olia
30.11.2022 13:55
Aý hakynda gysgaça🌘
🌙Adamlar Aý bilen ir wagtdan bäri gyzyklanyp gelýärler. Aýyň bize görünýän tarapynyň iň gadymy kartasy Irlandiýada tapyldy. Ol takmynan 5 müň ýyl mundan ozal çyzylypdyr.
🌙Iň meşhur teoriýalara görä, Aý milliardlarça ýyl öň Ýeriň haýsydyr bir asman jisimi bilen çaknyşmagynyň netijesinde emele gelipdir. Bu çaknyşyk sebäpli, uly mukdardaky materiýa kosmosa zyňlypdyr we wagtyň geçmegi bilen ol biziň hemramyza öwrülipdir.
🌙Aýyň grawitasiýa güýji Ýeriňkiniň altyndan birine deňdir. Diýmek, Aýda islendik adam çalaja bökmek bilen 4-5 metr belentlige göterilip biler.
🌙Kosmiki ölçeglere görä Aýy uly obýekt diýip aýdyp bolar. Emma ol barybir Ýerden göwrümi boýunça 49 esse, agramy boýunça 81 esse kiçi. Meýdany boýunça Aý Afrikadan ulurak, Aziýadan kiçiräkdir.
🌙Içki gatlaklarynyň sowamagy netijesinde Aý barha kiçelýär. Ýöne gaty ýuwaşlyk bilen: milliardlarça ýyllaryň içinde onuň diametri bary-ýogy 180 metra golaý kiçeldi.
🌙Biziň tebigy hemramyz bizden az-azdan daşlaşýar. Aý bilen Ýeriň aralygy ýylda 3,78sm artýar we uzak geljekde Aý bizden "aýrylar" we belki-de Günüň hemrasyna öwrülip biler, ýa-da bellibir wagtdan soň ol täzeden Ýere ýakynlasyp başlar.
🌙Bilşimiz ýaly, Aý Ýer bilen orbital rezonans ýagdaýynda we Aý bize hemişe bir tarapy bilen görünýär. Aslynda librasiýa effekty sebäpli dürli-dürli günlerde biz Aýyň üstüniň 50%ni däl-de, 59%-ine çenli görüp bilýäris.
🌙Aýda ýertitremeler has dogrusy, aý titremeleri bolýar. Alymlaryň çaklamalaryna görä, onuň sebäbi Aýyň içki gatlaklarynyň häli-şindi sowamagyndadyr.
🌙Aýyň käbir ýerleriniň atlary-da üýtgeşik. Şeýlelikde, bu ýerde Çüýremegiň batgalygy, Epidemiýa batgalygy, Ýigrenç köli bar.
🌙Aýda suw bardyr!!! Dogrusy, suwuklyk däl-de buz görnüşinde ýeriň(aýyň) aşagynda, şeýle-de polýuslaryndaky käbir kraterlaryň Gün şöhlesi düşmeýän ýerlerinde bar.
🌙 Geljekde Aýyň ekologiki taýdan arassa we uly enorgoeffektli ýangyç bolan geliý-3-iň çeşmesi bolmagyda ähtimal.Ýangyjy Ýerde laboratoriýa şertlerinde döretmek mümkin, emma bu ekonomiki taýdan amatsyz. Geliý-3 millionlarça ýyllaryň dowamynda Günüň radiasiýasy sebäpli tebigy ýagdaýda Aýyň gruntynda (topragynda) döräpdir.
🌙Aýyň grawitasion täsiri sebäpli suwda ýokary tolkunlar(приливы) we pes tolkunlar(отливы) bolýar. Eger bu hadysa birden ýok bolsa, biziň planetamyzda öňüni alyp bolmajak betbagtçylyklar, öň görülmedik uraganlar, ýertitremeler, wulkan atylmalary bolar.
🌙Taryhda ilkinji gezek Aýa gonuş 1959-njy ýylda "Луна-2" sowet awtomatiki stansiýasy tarapyndan amala aşyryldy.
🌙Aýda adam tarapyndan dolandyrylan ekspedisiýalaryň 6-sy bolup gördi. Olara 24 adam gatnaşdy we diňe 12-si Aýa gonup gördi. Aýa gonan adamlaryň aýak yzlary millionlarça ýyl durup biler, sebäbi Aýda şemal, ýagyş, tupan we beýlekiler bolmaýar.
🌙"Apollon-15"-iň astronawtlary Aýdaky ýeke-täk ýadygärligi galdyrdylar: aşak bakyp ýatan kosmonawtyň heýkeljigi we şol wagta çenli ýogalan 14 sany astronawtlaryň ady ýazylan tabliçka.
