owadanjam
07.03.2022 09:52
Kaka, uly bolmak aňsat däl eken,
Seniň nanyň iýen günlemdir Jennet.
Indi iýjek bolup bir döwüm çörek,
Ondan öň iýýärin müň döwüm minnet

Kaka uly bolmak aňsat däl eken,
Durmuşyň agramy asylýar çepden.
Hemme zada çydan gaýduwsyz göwnüm,
Dik başyny egip basylýar gepden.

Kaka, uly bolmak aňsat däl eken,
Wepasyz dostlardan dolupdyr daşym.
Şolaryň öňünde aşak egilýär,
Zalym duşmanlara egmedik başym.

Ýaglygyn syranda düşüpdir didäm,
Käbämiň saçlaram bu gün çal eken.
Uly oýa batyp ötüpdir gijäm,
Kaka uly bolmak aňsat däl eken.

Ulalmak çyndanam kyn eken kaka,
Dostlam bilen oýnamagy söýerdim.
Durmuş şo-ol çagalyk oýnum bolsady,
Ýadan wagtym "oýnajak däl! diýerdim.

Kerim Hallyýew
15
167
owadanjam
06.03.2022 09:52
Islenmez ýürekde ne seň işiň bar,
Zorlap söýdürmegin, söýmeýän bolsa.
Ol söýmese ýene söýjek kişiň bar,
Zorlap söýdürmegin, söýmeýän bolsa.

Ýalbaryp dyzyňa çökseňem bolmaz,
"Sen meniňki bolaý?!" sözüňem almaz,
Ýöne kalbyň sözi ýerde-de galmaz,
Öküner söýgide oýun edýän bolsa.

Sen görmek islärsiň onuň keşbini,
Gurmagam islärsiň köňül köşgüňi,
Eger kabul etmäýende yşgyňy,
Sen ony zor bilen söýdürjek bolma.

Bu gün ýalan bilen seniňki bolsa,
Ertir gidip birden özgäňki bolsa,
Senem muňa dözmän gözleriň dolsa,
Zorlap söýdürmegin, söýmeýän bolsa.

Gitjegi saklama! Goý gitse gitsin,
Bir günlik däl, gözden ömürlik ýitsin,
Görkezen görgüsin özi hem çeksin,
Ökünip geler, öküneni çyn bolsa.

Sen aýtdyň, aýtjagyň söýgiň hakynda,
Ugrunda ylgadyň, gezdiň daşynda,
Olam aýdar bir gün, dikilip gaşyňda,
Eger kalpdan söýgi isleýän bolsa.

Diňeje sabyr et, durmuşyň ýaşa,
Bagtyň ýazdan gözle, ýetmäkäň gyşa,
Belki ýanyňdadyr, seretseň daşa,
Hiç kimi zorlama söýmeýän bolsa.

Rahymberdi
Suhanow
11
76
owadanjam
05.03.2022 18:09
Sõýgi hakda õñem ýazdym kân gezek,
Ýene ýazjak. Õñkilerim az ýaly.
Bir gyz ýũregime gurupdyr duzak,
Sõýũp ýõrũn...bar pasyllar ýaz ýaly.

Ýõne diýýân gyzym şeýle bir ynjyk,
Kãte ýakyp, govrup barýar kõz ýaly.
Uzyn kirpiklerini ýũregime sanjyp,
Kãte gahar edýãr, kãte nãz ýaly.

Bir gõrseñ-ã içgin ãbede-jũje,
Duşuşýasam aralarmyz saz ýaly.
Kãte bar umydym çykaryp puja,
Ýũzũn sovýar, gyz ýũregi buz ýaly.

Aşyk ýigdiñ haly neneñ diýseler,
Kãte çille ýaly, kãte ýaz ýaly.
...ýõne şu ýagdaýda ýũz ýyl goýsalar,
Gõvnũme bolmasa ýene az ýaly...

1961.
Halyl Kulyýev

13
88
owadanjam
04.03.2022 09:12
Eger seni adamlar halaýan bolsalar onda sen govy adam.
A eger seni ýigrenýãn bolsalar onda sen iñ govy adam!
10
178
owadanjam
03.03.2022 22:45
Bagyşla velin, başgalaryñ gepi bilen ýõrejek bolsañ, õz kellãñ nãmã gerek?!


(Kã vagt adam õzũne şu soragu bermeli)
10
80
owadanjam
01.03.2022 19:27
Gussa basýar her gũnũmiñ şatlygyn,
Bilmãndirin ýakynlarmyñ yatdygyn.
Çagakam ulalmak arzuvymdy meñ,
Bilmãndirin onuñ erbet zatdygyn.

Giç dũşũndim durmuşyñ bu ýoluna,
Gelipdirin kã ynsanlañm a:lyna,
Kã yndan şeýlebir ýasama velin,
Daşyndan seretseñ ýagşy ýalyla.

