olia
03.01.2023 21:23
Näme üçin SSSR-de konserwirlenen agyz suwy öndürildi?
SUW - ÝETMEZÇILIKLI ÖNÜM HÖKMÜNDE
Häzirki döwrüň ýaşaýjysy ýüzünde “agyz suwy” ýazgyly konserwa gabyny görende, çyn ýürekden haýran galyp biler. Aslynda häzirki wagtda dünýäniň çar künjeginde syýahatçylara Parižiň, Moskwanyň ýa-da San-Fransiskonyň kondensirlenen howasynyň ýa-da Wezuwiý wulkanynyň tozanynyň satylýandygyna görä bu geň däl. Emma, ​​sowet raýatlarynyň näme üçin konserwirlenen agyz suwuna mätäçdigi, ilkinji seredişde, doly düşnükli däl. Şeýle-de bolsa, bu soragyň jogaby dürli görnüşleri bolan iki ýyllyk ýaramlylyk möhletli, 240 gram agramly bankada tapylyp bilner. Konserwanyň görnüşleriniň birinde konserwirlenen agyz suwunyň haçan we haýsy şertlerde sarp edilip bilinjekdigini düşündirýän görkezmäni görüp bolar. SSSR döwründe bu suw halas ediş gämileri üçin gury rasion elementleriniň biri bolmak bilen açyk deňizde kynçylyk çekýän gämileriň deňizçileri üçin niýetlenipdir. Kyn ýagdaýa düşen deňizçilere mümkin boldugyça ýagyş suwuny ýygnap içmek maslahat berlipdir. Diňe iň kynçylykly ýagdaýda, ýagyş suwuny tapyp bolmadygynda konserwanyň iki ýerinden kiçijek deşik edip suwy gaty tygşytly içmelidigi aýdylypdyr. Şeýle-de konserwada suwy -35°C-dan +66°C temperaturalar aralygynda ulanyp boljakdygy ýazylypdyr.Konserwanyň bu görnüşi üýtgeşik usulda taýýarlanypdyr. Çeşme suwuny gaýnadyp, askorbin kislotasyny goşup, soňra konserwalara gaplapdyrlar. Şeýle suw gaty köp wagt saklanypdyr. SSSR döwründe şeýle suwlar söwda we harby gämileriň deňizçilerinden başga-da suwasty gämileriň deňizçilerinede berlipdir.
21
309
olia
25.12.2022 21:55

Öňüňizdäki stoluň üstünde buz kuby bar diýip göz öňüne getiriň. Otag sowuk we agzyňdan bug çykýar. Howanyň temperaturasy -4°C. Kem-kemden otagdaky temperatura ýokarlanyp başlaýar.

Minus 3.5.

Minus 2.5.

minus 2.

Buz kuby henizem öňüňizdäki stolda.

Minus 1.5.

minus 1.

minus 0,5.

Häzirlikçe hiç hili üýtgeşme bolmady.

Soňra temperatura 0-a çykýar. Buz eräp başlaýar. Öňki ädimlerden üýtgeşik görünmeýän ýarym dereje ädim uly üýtgeşmelere sebäp boldy.

Uly göwrümli üýtgeşiklik, köplenç üstünlik gazanmak üçin potensialy döredýän gaýtalanýan hereketleriň netijesidir. Bu ýörelge köp ýerde ulanylýar.Rak öýjükleri ömrüniň 80%-inde ýüze çykmaýar we birnäçe aýyň içinde tutuş bedeni ele alýar. Bambuk ilkinji bäş ýylda görünmeýär diýen ýaly, sebäbi alty hepdäniň içinde ýigrimi iki metre ýetmezden ozal, ýeriň aşagynda ullakan kök ulgamyny emele getirýär.

Edil şonuň ýaly-da, endikler köplenç döwülýän nokada ýetip, durmuşyňyzda täze derejä çykýançaňyz peýdasyz ýaly görünýär. Çyzykly görnüşde öňegidişlige garaşýarsyňyz, şonuň üçin ilkinji günlerde, hepdelerde we hatda aýlarda edýän zatlaryňyzyň netijesizdigi sizde göwnüçökgünlik döredip biler. Asla hiç ýere gozganmaýan, hiç hili üýtgeşme görmeýän ýalysyňyz. Aslynda, bu belli bir netijäniň toplanmagy bilen baglanyşykly islendik prosesiň alamaty: iň uly netijeler gijikdirilen effekt berýär.

