orhideya_
19.11.2023 01:00
Sen şeylebir bagtly ýigit, bilyäňmi?
Daşyň gurşasa-da, onlarça gyzlar.
Dünyäñ bir künjünde kalbynda seni
Ezizläp oturan duýguçyl gyz bar.

Sen şeylebir bagtly ýigit, bilýäñmi?
Günde señ adyñy müñ goşga salyp,
Dünyäñ bir künjünde galyp ukudan
Bir gyz otyr ele galamyn alyp.

Sen şeylebir bagtly ýigit, bilyäñmi?
"Ezizim" sözüni aýdýan men müñläp
Bir gyz bar, belki-de, syryn açmadyk
Dillenmedik yşkyn kalbynda gizlän.

Sen şeylebir bagty çüwen, belki-de,
Bilyän dälsiñ, bir gülüñ bar solmayan.
Umydyndan ýola bakyp gündizler,
Gijelerne seniñ üçin aglayan.

Dünyäñ bir künjünde seni görmezden,
Duyýar bir gyz aglayanñy, gülyänňi.
Dileg edyär saña yzyn üzmezden,
Sen şeyle bir bagtly ýigit, bilyäñmi?

Güljan KAKAYEWA
27
53
vekil_city
19 Noýabr 2023
Şeýle gyzlaryň biri biziňem maňlaýymyza ýazylsyn...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.