nabat_
05.05.2024 18:24
Taýly taýyny tapsyn...
Ibirt-de-zibirt girip çykýan adamlaryň köplüginden ýaňa, işigiň agzyndaky köwüşlerem başly-barat. Hol aňyrrakda, köwşüni taýlap, tertipläp çykaryp goýanlar-da bar. Asyl häzir, eliboş bolup synlap otursaň, köwüşleriň çykaryp goýluşyndan olaryň eýeleriniň häsiýetlerini hem okabermeli. Häzir hemme köwşi tertipläp çykaýsadyň! Üýşmeleň uludan tutulansoň märeke-de ýetik, köwşem. Boýun alyk halda gyra geçip, köwşümiň ildirgijini ýazdyrmak üçin egildim. Onýança-da, eglip duran ýerimden gözüm edil aňrymda bir-birinden honha zyňlan köwüşlere gözüm düşdi. Köwşümiň ildirgijine güýmenen bolup, olary bir-birine süýşürdim. Soňam ymykly taýlap goýdum. Göwnüm ynjalaýdy. Hamana diýersiň, iki sany birek-birege mätäç ynsany tapyşdyran ýaly ýüregim giňäp gitdi...
Teý göwnüme jaý däl. Ýogsa «köwüşdir-dä» diýip geçip gidibermeli ýaly. Bitaý ýa her taýy bir ýerde ýatan köwüş görsem, ýüregim jigläp gidýär. Öýde-beýlekide bolsa, olary haýdan-haý ýerbe-ýer goýmak bilen bolýarsyň welin, köpçülik ýerinde bolsaň, ber habary! Üýşmeleň öýde edilse, elbetde, gapyň agzyndaky köwüşleriň tertipli durmajagy belli. Şonda-da olary tertipläp goýasyň gelip durýar. Ýöne haýsy birini?! Bir ujundan başlaberseňem boljak, ýöne onam geň görjekler.Düşünmejeklerem düşnükli. Şonda-da, öz köwşümi çykaramda eglenen kişi bolup, başardygymydan daşyma bildirmän golaý-goltumdaky köwüşleri jüpläp goýjak bolup heläk bolýan.
Bitaý ýa hersi bir ýanda ýatan köwüşler maňa biri-birine gowşup bilmeýan adamlary ýatladýar. Saý-sebäp bilen ene-atasyndan aýra düşen perzentmi, bir-birini görmäge zar doganlarmy, didar aýraçylygyndaky dost-ýarlarmy...garaz, eger men bir köwşi taýlap goýsam, bir ýerlerde iki sany ynsan wysala gowşup, tapyşaýjak ýaly. Belki, bu halys hyýalylykdyr, belki-de, beýle-de däldir?!..
Men bu gylygymy öz hyýaly dünýäme berkidip goýaýjakdym welin, ýadyma meşhur «Zoluşka» multfilmi düşäýýär. Eýsem, şol multfilmiň gahrymany Zoluşka-da öz bagtyna hut köwşüniň üsti bilen ýetmeýärmi näme?! Başdan-aýak gyzykly wakalardan doly multfilm Zoluşkanyň ilki köwşüniň taýyna, şonuň netijesinde bolsa öz taýyna gowuşmagy bilen jemlenýär. Multfilmde Zoluşkanyň naşyja köwşüni onuň öweý uýalarynyň aýaklaryna geýdirjek boluşlary-da täsirli. Uly adam bolsaňam, birden köwüş olaryň aýagyna bolaga-da, Zoluşka bagtyna gowuşman galaýmasyn diýen gorky hem döremän duranok. Ýöne öz eýesine wepaly köwüş başga aýaklarda ýerlemän, eýesineçenli ýetip, ony bagtyna duşurýar.