Bu bolsa uzak möhletli endikleri emele getirmegiň gaty kynlygynyň düýp sebäplerinden biri. Adamlar durmuşyna birnäçe ownuk üýtgeşmeleri girizýärler, ýöne göze görnüp duran netijeleri görmeýändikleri üçin eksperimenti duruzmak kararyna gelýärler. Mysal üçin, "Bir hepde bäri günde ylgaýaryn, ýöne näme üçin bedenimde üýtgeşiklik göremok?" Belli bir wagtda bu pikirler ýeňýär, sebäbi erbet endikleriň peýdasyna gowy endiklerden ýüz öwürmek gaty aňsat.

39
479
olia
16.12.2022 20:08
Häzirki wagtda nä derejede üstünlikli ýa-da şowsuz bolmagyňyz möhüm däl. Iň esasy zat, endikleriňiziň sizi nä derejede üstünlik ýoluna alyp barmagy başaryp biljegidir. Şu wagta çenli gazanylan üstünlikler barada däl-de, ösüşiň traýektoriýasy barada has köp alada etmeli. Eger siz millioner bolsaňyz, ýöne şol bir wagtyň özünde aýlyk çykdajylaryňyz girdejiňizden ýokary bolsa, onda siz nädogry ösüş ýolunda.Çykdajy endikleriňiz üýtgemese, erbet netije bilen gutararsyňyz. Munuň tersine, eger üýtgeseň we az mukdarda tygşytlamaga başlasaň, isleýşiňden has haýal hereket etseňem, maliýe erkinligine eltjek ýolda bolarsyň.
ÜSTÜNLIKLER - ENDIKLERIŇ GIJIKDIRILEN PROÝEKSIÝASYDYR. Maliýe erkinligiňiz- pul endikleriňiziň netijesidir. Agramyňyz- iýmitleniş endikleriňiziň netijesidir. Bilimiňiz- öwreniş endikleriňiziň netijesidir. Öýdäki bulaşyklyk we bulam-bujarlyk- arassaçylyk endikleriňiziň netijesidir. NÄMÄNI YZYGIDERLI GAÝTALAÝAN BOLSAŇYZ ŞONY-DA ALARSYŇYZ.
20
156
olia
14.12.2022 19:31
Kim we nähili ýagdaýda Aýy satýar?

