orhideya_
26.04.2024 13:24
Gözümden ýitseňem, göwnümden ýitme.
Yşky bilen ýüregime han bolan...
Aşyk bolanlaryň söýgüsi gitse,
Adam bolmaz, gezip ýören san bolar.

Hyýaldan gitseňem, umytdan gitme,
Umytly guş Käbä ýeter soňunda.
Kalba ýara bolda hiç wagt bitme,
Gyş bolsaň bol, ömür ahyr sowulma.

Dünýämden gitseňem, dünýeden gitme,
Bir ýerlerde barlygyňda bardyryn.
Aýralyk awusy hiç wagt ötmez,
Bil hemişe didaryňa zardygym.


Goşgynyň awtoryny kim bilýä?
27
75
fl_ower
26 Aprel 2024
Gowy goşgy eken👍♥️
orhideya_
26 Aprel 2024
@awgust, menem şeýlemika dp anygny biljek bolýan
awgust
26 Aprel 2024
Awtory Gülşirin Hanowamyka diýän?🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.