...Durmuş bi. Munda bihal zat asla bolmaýar. Aňrysyna ne akyl, ne aň ýetibiljek dünýäde daş-töwregiňi gurşaýan zatlara biperwaý garamak – gözüňi ýumup ýaşamak ýaly bir ýagdaýa meňzeş. Şol sebäpdenem, «köwüşdir-dä» diýip geçibermän, ony taýy bilen deňläp goýsak, köwüş dil açyp, sag bol aýtmasa-da, eýesiniň hoş boljagy-ha magat. «Herekete–bereket» diýlişi ýaly, ýa-da munuň aňrysynda has agramlyrak manynyň bar bolmagy-da mümkin. Kim bilýär?!...
© Aýgül GARAÝEWA
28
79
nabat_
04.05.2024 14:42
ZYÝANYŇ IÇINDÄKI HAÝYR
«Başa inýän ýakymsyz hal-ýagdaýlar bize göz öňüne getirip
bolmajak derejede kömek edýär. Eger Dostoýewskiý, Tolstoý ýaly
ýazyjylar muşakgatyň içinde ýaşamadyk bolsalar, olar baky mi-
ras galjak ajaýyp eserleri döredip bilmezdiler. Ýetimlik, körlük,
ýalňyzlyk, ýurtdan aýralyk, garyplyk... bularyň ählisi hem aň taýdan işjeň, başarnykly, zehinli we kämil bolup çykmagymyza sebäp
bolýar» diýip, Uilýam Jeýms belleýär. «Allatagala apatlaryň üsti
bilenem nygmat berýär, hatda ol apat hernäçe äpet hem bolsa; käbir
kowumlary bolsa hatda eşret bilenem bela uçradýar» diýip, gadymy
arap şahyrlarynda aýdylýar. Gowy görülýän zatlaryň biri perzent
we mal-mülk. Muňa garamazdan, adamyň betbagtlygyna ilki se-
bäp bolýan zatlar hem şular. «Olaryň mal-mülki we perzentleri seni
haýran etmesin, Allatagala şolaryň üsti bilen bu dünýäde olara azap
bermek isleýär» diýen söze üns ber. Göwnümize diňe görgi-kösençlik
ýaly görünýän käbir ýagdaýlaryň içinden nähili hem bolsa bir peý-
dany, bähbidi çykaryp bolýar. Allatagala bir gapyny baglasa, şonuň
ýanynda ýüz gapyny täzeden açýar. Meşhur alymlaryň biri Ibn al-
Esir özüniň ähmiýetli eserlerini wezipesinden boşadylan döwri döre-
dipdir. Görnükli alym As-Sarahsy «El-Mebsut» atly on bäş jiltlik uly
göwrümli eserini guýynyň düýbünde tussaglykda ýatyrka ýazypdyr.
Ibn al-Kaýýym «Zad al-ma’ad» (Ahyretiň azygy) atly eserini sapar-
syýahatdaka ýazypdyr. Al-Kurtuby hadyslara giňişleýin düşündiriş
berýän eserini gäminiň üstündekä döredipdir. Ibn Teýmiýäniň pit-
walary ol bendilikde ýatyrka has rowaç bolupdyr. Ençeme hady-
sçylar müňlerçe hadysy garyp-pukaralykda, il-günden aýralykda bir
kitaba jemläpdirler. Dürli sebäplere görä, zähmet çekmekden galan
adamlaryň biri, öýde oturan wagty Gurhany ýatdan öwrenip, ýene
kyrk jiltden gowrak eseri okandygyny gürrüň berdi. Abu al-Ala al-
Ma’arri özüniň şygyr diwanlaryny we kitaplaryny gözi batyllygynda
ýazdy. Eserleri birnäçe dillere terjime edilen ýazyjy Taha Hüseýin
eserlerini we ýatlamalaryny gözi görmekden galandan soň döredip
başlady. Gör, näçe adam bar, jan saglygynda ile-güne edip bilmedik
ýagşylygyny, haýryny başy gowgaly wagty ýerine ýetirdi. Frensis
Beýkonyň bir sözi bar: «Durmuş pelsepesinden az-owlak baş çykar-
mak, ynsany ynamsyzlyga iterýär. Emma çuňňur öwreniberse, ol yn-
san akylyny ynama, kämillige ýetirýär» diýýär. Şonuň üçin dilenip alynmaýan her bir apatyň içinde özüň üçin gizlenip goýlan bähbitleri
görmegi başar! Her bir zada ýüzleý däl-de, çuňňur düşün!