1967-nji ýylda ýurtlaryň köpçüligi tarapyndan kabul edilen "Kosmosy ulanmak hakyndaky Şertnama" döwletlere Asman jisimlerini ýa-da olaryň böleklerini öz ýeri diýip yglan etmegi gadagan edýär. 1979-nji ýylda kabul edilen "Döwletleriň Aýdaky we beýleki asman jisimlerindäki işjeňligi" hakyndaky ylalaşyk guramalara we şahsy ýüzlere hem eýeçiligi gadagan edýär, şeýle-de kosmos obýektleriniň resurslaryny tutuş adamzadyň mirasy diýip yglan edýär. Emma ol öz kosmos programmasy bolan döwletleriň hiç biri tarapyndan kabul edilmedi. Bu ýagdaýdan ugur alyp, amerikaly Dennis Houp "Aý posollygy" kompaniýasyny döretdi we Aýyň ýerlerini gektaryna $50 bahadan satýar. Satyn alan ýagdaýyňda hiç hili ýuridiki güýji ýok hem bolsa, seritifikatlary ýadygärlik sowgat üçin satyn alýanlar az däl. Houpyň aýdyşyna görä, oňa eýýäm Aýyň million gektardan gowrak ýerini satmak başartdy.
24
184
olia
13.12.2022 10:01
1. Günüň gaty ulydygyny bilmeýän ýok bolsa gerek. Ýöne onuň nä derejede ULYdygyny göz öňüne getirip gördüňizmi? Oňa düşünmek üçin Günüň 1 989 000 000 000 000 000 000 000 000 tonna agramy bardygyny bilmek gerek. Bu Gün sistemasynyň ähli massasynyň 98-99%-idir. Planetalaryň, olaryň hemralarynyň, kometalaryň, asteroidleriň we beýlekileriň tutuş agramy galan 1-2%-i tutýar.
2. Eger-de Gün adaty gapy ýaly ululykda bolanda Ýer teňňe ýaly bolardy.
Ählimiz ULLAKAN planetada ýaşaýarys diýip pikir edýäris, dogrumy? Aslynda Ýer kosmos ölçeglerine görä gaty kiçijik. Gün göwrümi boýunça Ýerden 1 mln esse uly. Ýagny Gün öz içine biziňki ýaly planetalaryň 1 million sanysyny sygdyryp biler.
3. Kosmosda Ýerden iki esse uly bolan we tutuşlygyna almazdan(brilliant) durýan planeta bar.
"Superýer" ýa-da 55 Raka E (Ýanssen) görnüşine görä tutuşlygyna grafitden we almazdan durýar.
4. Saturnda we Ýupiterde almazdan(brilliant) ýagyş ýagýar.
Ýyldyrym metan gazyny Ugleroda öwürýär, uglerod aşak gaçanda ilki grafit böleklerine soňra almaz daşlaryna öwrülýär. Iň uly almaz "damjalary" 1sm golaý diametrli bolýar.
5. Mundan başga-da aýna bölejikleri ýagyş bolup ýagýan planetada bar.
2013-nji ýylda Habbl teleskopy Ýere meňzeş gök planetany tapdy. Emma bu ýerde temperatura 1000°C ýetýär we sagatda 6920 km tizlikde ýagyş ýagýar. Iň gyzykly ýeri ýagyş durşuna aýnadan ybarat.
6. Marsda diňe robotlar ýaşaýar. Häzirki wagtda Gyzyl planetada 6 sany robotizirlenen kosmos apparatlary bar. Muňa görä, Marslylar diňe robotlar diýip aýdyp bileris, dogrumy?
7. Akmaýanyň ýoly galaktikamyzdaky agaçlar galaktikadaky ýyldyzlardan (üns beriň kosmosdäki ähli ýyldyzlar däldir) köp. Nädip? Biziň ajaýyp planetamyzda 3 trilliona golaý agaç bar, a galaktikamyzda bolsa 100-400 mlrd ýyldyz bar.
8.Emma Älemdäki ähli ýyldyzlaryň sany Ýerdäki çäge dänejikleriniň sanyndan-da köpdür. Älem diňe Akmaýanyň ýoly galaktikamyzdan durmaýar. Onda kosmosda näçe sany galaktika we ýyldyz barka? Muny hasaplamak we düşündirmek gaty kyn. Dogrusy alymlar Älemde näçe ýyldyz bardygyny doly bilenoklar. Diňe ortaça çaklama sanlar bar:1.000.000.000.000.000.000.000.000 ýa-da septillion sany. Ýerdäki 7 kwintillion, 500 kwadrillion(7,5x1018)sany çäge dänejikleri bilen deňeşdireniňde, elbetde, ýyldyzlaryň sany GATY köp.
