Eý adamlar,
sözi asal adamlar!
Meniñ tutuklygmy göwne almañ siz,
Ynjamañ siz agras çyksa sözlerim.
Size däldir didelermiñ kinesi
Sizden däldir ýaşa dolsa gõzlerim
Takdyr maña tukat ykbal eçilip
Alçaklygmy girdabyna ýyllaryñ
Oklady-da heýhat goýdy ornuna..
Işim bolmaz hile bilen, al bilen,
Sulhum almaz şelayynyñ gybatyn..
Dost syryna sandyk boldum,
azmadym
Õz janyma dözdüm, dosta dözmedim,
Ýöne ykbal bilen ýalñyz sõweşdim
Tamakin bolmadym "bar men" diýenden
Aman dilemedim her öñýetenden.
Baş egere merdiñ merdin gözledim..
Iñ soñy bu ykbal utdy daraşyp,
Meni menden alan ýyldan soraşyñ
Ygyp galdym men özümden azaşyp.
Eger mümkin bolsa tapyp alajyn
Maña "Meni" gaytarsynlar, haýyşym!