orhideya_
22.01.2024 09:34
Seniñ gülden näzik,görkli göwnüňe,
Yşky nygmatyny rowa gören Hak
Söýmek ücin yşkbaz saýyp menide
Munda ikimizi duşurşyna bak!

Geldiñ mahmal demiñ çaýdyñ ýüzüme
Unutdym dünýäniñ ýanwarlaryny
Ikimiz hem söýüşmegi bilsekde
Bilmändiris başa geljek gamlary.

Gabanjañlyk üçin gaýry gözlerden
Käte sowa düşen sözlerim üçin
Zol zol kine düşüp dursa kalbyña
Biz bu ýola bile çykdyk nämüçin?

Hem nämüçin ykbalymyz birigen
Hakyñ halan söýgi atly ýolunda
Wah hemmämiz çig süýt emip ulalan
Düşün ahyr
Yşkyñ ody gursakda
Bir birege hemdem üçin ýanyp dur
Durmuşyñ añzakly ýanwarlarynda...
28
127
ylham_gurbanaly
25 Yanwar 2024
@gunesh_, şol oglan öz adyny halanokdy)
sazsoft
25 Yanwar 2024
@orhideya_, Hawa 👍
ylham_gurbanaly
25 Yanwar 2024
@gunesh_, Oguzhanda öň bir oglan bardy. Ady Maradona . Kakasy ýaşlagynda Maradonanyň fanady eken. Şoňa dakypdyr)
ylham_gurbanaly
25 Yanwar 2024
@sazsoft, hehe, Men Mejlis diýenäm gördüm)
sazsoft
25 Yanwar 2024
@ylham_gurbanaly, Gadyr öň-ä oglan adydy :)
sazsoft
25 Yanwar 2024
@ylham_gurbanaly, Hawa, Kanun diýen ady eşidip haýran bolupdym. Kabul diýibem at bar eken 🤦‍♂️
ylham_gurbanaly
25 Yanwar 2024
@gunesh_, Gadyr gyz ady öňem bardy)
sazsoft
25 Yanwar 2024
@orhideya_, Umyda bardy, indi onam türkmençeläp, Umyt etdiler welin, indi Umyt ady hem unisex name boldy :)
ylham_gurbanaly
25 Yanwar 2024
Aşgabat, Paýtagt, Arkadag ýaly tåzeçil atlaram köpeldi. Aşgabat gyzada oglanada ba)
ylham_gurbanaly
25 Yanwar 2024
@sazsoft, hehe hawa
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.