9. Wenerada bir gün bir ýyldan uzak. Wenera 243 günde öz daşyndan doly bir gezek aýlaw edýän bolsa, Günüň daşyndan 224 günden bir gezek aýlanýar.Netijede planetada bir ýyl bir günden gysga.
25
186
olia
30.11.2022 13:55
Aý hakynda gysgaça🌘
🌙Adamlar Aý bilen ir wagtdan bäri gyzyklanyp gelýärler. Aýyň bize görünýän tarapynyň iň gadymy kartasy Irlandiýada tapyldy. Ol takmynan 5 müň ýyl mundan ozal çyzylypdyr.
🌙Iň meşhur teoriýalara görä, Aý milliardlarça ýyl öň Ýeriň haýsydyr bir asman jisimi bilen çaknyşmagynyň netijesinde emele gelipdir. Bu çaknyşyk sebäpli, uly mukdardaky materiýa kosmosa zyňlypdyr we wagtyň geçmegi bilen ol biziň hemramyza öwrülipdir.
🌙Aýyň grawitasiýa güýji Ýeriňkiniň altyndan birine deňdir. Diýmek, Aýda islendik adam çalaja bökmek bilen 4-5 metr belentlige göterilip biler.
🌙Kosmiki ölçeglere görä Aýy uly obýekt diýip aýdyp bolar. Emma ol barybir Ýerden göwrümi boýunça 49 esse, agramy boýunça 81 esse kiçi. Meýdany boýunça Aý Afrikadan ulurak, Aziýadan kiçiräkdir.
🌙Içki gatlaklarynyň sowamagy netijesinde Aý barha kiçelýär. Ýöne gaty ýuwaşlyk bilen: milliardlarça ýyllaryň içinde onuň diametri bary-ýogy 180 metra golaý kiçeldi.
🌙Biziň tebigy hemramyz bizden az-azdan daşlaşýar. Aý bilen Ýeriň aralygy ýylda 3,78sm artýar we uzak geljekde Aý bizden "aýrylar" we belki-de Günüň hemrasyna öwrülip biler, ýa-da bellibir wagtdan soň ol täzeden Ýere ýakynlasyp başlar.
🌙Bilşimiz ýaly, Aý Ýer bilen orbital rezonans ýagdaýynda we Aý bize hemişe bir tarapy bilen görünýär. Aslynda librasiýa effekty sebäpli dürli-dürli günlerde biz Aýyň üstüniň 50%ni däl-de, 59%-ine çenli görüp bilýäris.
🌙Aýda ýertitremeler has dogrusy, aý titremeleri bolýar. Alymlaryň çaklamalaryna görä, onuň sebäbi Aýyň içki gatlaklarynyň häli-şindi sowamagyndadyr.
🌙Aýyň käbir ýerleriniň atlary-da üýtgeşik. Şeýlelikde, bu ýerde Çüýremegiň batgalygy, Epidemiýa batgalygy, Ýigrenç köli bar.
🌙Aýda suw bardyr!!! Dogrusy, suwuklyk däl-de buz görnüşinde ýeriň(aýyň) aşagynda, şeýle-de polýuslaryndaky käbir kraterlaryň Gün şöhlesi düşmeýän ýerlerinde bar.
🌙 Geljekde Aýyň ekologiki taýdan arassa we uly enorgoeffektli ýangyç bolan geliý-3-iň çeşmesi bolmagyda ähtimal.Ýangyjy Ýerde laboratoriýa şertlerinde döretmek mümkin, emma bu ekonomiki taýdan amatsyz. Geliý-3 millionlarça ýyllaryň dowamynda Günüň radiasiýasy sebäpli tebigy ýagdaýda Aýyň gruntynda (topragynda) döräpdir.
🌙Aýyň grawitasion täsiri sebäpli suwda ýokary tolkunlar(приливы) we pes tolkunlar(отливы) bolýar. Eger bu hadysa birden ýok bolsa, biziň planetamyzda öňüni alyp bolmajak betbagtçylyklar, öň görülmedik uraganlar, ýertitremeler, wulkan atylmalary bolar.
🌙Taryhda ilkinji gezek Aýa gonuş 1959-njy ýylda "Луна-2" sowet awtomatiki stansiýasy tarapyndan amala aşyryldy.
🌙Aýda adam tarapyndan dolandyrylan ekspedisiýalaryň 6-sy bolup gördi. Olara 24 adam gatnaşdy we diňe 12-si Aýa gonup gördi. Aýa gonan adamlaryň aýak yzlary millionlarça ýyl durup biler, sebäbi Aýda şemal, ýagyş, tupan we beýlekiler bolmaýar.
🌙"Apollon-15"-iň astronawtlary Aýdaky ýeke-täk ýadygärligi galdyrdylar: aşak bakyp ýatan kosmonawtyň heýkeljigi we şol wagta çenli ýogalan 14 sany astronawtlaryň ady ýazylan tabliçka.
