orhideya_
14.01.2024 23:38
Erkekleriñ iñ beýik hereketlendiriji güýji - olaryñ aýallaryna gowy görünmek islegidir.


Eger-de pully, beýik meşhur erkekleriñ durmuşyndan aýallary çykaryp taşlasañyz, olar üçin baýlygy manysyz we peýdasyz bolup galar.


Erkekleriñ tebigatyny bilýän ony ezizläp we ýardam beriji zenan, başga aýallar tarapyndan adamsynyñ ugrundaky bäsdeşlikden umuman gorkmasalar hem bolar.
33
128
orhideya_
24.12.2023 21:58
Ýollar meni sen ýanyňa äkider,
Näçe aýlaw, näçe çatryk bolsa-da..
Ýöne sen «Uzak-la?!» diýip, geň galma, Bagtly ýollar kyn bolýandyr ýogsa-da.

Gowusy, meň sabrymdan sabyr böl-desen, Öz sabryň üstüne sabyr sarap goý.
Hemem aýralyga göwün bölme sen,
Çykyp, zol-zol ýollaryma garap goý.

Men ak gyşda ak gar bolup bararyn.
Ýa, ýazda bararyn, meňzäp güllere,
Ýöne, sen ýadyňdan çykarma meni,
Hem göwnüňi berme özge dilbere.

Sen diňe garaşgyn, garaşgyn maňa.
Bir gün barýanymy aýdar ýagyşlar.
Men seni hiç zada deňäp bilmedim,
Senem meni hiç bir zada çalyşma!
28
44
orhideya_
15.12.2023 17:44
Salam, bu men.
Gül goÿnuña ÿetmegi,
Iñ arzyly maksat edip tutunan.
Özge menzillerde yşkyñ yşygna,
Ÿalñyzlygyñ wehiminden gutulan.
Hemem şu hal synlap görkli ÿüzüñi,
Ukudakañ başyñ alyp oturan.

Başlar ÿene täze güni ykbalyñ,
Güneş gözleriñe nuruny çaÿar.
Şonda Älem meni bagtly aşyk,
Seni bolsa bagty gelen gyz saÿar.

Oÿanarsyñ, säher saçlaryñ ÿaÿyp,
Göz güldirip doldurarsyñ goÿnumy.
Az kem eljirärsiñ, aÿnarsyñ hemem,
Näz edersiñ söÿgä büräp ruhumy.

A men bolsa ak ÿüzüñden galkyna,
Gandyryp görküñe teşneligimi.
Saña bu kalbymyñ yşkyndan dörän,
Aÿdyp berjek eşitmedik şygryñy.

Baky bendi eÿle mähir çeşmiñe,
Ÿollaryma gözüñ dikip söÿ meni.
Güÿjese güÿjesin, goÿ seniñ bilen,
Bir howadan dem almagyñ höwesi.
34
53
orhideya_
12.12.2023 20:55
Söýýän adamyňyza ynanarsyňyzmy ýa-da ynanýan adamyňyzy söýersiňizmi?
30
209
orhideya_
12.12.2023 12:07

Göýä toý çapary ýaly alakjap

Ýägýar gara gyşyň ilkinji gary.

Çäksiz hesret bilen syn edip duryn,

Çap-çal bulutlary, gar basan ýoly.


\"Akja zat alnyňa ýagşydyr\" diýip

Birmahallar , enem, aýdardyň kän kän.

Tolgunyp barýaryn wadaly ýere,

Gar bolsa ýagyp dur, agarýar palto.


Ak günde aklyga beslenen göwni

Ne güldürip bildim, ne-de ýyladyp.

Umydym azaldy, peseldi tabym,

Ýalňyz galdym üşän elim galgadyp.


Hiç mydar bermedi ilkinji söýgim,

Alnyňa ýagşylyk bolsa-da ak zat.

Bu ahwaly nämä ýorarkaň, enem,

Gözümden ýaş damýar.

Gar ýagýar ap-ak.


Apbaýew M.

33
198
orhideya_
10.12.2023 20:58
Käte ýersiz ýere gussa batýarsyň,
Tapaňok hiç öz-özüňden ýakyny.
Ah, şeýle pursatlar neneňsi oňat,
Ýürekdeş gapyňy kaksa birisi...
32
49
orhideya_
10.12.2023 16:31
Meni ýigrenýän adamlary öňküdenem beter ýigrendirmegi söýýän😁
37
354
orhideya_
28.11.2023 00:40
Omar Haýýam aýdypdyr:
Birew biler bägülleriň ysyny,
Birew alar kekreden baly.
Birewe nan berseň, baky unutmaz,
Birewe ömrüň berseň – düşünmez...
30
61
orhideya_
26.11.2023 01:14
Näme üçin beýle gerilýäň, dogulmagyň bir damja suw bolsa ölmegiňem bir gysym toprak ahyry.
29
78
orhideya_
19.11.2023 01:00
Sen şeylebir bagtly ýigit, bilyäňmi?
Daşyň gurşasa-da, onlarça gyzlar.
Dünyäñ bir künjünde kalbynda seni
Ezizläp oturan duýguçyl gyz bar.

Sen şeylebir bagtly ýigit, bilýäñmi?
Günde señ adyñy müñ goşga salyp,
Dünyäñ bir künjünde galyp ukudan
Bir gyz otyr ele galamyn alyp.

Sen şeylebir bagtly ýigit, bilyäñmi?
"Ezizim" sözüni aýdýan men müñläp
Bir gyz bar, belki-de, syryn açmadyk
Dillenmedik yşkyn kalbynda gizlän.

Sen şeylebir bagty çüwen, belki-de,
Bilyän dälsiñ, bir gülüñ bar solmayan.
Umydyndan ýola bakyp gündizler,
Gijelerne seniñ üçin aglayan.

Dünyäñ bir künjünde seni görmezden,
Duyýar bir gyz aglayanñy, gülyänňi.
Dileg edyär saña yzyn üzmezden,
Sen şeyle bir bagtly ýigit, bilyäñmi?

Güljan KAKAYEWA
27
53