nabat_
02.05.2024 16:51
SOWAL


Neçün käte göwün hanam joş urup,
Bir ýerlerde ýalňyz aglasym gelýär?!
Neçün käte şowhunlardan bez bolup
Sähralarda göwnüm çaglasym gelýär?!

Men beýle neneňsi ýürek göterýän
Hakykat öňünde ol şeýle batyr.
Ejiz hyýallaryň öňünde weli
Bu arada neneň tapmaça ýatyr?!

Bilmesem-de älem syryn jikme-jik
Bitewilikde weli aňlap bilen dek.
Duýanymy düşündirip bilmeýän
Düşünenler bolsa duýup bilenok.

Düzediş girizip bolşy deý goşga
Mümkinmi ýazgydy redaktirlemek?!
Men owaldan şeýlemidim ýazgytda
Ýa ömrüň manysy Meniňi ýeňmek?

Näme üçin gelýäs,näme üçin gidýäs?
Älem näme,hany onuň serhedi?
O neneňsi çaknyşmaýar ýyldyzlar
Neneň edip ozup bolar pursady?

Neçün Onuň Adyn eşdip aglaýan
Neçün Ony bilmän ýaşaýanam bar?
Ýa-da ony süňňüm göräýdimikä
Mende “Ylham” ady bilen ýaşaýan?

Ýene-de aglaýan köşeşýär göwnüm
Bir zada begensem aglaýar ýürek.
Dilsiz synam habar berýär bir zady
Dünýäň asyl syry şu bolsa gerek.

Älemiň syryna şaýat synamyz
Laldygyndan sözläbilmän aglaýar.
Öz-özüňe düşünmezlik şeýle kyn
Şeýdip dilsiz duýga umyt baglaýan.

Kim men,nirli,näme üçin ýaşaýan
Sowal her bir işde başarmadygym.
Bir gün bolsa ömrüň sahypasynda
Sorag belgi goýup ýaşar giderin.

© Meñli Aşyrowa
2020ý.
26
45
2106
2 May 2024
👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.