🌙1999-nji ýylyň 31nji iýunynda Aýda ilkinji gezek adam jaýlanyldy. Aýa suw gorlaryny gözlemek üçin göýberilen Lunar Prospeсtor pilotsyz apparaty Aýa astronom Ýudjin Şumerkeriň külüni eltdi. Bu adam kosmosy öwrenmäge ägirt uly goşant goşdy we Aýa uçmagy arzuw edýärdi. Emma saglyk ýagdaýy sebäpli baryp bilmändi we özüni Aýda jaýlamaklygy wesýet etdi. Apparatyň gonan ýerine Şumerkeriň tekizligi diýen at dakyldy.
🌙1976-njy ýylyň 6-njy fewralynda Aýda ilkinji we ýeke-täk golf oýny oýnaldy. Dogrusy, muňa oýun diýibem bolmaz, ýöne näme diýende-de astronawt Alan Şepard topy golf taýagy bilen urdy😅
🌙 Aýa gonan adamlaryň ählisi, tehniki tarapdan aňsatlygy sebäpli, Aýyň bize görünýän tarapyna gondular. Aýyň arka tarapy diňe bespilotniklar bilen öwrenilýär.
🌙Adamlar hiç haçan Aýa gonmadylar diýen pikiri öňe sürýän Aý dildüwşük teoriýasy dolulygyna diňe 2011nji ýylda ýalana çykaryldy. Bu ýylda pilotsyz zond "Apollon-17"-niň gonuş yzlary mese-mälim görnüp duran suratlary ugratdy. Şeýle-de gyzykly fakt:1969-nji ýylda NASAda adamy Aýa gonduryp biljek tehnologiýalar bardy emma Ýerde Aýa gonuşy ýalandan ýasap(имитация edip) biljek tehnologiýa ýokdy.
🌙Häzirki wagtda Aýdaky adam tarapyndan döredilen zatlaryň jemi agramy 200 müň kgdan gowrak. Bu kosmos zibili bolup, esasan, aý modullary we awtomatiki aý stansiýalary.
🌙Kosmosy özleşdirmegiň taryhynda astronawtlar we bespilotniklar tarapyndan Aýdan jemi 400 kilograma golaý grunt Ýere getirildi.
🌙Ýerde tohumlary Aýda bolup gören 400den gowrak agaç ösýär. Olary 1971-nji ýylda "Apollon-14"-iň astronawtlary alyp gitdiler we yzyna getirdiler.
🌙Halkara hukugyna görä, Aýyň ýerleri hiç bir döwlete ýa-da adama degişli däldir. Ýöne häzirki kosmos ýaryşynyň barşyna görä, tiz wagtdan Aýyň ýerleri üçin dawa başlap biler. Adamzadyň döreden häzirki tehnologiýalary Aýda ýaşaýyş (esasan, ylmy, senagat merkezlerini) döretmäge ukyply. Muňa görä-de Aýyň koloniýalaşdyrylmagy XXI asyrda başlamagy ähtimal.
🌙"Aý posollygy" diýlip atlandyrylýan gurama Aýyň ýerlerini satýar. Hatda degişli resminamalaryda berýär, emma olaryň hiç hili ýuridiki güýji ýokdyr.
25
239
olia
28.11.2022 15:35
Gün hakynda gysgaça 🌝
🌞Gün aslynda sary däl-de ak reňkdedir. Onuň şöhleleri atmosferadan geçeninde döwülýändigi üçin ýerden sary bolup görünýär.
🌞Günüň ýagtylygynyň derejesini adaty çyralarda(lampoçka) bilip bolar. Onuň üçin 100 wattlyk çyralaryň 4 trillion trillion(4,000,000,000,000,000,000,000,000) sanysy gerek.
🌞Günüň üstüniň meýdany Ýeriňkiden 12 müň essä golaý uly. Has takygy 11,918 esse. Onuň göwrümi bolsa biziň planetamyzyňkydan 1,3 mllion esse köp!!!
🌞Gün radiasiýasy islendik materialy "ýakyp" biler. Ýerde atmosfera bolany üçin ol bize bildirmeýär diýen ýaly. Aýda bolsa atmosfera ýokdygyna görä, amerikan astronawtlarynyň oturdyp gaýdan baýdagy bireýýäm "solup", ak baýdaga öwrüldi.
🌞Eger-de siz Günüň üstüne gonup bilseňiz (haýsydyr bir gudrat bilen) onda Günüň çekiş güýjüniň Ýeriňkiden 28 esse köpdügini duýup bilersiňiz.
🌞Günüň ägirt uly çekiş güýji sebäpli ol ýerde dag emele gelip bilen ýagdaýynda (bolmajak zat) onuň uzynlygy 5millimetrden uly bolmaz.
🌞Günüň üstki temperaturasy bary-ýogy 5500°С golaý, hatda Ýerdäki ýyldyrymlaram ondan gyzgyn bolup biler. Emma Günüň koronasy 1,5 mln °С, ýadrosy 15 mln°С çenli gyzgyndyr.
🌞Gün şöhlesine Ýere ýetmek üçin 8 minut gerek.
