Göýä toý çapary ýaly alakjap
Ýägýar gara gyşyň ilkinji gary.
Çäksiz hesret bilen syn edip duryn,
Çap-çal bulutlary, gar basan ýoly.
\"Akja zat alnyňa ýagşydyr\" diýip
Birmahallar , enem, aýdardyň kän kän.
Tolgunyp barýaryn wadaly ýere,
Gar bolsa ýagyp dur, agarýar palto.
Ak günde aklyga beslenen göwni
Ne güldürip bildim, ne-de ýyladyp.
Umydym azaldy, peseldi tabym,
Ýalňyz galdym üşän elim galgadyp.
Hiç mydar bermedi ilkinji söýgim,
Alnyňa ýagşylyk bolsa-da ak zat.
Bu ahwaly nämä ýorarkaň, enem,
Gözümden ýaş damýar.
Gar ýagýar ap-ak.
Apbaýew M.