orhideya_
15.12.2023 17:44
Salam, bu men.
Gül goÿnuña ÿetmegi,
Iñ arzyly maksat edip tutunan.
Özge menzillerde yşkyñ yşygna,
Ÿalñyzlygyñ wehiminden gutulan.
Hemem şu hal synlap görkli ÿüzüñi,
Ukudakañ başyñ alyp oturan.

Başlar ÿene täze güni ykbalyñ,
Güneş gözleriñe nuruny çaÿar.
Şonda Älem meni bagtly aşyk,
Seni bolsa bagty gelen gyz saÿar.

Oÿanarsyñ, säher saçlaryñ ÿaÿyp,
Göz güldirip doldurarsyñ goÿnumy.
Az kem eljirärsiñ, aÿnarsyñ hemem,
Näz edersiñ söÿgä büräp ruhumy.

A men bolsa ak ÿüzüñden galkyna,
Gandyryp görküñe teşneligimi.
Saña bu kalbymyñ yşkyndan dörän,
Aÿdyp berjek eşitmedik şygryñy.

Baky bendi eÿle mähir çeşmiñe,
Ÿollaryma gözüñ dikip söÿ meni.
Güÿjese güÿjesin, goÿ seniñ bilen,
Bir howadan dem almagyñ höwesi.
34
53
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.