ULY ÝÜREK
Orta mekdebiň soňky synpynda okaýan Brus birdenkä agyr
derde ýolukdy. Onuň elleri hem, aýaklary hem şel açdy-da, hereket
edip bilmez hala düşdi. Ol diňe kellesini we barmaklaryny gymyl-
dadyp bilýärdi. Muňa garamazdan, ol orta mekdebi üstünlikli tamam-
lap, uniwersitetleriň birine okuwa girdi. Uniwersitetde okaýan döwri
hem hiç kimse Brusyň nämedir bir zatdan zeýrenýändigini, şikaýat
edýändigini görmedi. Gaýta, onuň gursagy maksada okgunlylyk
bilen güýç-gaýratdan dolup-daşýan ýalydy. Şadyýan hem degişgendi.
Dostlary ol hakda söz açanlarynda: «Kellesiniň içinde ullakan akyl
bar. Gursagynda ullakan ýüregi bar» diýişýärdiler. Günleriň birinde
dostlarynyň biri ondan şikaýat edere, zeýrenere köp sebäbiň bardygyna garamazdan, bu güler ýüzlüligiň, umytlylygyň, ruhubelentligiň
syry-sebäbi hakda sorady. «Ikisinden birini saýlamaly boldum.
Durmuşymyň galan bölegini ýa agy-perýat edip geçirmelidim.
Ýa-da bu ýagdaýymy boýun almak bilen öz maksatlarymy hasyl et-
mäge ymtylmalydym. Oňyn we işjeň herekete dowam etmelidim».
Brus ikinji ýoly saýlap alypdyr. Zeýrenmän, nalaman ýaşamagy, öz
ýagdaýyna düşünip, kaýyl bolup, hereket etmegi ileri tutupdyr. Ol
ýylgyrmagy we umytly bolmagy eý görüpdir. Hereket etmegi we
zähmet çekmegi, amal etmegi saýlapdyr. Brus uzak ömür sürmedi.
Ol otuz bir ýaşynda gözüni müdimilik ýumdy. Ýöne onuň teni so-
wasa-da, köplere nusga bolan özüni alyp barşy gursaklarda mekdep
bolup ýaşaýar. Onuň galdyran mirasy hemmelere peýdaly. «Brus
mejalsyz göwresini alyp gitse-de, ägirt uly düşünje baýlygyny miras
goýup gitdi. Onuň durmuş meýdanynda galdyran barmak yzlaryny
her kim öz durmuşynda peýdalanyp biler» diýip, Brusyň dostlarynyň
biri ýatlaýar. Brus diňe bir öz durmuşynda peýda bolan adamlara
däl, eýsem, onuň bilen bagly durmuş hekaýatyny okanlaryň hemme-
sine-de täsir etdi. Hemmeleriň kalbynda öz yzyny goýmagy başardy.
Ol ýagdaýlaryň nähilidigine garamazdan, asla zeýrenmeli däldigi,
bela-beterler gara bulut deýin başyňy gaplanynda hem agy-iňňildä
per we ser bermeli däldigi, takdyr-täleýi, ýazylan kysmaty kaýyllyk
bilen kabul edip, ýagşy maksatlar, süýji umytlar bilen öňe hereket
etmelidigi, işjanly, maksada okgunly, ruhubelent bolmalydygy hak-
daky habary ýaýdy. Onuň uly akly bardy, ol akly agyr-kyn pursatlaryň
hiç biri-de birjik-de garjaşdyryp bilmedi. Onuň beýik ýüregi bardy,
ol ýüregi agyryly, gözgyny hal-ýagdaýlaryň, hadysa-wakalaryň hiç
biri-de ejizledip bilmedi. Ol ýaşaýşy zeýrençdir nalalaryň arasynda
däl-de, durmuşyň her pursadyndan lezzet alyp durmuşyň her saga-
dyny peýdalanyp ýaşamalydygy hakdaky çagyryşdy.
Zeýrençsiz 24 sagat. Ine, biziň berjek teklibimiz. Çynlakaý
synanyşyp göreliň. Öňümizdäki 24 sagadyň dowamynda hiç zatdan
zeýrenmän, hiç kimsä käýinmän, durmuşdan nalaman, ýagdaýlardan
nadyl bolman ýaşap göreliň. Gujur-gaýratly, ynamly we dogumly,
işjanly we umytly hereket edeliň. Duş gelen her bir ynsanyň kalbynda
ägirt uly hoşallygy, ýakymly täsirleri miras goýalyň. Has dogrusy, bu
meniň teklibim däl. Bu sözler Brusyň ýazyjy dostunyň teklipleridir.
Hereket et:
Öňümizdäki 24 sagady hiç kimden we hiç zatdan zeýrenmän
geçirjekdigiňi pugta ýüregiňe düw.
Halallyk Kyssalary