🌞Ýer Günüň daşyndan ýylda bir gezek aýlanýan bolsa Gün Akmaýanyň ýoly galaktikamyzyň merkeziniň daşyndan 240mln ýylda bir gezek aýlanýar.
🌞Watikan Ýeriň Günüň daşyndan aýlanýandygyny resmi taýdan diňe 1992-nji ýylda kabul etdi.
🌞Alymlar Günüň ýaşyny-da kesgitlediler-4,6mlrd ýyl. Ol ýene-de şunçarak ýaşar we ahyrynda gyzyl giganta öwrülip daşyndaky planetalary ýuwdup başlar.
🌞Ýene milliardlarça ýyldan Günüň agramynyň 92%-ni tutýan wodorod dolulygyna diýen ýaly ýanyp gutarar. Şonda Gün gyzyl giganta öwrülip başlar we Merkuriýny, Wenerany, Ýeri we Marsy ýuwudar. Gyzyl giganta öwrülende Günüň diametri 256 esse ulalar. Ömrüniň ahyrynda Gün daşky gabygyny taşlap duman döreder we ak karliga öwrülip wagtyň gutarmagyna çenli sowar.
🌞Ýerde ýaşaýyş ýene 1,1mlrd ýyldan mümkin bolmaz sebäbi Günüň ýagtylygy 11%e çenli köpeler, bu bolsa okeanlary gaýnadyp, ýer üstüni radiasiýa bilen ýakar.
🌞Gün sistemasynyň ähli massasynyň 99,84%-i Güne degişli. Planetalar, asteroidler, kometalar... garaz galan ähli zatlaryň jemi agramy Gün sistemasynyň massasynyň 0,16%-ni düzýär.
🌞Gün atmosferasynyň daşky araçägi Pluton bilen Neptunyň orbitalaryna çenlidir we kosmosy öwrenmegiň taryhynda ondan aňryk diňe iki sany enjam:"Woýadjer-1" we "Woýadjer-2" çykdy.
🌞 Gadymy grekler ony ýyldyz däl-de planetalaryň biri hasaplapdyrlar.
🌞 Häzirki wagtda alymlar tarapyndan biziň Günümize ähli ölçegleri bilen meňzeş 5 sany ýyldyz açyldy. Olaryň daşynda ýaşamaga şert bolup biläýjek planetalaryň bolmagy ähtimal.
🌞Güne ýönekeý teleskopda seretmek bolmaýar. Munuň üçin ýörite geliograf diýen enjamy ulanmaly.
🌞Aý Ýere Güne garanyňda 394 esse ýakyndyr. Aýa ýetmek amerikan astronawtlaryna 3 günde başartdy. Edil şol tizlikde Güne barmak üçin 1182 gün gerek (Ýöne barybir Güne has ýakynlaşan islendik obýekt ýanar).
🌞Käbir teoriýalara görä, ýyldyzlar ýaly uly göwrümli asman jisimleriniň ýanynda gaty uly grawitasiýa sebäpli wagt üýtgäp biler. Eger bu dogry bolsa onda Günde wagt Ýerdäkiden başgaça geçýär. Emma muny doly düşündirmek we subut etmek gaty kyn.
🌞 Eger-de Günüň kiçijik bir damjasy ýere düşse ol ýüzlerçe kilometr radiusdaky zatlary şowagty ýok edip biljek ägirt uly güýçli bomba ýarylan ýaly bolar.
🌞Eger Günüň ýagtylanmasy 1% azalsa, Ýerde buz asyry başlar.
🌞Gün şöhlelenmesiniň ultramelewşe şöhleleri dezinfeksiýa ediji häsiýetlidir. Ol bakteriýalary we kömelejikleri, şol sanda adamda döräp biljeklerini-de ýok edip bilýär.
🌞Ýere Günüň ähli ýagtylygynyň 2 milliarddan bir bölegi düşýär.
🌞Gün şöhlesi Ýere gaty köp energiýa getirýär. Adamlara ähli isleglerini kanagatlandyrmak üçin şol energiýanyň 0,01%-i ýeterlikdir.
35
196
olia
22.11.2022 21:09
Euro banknotynyň hakykylygyny onuň bir sany harpdan we 11 sany sandan durýan yzygiderlilik belgisinden anyklap bolar. Munuň üçin harpy onuň latyn elipbiýindäki tertip sany bilen çalyşmaly we ony beýleki sanlaryň öňünden goýmaly. Emele gelen sanlary tä birbelgili san alýançak biri-birine goşmaly. Ahyrky emele gelen san 8 bolsa onda banknota hakykydyr.
Meselem x00141498479 bolsun. x latyn elipbiýinde 24nji harpdygyna görä, 2400141498479 san emele geler.
2+4+0+0+1+4+1+4+9+8+4+7+9=53
5+3=8
21
86
olia
20.11.2022 21:26
Men bir zada üns berdim: hemme zat öňden çözülen, hemme zat maňlaýymyza ýazylan diýýän adamlar hem ýoldan geçmezden öň gapdalyna seredýärler.

