Ýollar meni sen ýanyňa äkider,
Näçe aýlaw, näçe çatryk bolsa-da..
Ýöne sen «Uzak-la?!» diýip, geň galma, Bagtly ýollar kyn bolýandyr ýogsa-da.
Gowusy, meň sabrymdan sabyr böl-desen, Öz sabryň üstüne sabyr sarap goý.
Hemem aýralyga göwün bölme sen,
Çykyp, zol-zol ýollaryma garap goý.
Men ak gyşda ak gar bolup bararyn.
Ýa, ýazda bararyn, meňzäp güllere,
Ýöne, sen ýadyňdan çykarma meni,
Hem göwnüňi berme özge dilbere.
Sen diňe garaşgyn, garaşgyn maňa.
Bir gün barýanymy aýdar ýagyşlar.
Men seni hiç zada deňäp bilmedim,
Senem meni hiç bir zada çalyşma!