Bütindünýä Banky dünýä jemgyýetçiligini Afrika üns bermäge çagyrdy
Halkara jemgyýetçiligi demografiýa we geljegi uly işçi güýji meselelerinde Afrika ýurtlaryny alga almaga borçludyr. Bu barada Bütindünýä Bankynyň prezidenti Ajaý Banga aýtdy diýip, «Financial Times» gazetine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
BB-niň başlygy Afrika ýurtlarynyň ýaşlaryny yklymyň geljegi uly güýji hökmünde häsiýetlendirip, olaryň Afrikanyň gülläp ösüşini üpjün edip biljekdigini nygtady. Banga şunuň bilen baglylykda, yklymyň ýurtlaryna maýa goýmaga çagyrdy.
Bütindünýä Bankynyň başlygy şeýle hem 2050-nji ýylda Afrikanyň ilatynyň dünýä ilatynyň çärýek bölegine golaýyny düzjekdigini we 2,5 milliard adama deň boljakdygyny aýtdy.