owadanjam
05.03.2022 18:09
Sõýgi hakda õñem ýazdym kân gezek,
Ýene ýazjak. Õñkilerim az ýaly.
Bir gyz ýũregime gurupdyr duzak,
Sõýũp ýõrũn...bar pasyllar ýaz ýaly.

Ýõne diýýân gyzym şeýle bir ynjyk,
Kãte ýakyp, govrup barýar kõz ýaly.
Uzyn kirpiklerini ýũregime sanjyp,
Kãte gahar edýãr, kãte nãz ýaly.

Bir gõrseñ-ã içgin ãbede-jũje,
Duşuşýasam aralarmyz saz ýaly.
Kãte bar umydym çykaryp puja,
Ýũzũn sovýar, gyz ýũregi buz ýaly.

Aşyk ýigdiñ haly neneñ diýseler,
Kãte çille ýaly, kãte ýaz ýaly.
...ýõne şu ýagdaýda ýũz ýyl goýsalar,
Gõvnũme bolmasa ýene az ýaly...

1961.
Halyl Kulyýev

13
88
owadanjam
6 Mart 2022
Gena,Mũmkin
gena_02
6 Mart 2022
Halyl Kulyyew Gurbannazar Ezizowyn dosty bolmaly.

2 sahyryn aydysyk gosgusam bar oydyan!
owadanjam
6 Mart 2022
Shamko, Bolup biler)) Ajap eje diýerden ýaş ýõne men
owadanjam
6 Mart 2022
Shamko,Adym Ajap
owadanjam
6 Mart 2022
Shamko, Bolýar õtünç sorar ýaly zat bolanokla 🙂
owadanjam
6 Mart 2022
Shamko, Nãme ũçin gũlýan gulkinç zada diýmedimmikam diýýãn
owadanjam
5 Mart 2022
Shamko, Minnetdar, postlarymy halaýan bolsañyz🙂
owadanjam
5 Mart 2022
Shamko,Sagbol🙂
Cindrella
5 Mart 2022
Gowy goryan sahyrym.
Aýdogdy
5 Mart 2022
Ine in gowy pasyl "Ýaz" 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.