orhideya_
26.04.2024 13:24
Gözümden ýitseňem, göwnümden ýitme.
Yşky bilen ýüregime han bolan...
Aşyk bolanlaryň söýgüsi gitse,
Adam bolmaz, gezip ýören san bolar.
Hyýaldan gitseňem, umytdan gitme,
Umytly guş Käbä ýeter soňunda.
Kalba ýara bolda hiç wagt bitme,
Gyş bolsaň bol, ömür ahyr sowulma.
Dünýämden gitseňem, dünýeden gitme,
Bir ýerlerde barlygyňda bardyryn.
Aýralyk awusy hiç wagt ötmez,
Bil hemişe didaryňa zardygym.
Goşgynyň awtoryny kim bilýä?
27
76
orhideya_
25.01.2024 20:19
Akyl satmak aňsat, maslahat bermek kyn (tymsal görnüşde hekaýa)
"Reňkleriň piri" diýip tanalan, bir ökde suratkeşiň şägirdi okuwyny tamaplapdyr. Halypa-suratkeş şägirdini ugradanda "Çeken suratyňy şäheriň köp adamly ýerinde goý we ýanynda gyzyl ruçka bilen "Suratyň halamadyk ýeriňize "X" bilen bellik ediñ diýilen haýyşnamany as" diýipdir. Şägirt diýilişi ýaly edip, birnäçe günden suratyna seretmäne gelende onuň suratynyň "X"-lardan doludygyny görüpdir. Muňa gynanyp halypasynyň ýanyna barypdyr. Ussat-suratkeş "Darykma ýene dowam et, ýene bir suraty çek" diýipdir. Şägirt suratyny täzeden çekipdir. Halypasy "Suraty ýene şäheriň iň köp adamly ýerinde goý. Bu gezek suratyň ýanynda her dürli reňkler bilen doly bolan bir guty we birnäçe çotgajyklar bilen "Halamadyk ýeriňizi reňklee bilen düzediň" diýilen haýyşnama goý" diýip aýdypdyr. Okuwçy ýene aýdylany edipdir. Bu gezek okuwçy birnäçe günden soň barsa, suratyna hiç hili el degmändir. Begenip, halypasynyň ýanyna barypdyr weli halypasy oňa:
-Birinjide adamlara pursat bereniňde, nä derejede rehimsiz tankyt ýagdyryşlaryny gördüň. Ýagny ömründe surat çekmedik adamlaram, sungatdan hiç-hili başy çykmaýan adamlar hem gelip seniň suratyňy garalady. Ikinjisinde sen olardan "Sungat döredijisi" bolmaklaryny islediň. Dörediji bolmak üçin türgenleşmek gerekdir. Hiç kimiň bilmeýän, bilmeýän zadyny-başy çykmaýan suraty düzetmäne gaýraty çatmady. Çeken azabyňa dogry düşünmeýän adamdan dogry baha alyp bilmersiň. Berk-belle zähmediňi bilmeýänlere hödürleme we asla bilmeýänlee bilen çekeleşme. Utulanyňda däl, maksadyňdan däneniňde utularsyň.
Çeşme: öwrenmeliniň 2021-nji ýylda Ideallider agzanyň postundan göçürme
37
124
orhideya_
25.01.2024 17:02
Örän kän wagt öňdi. Şolar ýaly öňdi welin "wagt" diýip bir zat ýokdy. Ynsanlar, gün dogup batynça ýaşaýardylar durmuşy, bir gezek hiç bolmajak ýaly manyly. Şeýdip üç bölekden durýan wagt diýip birzat oýlap tapdy adamlar. Bir bölegine "düýn" ýene birine "bü gün" başga bir böleginede "ertir" diýdi. Soňra nähili bolany belinmeýär ýa-da bilinsede aýdylmaýar, erbet bulaşdy durmuş we ynsan bu gününi unytdy. Düýni pikirlenip puşman etdi, ertiri üçin aladalandy hemişe, emma işiň täsin tarapy hemme aladalaryny we puşmanlyklaryny gün dogup batynça çenli ýaşadylar. Özleri bilmedik ýagdaýynda bu günini puç edýäler. Ýogsa ertir, bu güne "düýn" diýjekdi, barbir düýnem bu güne ertir diýýärdi. Näme bolsada oňaryp bilmedi. Bir eli bilen ertire, bir eli bilenem düýne ýapyşdy, bu güni eline ýüzüne bulaşdyrdy, bagtsyz boldy ynsan. Ýene bir üýtgeşik zat ertiriň aladasyny hem düýnüň puşmanlygyny hem bu gün etdi. Ýone bu güni duýup ýaşamady, ne düýn ne ertir.
33
67