perizadym
16.08.2022 19:36
Adam hoşamaý söz eşitdigisaýy monça bolýar. Haýyr işe höwesi artyp, güýjüne güýç goşulana dönýär. Seýregem bolsa, özüň hakynda
aýdylýan ýagşy gürrüňlere, ýalanam bolsa, gulak gabardasyň gelip dur.
Sebäbi hoşamaý söz, minnetdarlyk, eden işiň gadyrynyň bilinýändigi
dogrusyndaky duýgular indiki amallara badalga bolup hyzmat edýär.
Her bir jemgyýetçilik edarasy öz ýerinde işiň ilerlemegini isleýän bolsa,
şu matlapdan ugur alýar. Gorkuzyp işledeniňden, göwnedip işletmegiň
müň esse haýrynyň bardygy subutnama talap etmese-de, subut edilen
hakykat. Ýöne gudratam garaşýan pursadyň hasyl bolanok, ähli çagda,
ähli ýagdaýda her kes biziň göwnümizden turjak bolup duranok.
Olaryň öz „aladasy” ýetik, onsoňam ähli adamdan hoşamaýlyga garaşmak howaýy zat, hat-da Hudaýam bar kişiň göwnünden turmaýar
ahyry. Ýazgydyndan nalaýanlar, gününden närza bolýanlar, dünýewi
synaga sabyr, gazananyna kanagat etmeýänler elmydama ýa ilden
nägile, ýa-da Hudaýdan...Onsoň öz bähbidini eý görýän adamlar saňa
düýbi boşam bolsa, hoş sözi rowa görmezler, hernäçe zähmet çekseň-
de, gadyryňy bilmezler, müň gezek ýagşylyk etseň-de, minnetdarlyk bermezler.
Lapykeçlik, umydyň döwülmegi, işleriň birbada ugrukmazlygy ýada kimdir biriniň seň begenjiňe gyýa göz bilen garamagy kyýamatyň
alamaty däl. Ol seniň entek adam mertebesinden düşmändigiňi, Adam-dygyňy aňladýar, çünki ynsan balasy şunuň ýaly zatlary göre-göre
ruhuny kämilleşdirýär, bedenini-süňňüni taplaýar. Kynçylygykösençligi görmän, azda-kände ýerliksiz „kemsidilmelere” uçraman,
durmuşyň düýp manysyna göz ýetirmegem gaty kyn. Türkmenler
bolsa „Kemsidilen kemal tapar” diýýar. Elmydama her bir muşakgatyň
aňyrsyndan bir gowulygyň miýesser edýändigini bilýär. Ýöne biz, tama
edenimiz nesip etmeýän bolsa, garaşanymyzy gazanyp bilmeýän bolsak, öz göwnümiziň ynjalygyny başga ýerden gözleýän-ä däldiris-dä?
Söýginiň we teselliniň haçan, haýsy wagtda, nireden we kim tarapyndan geljegi bir Hudaýa mälim. Ýagşylygyň sogaby, öwezigaýtargysy hem edil şonuň ýaly, biz bir ýagşylyk ýa-da öwerlikli bir iş
edip, yzyndan tarypa ýa-da berekella garaşýan bolsak, onda biziň sogaba däl-de, diňe şöhrata ýa-da ada kowalaşýandygymyzy biläýmeli.
Abraý gowy zat, süýji zat, emma şöhrata kowalaşmak bilen girdabyň
üstünde gurnalan gyl köprüden ýöremek deň bir zat. Diňe göz üçin edilen iş ahyry köňül gözüňi gapýar. Uly ýol diýip saýlanyň soňy uçutlara
eltýär. Hudaýyň haky üçin, iliň-günüň, halkyň haky üçin, ýagşylyk
diýen umyt beriji sözüň haky üçin, barça ýagşy zatlaryň, söýgä mynasyp zatlaryň haky üçin hem ýagşylyk edilýär. Ine, şeýle haýyr işleri
edýändigiňden lezzet almany başarmaly. (Dogrusy, her kes ak ýürekden
ýagşylyk etmegi hem başarmaýar). Her bir haýyr işiň deregine derhal
bir zady tama edip oturmak, asyl türkmeniň ganyna siňmedik häsiýet.
Ol adamçylyga hem mahsus däl. Biz özgeleriň özümizden bitýän her
bir işini şahsy bähbidimiz üçin peýdalanmak endiginden gaça durmaly.
Endige öwrülýän her bir häsiýet we hereket barha ösmek, örňemek
bilen bolýar. Gowy zada endik etseň, gowulygyň artyp gidýär, ýaramaz
zada endik etseň, şumlugyň artyp gidýär. Üstesine-de, bir ýagşylyk
edip, deregine bir hoşamaýlyk görmeseň, ol işiňi diliňe çolap ýörmek
uslyp däldir. Magtymguly atamyz: „Bir ýagşylyk etse adam biweji, Her
meýlisde ýüz ýol tile getirmiş” diýip, beýle pisint adamlara öz bahasyny
berýär.

Öwerlikli işiň özi bir ajaýyp zat. Gadymy hytaý ierogliflerinde
ýagşylyk sözüniň deregine açylyp barýan gülüň şekili goýlar eken. Güller (haýyr güli) diňe ýazda däl, nesibeli güni açylýandyr. „Ýagşylygy
derýa başynda et, balyk biler, balyk bilmese, Halyk biler” diýilýär. Hudaý ýagşylygyň öwezini hiç wagt boş goýýan däldir, haýyr işleýänleriň
hakyny köýdürýän däldir. Bu gün bolmasa, ertir, ertir gelmese, biýrgün,
hökman ondan däl, ilden-günden bir haýyr geler, begen. Geçen günleriňe, eden işleriňe ser salsaň, jogapsyz goýlan işiň aňsat-aňsat ýadyňa
düşmez. Berilmedik „taňyrýalkasynlar”, aýdylmadyk „sag bolsunlar”,
öwülmedik oňat işler bolsa indiki gözel hereketlerimize böwet bolmasyn, haýyr işe bolan höwesimizi gaçyrmasyn. Biz ömrümiziň ähli
görküni-gözelligini, tagamyny-lezzetini göwnümize ýaramadyk birje garaýyşlar bilen ölçerjek bolmalyň. Haýyr iş etseň, adamlar hökman
biler. Bu babatda özüňi görkezmeklige zerurlyk ýok, iliň-günüň ýiti gözi
seniň nirede nämeler edýändigiňden juda habarly. Ýagşylyk – abraý
üçin albaý däl-de, ata-babalardan galan dessurdyr, adamdygyňy aňlap
bolýan hereketdir. Ýagşylyk babatda, gyzgyn çaýdaky şekeri ýadyňa
sal, dessine eräp gidersiň, süýjülik bilen süňňüne siňersiň. Seni görmezler, ýöne hut şol ýerde seniň bardygyňy, süýjülik berip duran zadyň
sendigiňi welin anyk bilerler.

Rahmet Gylyjow
8
44
wolf
17 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.