,
Daýanañsoñ ol gollary näme etjek ?!
Gamlanarsyñ ünji batar kalbyña,
Ýalñyzsyñ derdiñi aýt, nämä aýtjak ?!
Wagt geçip unudañsoñ aklyñdan,
Soñ syrdaşy dosty-ýary näme etjek ?!
Mydam sagat bolup durmaz şirin jan,
Syrkawly hal bilen aýt, nirä gitjek ?!
Wagtynda derdiñe derman tapmasañ,
Sagat wagtyñ aýt, dermany näme etjek ?!
Ene mukaddesdir iñ ýakyn zatdyr,
Şodur gözün gyrpman janyn goýup gitjek.
Diri wagty söýüp gadryn bilmeseñ,
Soñ gadyrsyz gözýaşyñy näme etjek ?!
Ýollar uzak gerek zatlar kän munda,
Çölli ýolda suwlar tapdyrmaz akjak,
Ýeke damja suwuñ yşgyna düşüp,
Ummana ýeteñsoñ suwy näme etjek ?!
Iki söýgi sygmaz ýalñyz ýürege,
Şolañ ýeke biridir kalbyñda ýatjak,
Ýürek söýýän diýip urunyp durka,
Seni gorka salýan akyly näme etjek ?!
Ýalan ýigrenç togzaýandyr ömüre,
Ynamdan gaçansoñ aýt, kimi satjak ?!
Ynam gelip oda ýakan mahaly,
Peýdasy ýok soñ ynamy näme etjek ?!
Ykbalyñ kä ýolun saýlan özümiz,
Sen däl-de aklyñdyr ädimiñ ätjek,
Gurap ýatan beýniñ ylym ganmasa,
Bisowatsyz boş aklyñy näme etjek ?!
Her zadyñ wagtyny goýupdyr durmuş,
Sabyrsyz köñüldir wagtyn ýitirkjek,
Her bir zady öz wagtynda etmeseñ,
Soñ armanly ökünjiñi näme etjek ?!
Kuwwat Ýazmuhammedow