olia
19.11.2022 08:51
Häli-şindi degşip, bälçireşip ýören ýaş tankytçy dostlarymyň biri öýümize myhmançylyga geldi. Men oňa şeýle diýdim: "Hany ynjalyklyrak otur. Men häzir saňa heniz gyly gyrylmadyk, täp-täzeje bir goşgymy okap bereýin. Özem söýgi hakynda!". Ol: "Oka!"diýdi. Men okadym.

...Gelsene! Basymrak gelsene, totym!
Men seň ýürejigňe belet ahbetin.
Jögüsirän bolma! Gynama munça,
Senem öpüşmegi söýýäňä mençe.

Posaň nämedigin bilýärmiň, onsoň?
Gel, men öwredeýin bilmeýän bolsaň.
Öwredeýin saňa, bäri gel, bäri -
Ýaşajyk okuwçy döwrümden bäri,

Hawa, hut, çagalyk günlemden beýläk,
Posanyň ugrunda kän boldum heläk.
Gyzlar gelýändirler mekdepden çykyp.
Menem durandyryn gapyda bukup.

Bir gyz çykar welin - öperdim şapba.
Ýokdy öpüşmäge meň ýaly ökde...

Tankytçy dostum agras ýylgyrdy-da şeýle diýdi: "Munuň ýaly suwjuk zatlar nämä gerek?". Soňra bolsa meniň öýkelemegimden çekinýän ýaly, sypaýyçylyk bilen sözüniň üstüni doldurdy: "Sen eýýäm tanalýan şahyr. Ýazýan zatlaryňy tutuş il okap ýör. Şeýle-de bolsa sen mahal-mahal şeýle goşgulary ýazaýýarsyň. Beýle diýsem göwnüňe hiç zat getirme. Ýöne munuň ýaly suwjuk zatlary ýazmajak bol. Bu zeýilli goşgular hiç kime gerek däl!"
Beren maslahaty üçin oňa minnetdarlyk bildirdim. Çaý içdik. Nahar iýdik.
Onuň hiç kime gerek däl diýýän goşgusynyň beýik wenger şahyry Şandor Petefiniň goşgusydygyny weli aýtmadym.

Kerim Gurbannepesow
22
59
gulshatayewa97
19 Noýabr 2022
Çyndanam suwjuk🤭 kim ýazandada
okayjy
19 Noýabr 2022
Tanamadyk sylamaz 🙃
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.