Näme üçin SSSR-de konserwirlenen agyz suwy öndürildi?
SUW - ÝETMEZÇILIKLI ÖNÜM HÖKMÜNDE
Häzirki döwrüň ýaşaýjysy ýüzünde “agyz suwy” ýazgyly konserwa gabyny görende, çyn ýürekden haýran galyp biler. Aslynda häzirki wagtda dünýäniň çar künjeginde syýahatçylara Parižiň, Moskwanyň ýa-da San-Fransiskonyň kondensirlenen howasynyň ýa-da Wezuwiý wulkanynyň tozanynyň satylýandygyna görä bu geň däl. Emma, sowet raýatlarynyň näme üçin konserwirlenen agyz suwuna mätäçdigi, ilkinji seredişde, doly düşnükli däl. Şeýle-de bolsa, bu soragyň jogaby dürli görnüşleri bolan iki ýyllyk ýaramlylyk möhletli, 240 gram agramly bankada tapylyp bilner. Konserwanyň görnüşleriniň birinde konserwirlenen agyz suwunyň haçan we haýsy şertlerde sarp edilip bilinjekdigini düşündirýän görkezmäni görüp bolar. SSSR döwründe bu suw halas ediş gämileri üçin gury rasion elementleriniň biri bolmak bilen açyk deňizde kynçylyk çekýän gämileriň deňizçileri üçin niýetlenipdir. Kyn ýagdaýa düşen deňizçilere mümkin boldugyça ýagyş suwuny ýygnap içmek maslahat berlipdir. Diňe iň kynçylykly ýagdaýda, ýagyş suwuny tapyp bolmadygynda konserwanyň iki ýerinden kiçijek deşik edip suwy gaty tygşytly içmelidigi aýdylypdyr. Şeýle-de konserwada suwy -35°C-dan +66°C temperaturalar aralygynda ulanyp boljakdygy ýazylypdyr.Konserwanyň bu görnüşi üýtgeşik usulda taýýarlanypdyr. Çeşme suwuny gaýnadyp, askorbin kislotasyny goşup, soňra konserwalara gaplapdyrlar. Şeýle suw gaty köp wagt saklanypdyr. SSSR döwründe şeýle suwlar söwda we harby gämileriň deňizçilerinden başga-da suwasty gämileriň deňizçilerinede berlipdir.