owadanjam
07.03.2022 09:52
Kaka, uly bolmak aňsat däl eken,
Seniň nanyň iýen günlemdir Jennet.
Indi iýjek bolup bir döwüm çörek,
Ondan öň iýýärin müň döwüm minnet

Kaka uly bolmak aňsat däl eken,
Durmuşyň agramy asylýar çepden.
Hemme zada çydan gaýduwsyz göwnüm,
Dik başyny egip basylýar gepden.

Kaka, uly bolmak aňsat däl eken,
Wepasyz dostlardan dolupdyr daşym.
Şolaryň öňünde aşak egilýär,
Zalym duşmanlara egmedik başym.

Ýaglygyn syranda düşüpdir didäm,
Käbämiň saçlaram bu gün çal eken.
Uly oýa batyp ötüpdir gijäm,
Kaka uly bolmak aňsat däl eken.

Ulalmak çyndanam kyn eken kaka,
Dostlam bilen oýnamagy söýerdim.
Durmuş şo-ol çagalyk oýnum bolsady,
Ýadan wagtym "oýnajak däl! diýerdim.

Kerim Hallyýew
15
167
Älem
7 Mart 2022
SeýtmämmedowMyrat,näçenji kurs sen?
Älem
7 Mart 2022
SeýtmämmedowMyrat,bilýän bolsañ ýazwer onda
Älem
7 Mart 2022
SeýtmämmedowMyrat,Sitamatalogiýa däl Стоматология дийип языля
Myhman Myhman
7 Mart 2022
Iñ erbet zat kakasyzlyk edil duzsuz nahar iyen yali .lal yali bolyan umuman aydanda hemişe yüregin bir cetinde agyr sanjy duryar .yatlamazlyk gynanmazlyk mumkin dal 😥
M.....
7 Mart 2022
SeýtmämmedowMyrat,😔😔gynandym 😔
M.....
7 Mart 2022
ulalmak kyn dâl men üçin kakasyzlyk kyn😔
owadanjam
7 Mart 2022
G🌼.., 🙂
Myhman Myhman
7 Mart 2022
men ucin a ulalmak kyn dal yone kakasyzlyk kyn😔name hereket etsenem yalnysmaly dal yalnysmaga hakynam yok,sebabi yalnyşsan arkanda durjak kakan yok 😥😢su gosgy men galereyamda da ba her gezek okamda aglayan😥😔
Älem
7 Mart 2022
👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.