owadanjam
19.02.2022 08:40
Watanymdan bolsam sürgün,
Dogduk ýerden göçen aglar.
Saýrak dilden galsam bir gün,
Ejem aglar, ejem aglar.

Tende derdiň sürse höküm,
Yzasyny çeken aglar.
Emma saňa çümse tiken,
Ejem aglar, ejem aglar.

Ýeňse sizi ýollaň kyny,
Agyr ýoly geçen aglar.
Ýeňen biri, ýeňlen biri,
Emma ýene ejeň aglar,

Wadasyndan dönse ol gyz,
Gözýaşyny içen aglar.
Oglum ýandy diýip, ogryn
Ejem aglar, ejem aglar.

Meni bir gün ýer ýuwudar,
Ýaşa ezilen seçek aglar.
Kyrkymdan soň ýarym unudar,
Ejem aglar,
Ejem aglar.

Kerim Hallyyew
6
44
owadanjam
19 Fewral 2022
Õñ okan bolmagyñyzam ahmal, ýene-de paýlaşaýyn diýdim. Gowy goşgy bolany ũçin
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.