30
43
nabat_
03.05.2024 18:03
ULY ÝÜREK
Orta mekdebiň soňky synpynda okaýan Brus birdenkä agyr
derde ýolukdy. Onuň elleri hem, aýaklary hem şel açdy-da, hereket
edip bilmez hala düşdi. Ol diňe kellesini we barmaklaryny gymyl-
dadyp bilýärdi. Muňa garamazdan, ol orta mekdebi üstünlikli tamam-
lap, uniwersitetleriň birine okuwa girdi. Uniwersitetde okaýan döwri
hem hiç kimse Brusyň nämedir bir zatdan zeýrenýändigini, şikaýat
edýändigini görmedi. Gaýta, onuň gursagy maksada okgunlylyk
bilen güýç-gaýratdan dolup-daşýan ýalydy. Şadyýan hem degişgendi.
Dostlary ol hakda söz açanlarynda: «Kellesiniň içinde ullakan akyl
bar. Gursagynda ullakan ýüregi bar» diýişýärdiler. Günleriň birinde
dostlarynyň biri ondan şikaýat edere, zeýrenere köp sebäbiň bardygyna garamazdan, bu güler ýüzlüligiň, umytlylygyň, ruhubelentligiň
syry-sebäbi hakda sorady. «Ikisinden birini saýlamaly boldum.
Durmuşymyň galan bölegini ýa agy-perýat edip geçirmelidim.
Ýa-da bu ýagdaýymy boýun almak bilen öz maksatlarymy hasyl et-
mäge ymtylmalydym. Oňyn we işjeň herekete dowam etmelidim».
Brus ikinji ýoly saýlap alypdyr. Zeýrenmän, nalaman ýaşamagy, öz
ýagdaýyna düşünip, kaýyl bolup, hereket etmegi ileri tutupdyr. Ol
ýylgyrmagy we umytly bolmagy eý görüpdir. Hereket etmegi we
zähmet çekmegi, amal etmegi saýlapdyr. Brus uzak ömür sürmedi.
Ol otuz bir ýaşynda gözüni müdimilik ýumdy. Ýöne onuň teni so-
wasa-da, köplere nusga bolan özüni alyp barşy gursaklarda mekdep
bolup ýaşaýar. Onuň galdyran mirasy hemmelere peýdaly. «Brus
mejalsyz göwresini alyp gitse-de, ägirt uly düşünje baýlygyny miras
goýup gitdi. Onuň durmuş meýdanynda galdyran barmak yzlaryny
her kim öz durmuşynda peýdalanyp biler» diýip, Brusyň dostlarynyň
biri ýatlaýar. Brus diňe bir öz durmuşynda peýda bolan adamlara
däl, eýsem, onuň bilen bagly durmuş hekaýatyny okanlaryň hemme-
sine-de täsir etdi. Hemmeleriň kalbynda öz yzyny goýmagy başardy.
Ol ýagdaýlaryň nähilidigine garamazdan, asla zeýrenmeli däldigi,
bela-beterler gara bulut deýin başyňy gaplanynda hem agy-iňňildä
per we ser bermeli däldigi, takdyr-täleýi, ýazylan kysmaty kaýyllyk
bilen kabul edip, ýagşy maksatlar, süýji umytlar bilen öňe hereket
etmelidigi, işjanly, maksada okgunly, ruhubelent bolmalydygy hak-
daky habary ýaýdy. Onuň uly akly bardy, ol akly agyr-kyn pursatlaryň
hiç biri-de birjik-de garjaşdyryp bilmedi. Onuň beýik ýüregi bardy,
ol ýüregi agyryly, gözgyny hal-ýagdaýlaryň, hadysa-wakalaryň hiç
biri-de ejizledip bilmedi. Ol ýaşaýşy zeýrençdir nalalaryň arasynda
däl-de, durmuşyň her pursadyndan lezzet alyp durmuşyň her saga-
dyny peýdalanyp ýaşamalydygy hakdaky çagyryşdy.
