1. Kitap okamaklyk ýürege ornaýan waswasy, gaýgy-gamy, tukatlygy aýyrýar.
2. Her bir işe yhlasly çemeleşmegi ündeýär we hereketleriňde
nähaklyk etmekden saklaýar.
3. Kitap okaýan wagtyň bikär, işýakmaz adamlardan çetde bolýarsyň. Wagtyňy haýyrly zatlara sarp edýärsiň.
4. Kitap okaýan adamyň söz baýlygy giň bolýar. Sözlerde
sakynyp-säginmekden saklap, çeperlik we şirinlik çaýýar.
5. Kitap okaýan adamyň akyly ösýär, zehini joşýar, pikiri durlanýar.
6. Kitap okaýan adam bilime baý bolup, ýatkeşligi we düşünjesi
ýitileşýär.
7. Kitap okasaň, ynsanlaryň tejribelerini, hekimleriň hikmetlerini,
alymlaryň ylymlaryny öwrenip we özleşdirip bolýar.
8. Kitaby köp okasaň, ylym almagyň we durmuşa düşünmegiň
ýollaryny tapyp bolýar.
9. Kitap okamaklyk akyly perişanlykdan, kalby birahatlykdan,
wagty bimany geçirmekden (zaýalamakdan) saklaýar.
10. Sözüň manysyna çuňňur düşünmäge, öwrenilen zatlary pugta
ýatda saklamaga, aýdylýan zadyň maksadyny aňmaga we pynhan hikmetleriň syryny bilmäge kömek edýär.
Kitap okamagyň ähmiýeti-peýdasy, täsiri we bereketi hakda aýdylan
pendi-nesihatlar örän kän. Okumyş adamlar onuň täsirini öz durmuşlarynda anyk we aýdyň duýýarlar. Akyldarlaryň aýtmagyna görä,
kitap okamagyň bereketi arkaly wagty bilen bitmeýän işleriňiziň çilesi
çözülip, dessine ugrugar. Durmuş menzillerinde ruhubelent, ynamly we
maksada okgunly hereket etmek üçin, bagtyň hakyky lezzetini duýup
ýaşamak üçin bir netijä gelip bolýar. Munuň üçin hemişe okamak
gerek.