🌙1999-nji ýylyň 31nji iýunynda Aýda ilkinji gezek adam jaýlanyldy. Aýa suw gorlaryny gözlemek üçin göýberilen Lunar Prospeсtor pilotsyz apparaty Aýa astronom Ýudjin Şumerkeriň külüni eltdi. Bu adam kosmosy öwrenmäge ägirt uly goşant goşdy we Aýa uçmagy arzuw edýärdi. Emma saglyk ýagdaýy sebäpli baryp bilmändi we özüni Aýda jaýlamaklygy wesýet etdi. Apparatyň gonan ýerine Şumerkeriň tekizligi diýen at dakyldy.
🌙1976-njy ýylyň 6-njy fewralynda Aýda ilkinji we ýeke-täk golf oýny oýnaldy. Dogrusy, muňa oýun diýibem bolmaz, ýöne näme diýende-de astronawt Alan Şepard topy golf taýagy bilen urdy😅
🌙 Aýa gonan adamlaryň ählisi, tehniki tarapdan aňsatlygy sebäpli, Aýyň bize görünýän tarapyna gondular. Aýyň arka tarapy diňe bespilotniklar bilen öwrenilýär.
🌙Adamlar hiç haçan Aýa gonmadylar diýen pikiri öňe sürýän Aý dildüwşük teoriýasy dolulygyna diňe 2011nji ýylda ýalana çykaryldy. Bu ýylda pilotsyz zond "Apollon-17"-niň gonuş yzlary mese-mälim görnüp duran suratlary ugratdy. Şeýle-de gyzykly fakt:1969-nji ýylda NASAda adamy Aýa gonduryp biljek tehnologiýalar bardy emma Ýerde Aýa gonuşy ýalandan ýasap(имитация edip) biljek tehnologiýa ýokdy.
🌙Häzirki wagtda Aýdaky adam tarapyndan döredilen zatlaryň jemi agramy 200 müň kgdan gowrak. Bu kosmos zibili bolup, esasan, aý modullary we awtomatiki aý stansiýalary.
🌙Kosmosy özleşdirmegiň taryhynda astronawtlar we bespilotniklar tarapyndan Aýdan jemi 400 kilograma golaý grunt Ýere getirildi.
🌙Ýerde tohumlary Aýda bolup gören 400den gowrak agaç ösýär. Olary 1971-nji ýylda "Apollon-14"-iň astronawtlary alyp gitdiler we yzyna getirdiler.
🌙Halkara hukugyna görä, Aýyň ýerleri hiç bir döwlete ýa-da adama degişli däldir. Ýöne häzirki kosmos ýaryşynyň barşyna görä, tiz wagtdan Aýyň ýerleri üçin dawa başlap biler. Adamzadyň döreden häzirki tehnologiýalary Aýda ýaşaýyş (esasan, ylmy, senagat merkezlerini) döretmäge ukyply. Muňa görä-de Aýyň koloniýalaşdyrylmagy XXI asyrda başlamagy ähtimal.
🌙"Aý posollygy" diýlip atlandyrylýan gurama Aýyň ýerlerini satýar. Hatda degişli resminamalaryda berýär, emma olaryň hiç hili ýuridiki güýji ýokdyr.
25
239
Myhman Myhman
5 Dekabr 2022
Eser yazpsyn olia
k_25n
30 Noýabr 2022
jeren_seyitniyazowa, ✈️ samalyoda munip gordunmi 🙂
k_25n
30 Noýabr 2022
Olka, menem duysumde kan gorya asman ginisligini 😌 koplenc ucubam bilyan duysumde
Olka
30 Noýabr 2022
Ineesyoutostay yokda şol şans diñeje arzuw edip düşimde görýändä😢
olia
30 Noýabr 2022
Kosmos turizmy döredip bilen adamzat belki başga zatlaram oňarar mençe. Köp adamlar diýýä başga planetalara göz dikenden özimizkini gowy saklamaly diýip, ýöne şu maslahaty bn birkän gijä galandyklaryny bilenoklar
Ineedyoutostay
30 Noýabr 2022
Olka,Sans yokmy
Olka
30 Noýabr 2022
Meniña asman giñişligine arzuwym bar. Elimde bolsa bir kosmanawt bilen asman jisimlerini adamyn baryp gormedik yerlerini gorsem. 😓
k_25n
30 Noýabr 2022
oz gozlerim bilen goresim gelya alemi 😐
k_25n
30 Noýabr 2022
haladym gyzykly maglumat 👍
Девушка.
30 Noýabr 2022
"Eh odamlar-odamlar tinip tinçimaganlar" diýýädi kinoda ösişiň bu gidişinde gör ýene nämeleri görip eşderis,posta👍👍👍.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.