Zeýrençsiz 24 sagat. Ine, biziň berjek teklibimiz. Çynlakaý
synanyşyp göreliň. Öňümizdäki 24 sagadyň dowamynda hiç zatdan
zeýrenmän, hiç kimsä käýinmän, durmuşdan nalaman, ýagdaýlardan
nadyl bolman ýaşap göreliň. Gujur-gaýratly, ynamly we dogumly,
işjanly we umytly hereket edeliň. Duş gelen her bir ynsanyň kalbynda
ägirt uly hoşallygy, ýakymly täsirleri miras goýalyň. Has dogrusy, bu
meniň teklibim däl. Bu sözler Brusyň ýazyjy dostunyň teklipleridir.
Hereket et:
Öňümizdäki 24 sagady hiç kimden we hiç zatdan zeýrenmän
geçirjekdigiňi pugta ýüregiňe düw.
Halallyk Kyssalary
25
74
nabat_
01.05.2024 18:19
Pyşdyllar barada käbir gyzykly maglumatlar: Pyşdyllar deňizdäki iň ajaýyp jandarlar!
ANTARKTIKA, Pyşdyllaryň ýaşamaýan ýeke-täk kontinenti
Uýgunlaşdyrylan jandarlar hökmünde pyşdyllar islendik gurşawda diýen ýaly ýaşap bilerler.
Görnüşleriň köpüsi Günorta-Gündogar Amerikada we Günorta Aziýada duşsa-da, olary dünýäniň beýleki ýerlerinde-de tapyp bolýar.
Deňiz pyşdyllary käwagt Ýewropa Arktikasynda duş gelýär, ýöne Antarktidada ýok.
Deri gaýyş pyşdyly, Arktika tegeleginden geçýän we Täze Zelandiýa çenli günortada iň köp ýaýran pyşbagadyr.
Pyşdyllar gark bolup biler
Gaty köp wagtlap suwuň aşagynda galýan ýaly görünýändigine garamazdan, pyşdyllar hem gark bolup bilerler.
Iň howply pyşdyla – tutuş bedeni bilen zähere bürenen
Alligator Snapping pyşdyly, edil eşidişi ýaly gorkunç.
Bu görnüşli pyşdylyň agramy 90 kilograma ýetýär. Olaryň ullakan, güýçli tumşuklary hüjüm edýän bedeniniň böleklerini doly kesip biler.
Iýmit almak üçin derýanyň düýbünde ullakan açyk agzy bilen ýatýarlar. Soňra bolsa balyklaryny agzyna çekýän gyzyl, gurçuk ýaly dillerini gysýarlar.
Pyşdyllarda ugur görkezýän kompasy bar
Pyşdyllar dünýä inen kenarlaryna gaýdyp bilerler. Ýöne ony dünýädäki millionlarça kenarlaryň arasyndan nädip tapýarlar? Pyşdyllar, pyşdyllaryň kartasyna meňzeş ýeriň magnit meýdanyna duýgur.
Magnit meýdanynda meýdan güýji we meýdan çyzyklarynyň Ýer şarynyň üstünden geçýän burçy bar. Pyşdyllar ikisini hem kesgitläp we ummanyň nirededigine düşünip bilerler, şonuň üçin aslynda olaryň ugur duýgusy kompasdan has güýçlidir!
Pyşdyllar adamlardan iki esse uzak ýaşaýar
Pyşdyllar tebigatda has uzak ýaşaýan haýwanlaryň biridir. Ýaşaýyş dowamlygynyň iň uzak ömri 10-80 ýyl bolup biler! Käbiri 50 ýyl töweregi köpeliş derejesine ýetenoklar. Pyşdyllaryň käbir görnüşleri takmynan 150 ýyl ýaşap biler.
23-nji maý–Bütindünýä pyşdyllar güni
30
128