Ne dogan galypdyr ne-de bir gardaş,
Eldãki galamym ýeketãk syrdaş
Dek dũýnjigem dogan bolan dostlarym,
Edipdirler bu gũn aralaryn daş.

Jennet Meredova
13
34
owadanjam
23.02.2022 09:37
Adam men, ýalňyşym bilen söýmeli,
Jennetde päk biten gül bolup bilmen.
Ýigrenýänler bar diýip ne üçin köýmeli,
Hemmä ýarar ýaly pul bolup bilmen.

Baý däl, bagtlyny ýüzüme syldym,
Başarsam mert bolup gözlere ildim.
Men diňe bir güýje gul bolup indim,
Ynan özgelere gul bolup bilmen.

Ynsan pes-päl bolsa ýeňjegi hakdyr.
Kalbymyň gymmaty çen bilen çakdyr,
Süýem barmagyňy ýokary baldyr,
Men ana diňeje şol bolup bilmen.

Kerim Hallyýew
11
52
owadanjam
19.02.2022 08:40
Watanymdan bolsam sürgün,
Dogduk ýerden göçen aglar.
Saýrak dilden galsam bir gün,
Ejem aglar, ejem aglar.

Tende derdiň sürse höküm,
Yzasyny çeken aglar.
Emma saňa çümse tiken,
Ejem aglar, ejem aglar.

Ýeňse sizi ýollaň kyny,
Agyr ýoly geçen aglar.
Ýeňen biri, ýeňlen biri,
Emma ýene ejeň aglar,

Wadasyndan dönse ol gyz,
Gözýaşyny içen aglar.
Oglum ýandy diýip, ogryn
Ejem aglar, ejem aglar.

Meni bir gün ýer ýuwudar,
Ýaşa ezilen seçek aglar.
Kyrkymdan soň ýarym unudar,
Ejem aglar,
Ejem aglar.

Kerim Hallyyew
6
44
owadanjam
18.02.2022 09:17
Oglanlyk döwrümdi. Söýdüm bir gyzy.
Ýok, ýok, beý diýerden irräkdi heniz.
Öz ýanymdan söýýän ýaly bolsam-da,
Söýgim basdaşlykdan bärräkdi heniz.

Okuwdan soň baha sanaşygynda
Artyk, kem bolaýsa bir bäşligimiz.
Söýginiň deregin basdaşlyk tutup,
Bolmazdy yşk diýen mätäçligimiz.
Şeýdip geçip gitdi oglanlyk döwrüm

Jahyllyk döwrümdi. Söýdüm bir gyzy.
Ol hem maňa söýýän ýaly bakardy.
Emma zalym uruş ara düşdi-de,
Herimizi bir gapydan çykardy

«Söýýän!» sözün sözlemäge ýetişmän,
Çykdym ýaş başymdan nan gözlegine.
(Eneň, jigileriň aç burlup ýörkän,
Nädip seredersiň gyz gözlerine!)
Şeýdip geçip gitdi jahyllyk döwrüm

Ýigitlik döwrümdi. Söýdüm bir gyzy.
(Agyr günler bolsa bolupdy tamam.
Ýeňiş nury bilen ýagtylan sözler
Biziň öýmüze-de beripdi salam).

Emma ol söýgimem başa barmady.
Ýene asgyn çykdym oýnan oýnumdan:
Ýeri, söýýäniňi aýdyp bilmeseň,
Kim samsyk aslyşar seniň boýnuňdan!
Şeýdip geçip gitdi ýigitlik döwrüm.

Dälilik döwrümdi. Söýdüm bir gyzy.
Diýse-de babalar: «Sagynýança sag,
Däli iki gezek öýär ogluny!»
Ne-hä däliligim eçildi sylag,
Ne-de sagatlygym...
Sylaga derek
Ullakan bir synag holtumyn açdy.
Diýdiler: «Kyrk halat, kyrk müňem manat!»..
Şeýdip akyl berdi dälilik döwrüm.
Jübimi çöwürdim: kyrk köpük gaçdy

Kämillik döwrümdi. Söýdüm bir gyzy.
Günde bir görmesem karar tapmadym.
Iki görsem, üç görmegi arzuwlap,
Üç görsem, dördünjä arzuw topladym.

Soýdüm, söýdi... Emma weli sizi-de
Unudyp bilmerin başky söýgüler.
Mahal-mahal sizi ýatladygymça,
Siziň joraňyza söýgim beýgeler.
Şeýdip geçip barýar kämillik döwrüm.

Awtor:Kerim Gurbannepesow
7
56
owadanjam
12.02.2022 08:38
"Nesibe" diýip nãmã duşũnýäñiz?
"Nesibe" nãme?

Her kim õz dũşũnjesini ýazaýsyn🙂
10
72