S.Hoking
27
96
olia
19.11.2022 08:51
Häli-şindi degşip, bälçireşip ýören ýaş tankytçy dostlarymyň biri öýümize myhmançylyga geldi. Men oňa şeýle diýdim: "Hany ynjalyklyrak otur. Men häzir saňa heniz gyly gyrylmadyk, täp-täzeje bir goşgymy okap bereýin. Özem söýgi hakynda!". Ol: "Oka!"diýdi. Men okadym.

...Gelsene! Basymrak gelsene, totym!
Men seň ýürejigňe belet ahbetin.
Jögüsirän bolma! Gynama munça,
Senem öpüşmegi söýýäňä mençe.

Posaň nämedigin bilýärmiň, onsoň?
Gel, men öwredeýin bilmeýän bolsaň.
Öwredeýin saňa, bäri gel, bäri -
Ýaşajyk okuwçy döwrümden bäri,

Hawa, hut, çagalyk günlemden beýläk,
Posanyň ugrunda kän boldum heläk.
Gyzlar gelýändirler mekdepden çykyp.
Menem durandyryn gapyda bukup.

Bir gyz çykar welin - öperdim şapba.
Ýokdy öpüşmäge meň ýaly ökde...

Tankytçy dostum agras ýylgyrdy-da şeýle diýdi: "Munuň ýaly suwjuk zatlar nämä gerek?". Soňra bolsa meniň öýkelemegimden çekinýän ýaly, sypaýyçylyk bilen sözüniň üstüni doldurdy: "Sen eýýäm tanalýan şahyr. Ýazýan zatlaryňy tutuş il okap ýör. Şeýle-de bolsa sen mahal-mahal şeýle goşgulary ýazaýýarsyň. Beýle diýsem göwnüňe hiç zat getirme. Ýöne munuň ýaly suwjuk zatlary ýazmajak bol. Bu zeýilli goşgular hiç kime gerek däl!"
Beren maslahaty üçin oňa minnetdarlyk bildirdim. Çaý içdik. Nahar iýdik.
Onuň hiç kime gerek däl diýýän goşgusynyň beýik wenger şahyry Şandor Petefiniň goşgusydygyny weli aýtmadym.

Kerim Gurbannepesow
22
59