nabat_
17.04.2024 16:45
Salam Öwrenmeliniñ mähriban agzalary.Siz bilen su gün kiçijek bir oýun oýnamakçy.
Bul oýun köp ýerlerde  lider saýlanylanda oýnalýa.Oýuny gysgaça düşündireýin:
Inhä siziñ ertir doglan güniñiz we siz öz doglan güniñize Öwrenmeliden göni 3 agzany çagyryp bilýâniz we her kim haýsy 3 agzany çagyrmakçy bolsa teswirlerde bellap geçýä we iñ köp haýsy agza doglan güne saýlanýaka şony görýäs....Bul yöneje guymenje ucin bir oyun😊
Ertir sagat 14:00 a cenli dowam edýä oýun🙃

Hany iñ köp haýsy agza has ses alarka😁😊
42
490
nabat_
17.04.2024 07:42
Bütün erkeklere odun diyen kızlar! Her sabah o kadar makyajı ormana gitmek için mi yapar?
💫💫💫💫💫💫

Herkesin kalbimde bir yeri var. Kiminin altı çizili, kiminin üstü!
💫💫💫💫💫💫

Hayatta iki şeye dikkat edin; yolda yürürken kavşaklara bir de yüzünüze gülen yavşaklara!
💫💫💫💫💫

“İnsanlık” yazın. Boşluk Bırakmayın. Hiç bir yere göndermeyin. Bırakın sizde kalsın.
💫💫💫💫💫

Azrail bile ayağıma gelecekse sen neyin tribindesin güzelim.

💫💫💫💫💫💫
Güvenme karaktersizin vefasına. Bugün över, yarın söver!

💫💫💫💫💫
Yabancı bir şarkı gibiyim, dinleyenim çok, anlayanım az.
💫💫💫💫💫

Kalp deniz, dil kıyıdır. Denizde ne varsa kıyıya o vurur.
💫💫💫💫💫💫

Zor ise sev ama, sevmiyorsa zorlama.

💫💫💫💫💫💫💫
Aydınlık neyin oluyor senin, gökyüzü akraban filan mı? Beni bulur bulmaz gözlerin şimşek çakıyorum yalan mı?
💫💫💫💫💫💫
Eğer her zaman yaptığını yaparsan, her zaman elde ettiğinin aynısını elde edersin, daha fazlasını değil.
💫💫💫💫💫💫
Başkalarının senin hakkında ne düşündükleri konusunda endişe duyduğun sürece, onlar senin sahibindir.
💫💫💫💫💫💫
Rakıyı gören suyu, kadını gören yatağı düşünür olmuş. Oysa ne içmesini bilen var, ne de sevmesini.
💫💫💫💫💫💫
Sen çare arıyorken o bahane arıyorsa, aranacak bir şey kalmamıştır; bırak gitsin!
💫💫💫💫💫💫
Kalbimi park yerimi sandın, çık dışarıda oyna!
💫💫💫💫💫
Erkek özlediğini söylemez! Oturur bir sigara daha yakar.
💫💫💫💫💫💫💫
Sana sağır olana, sen dilsiz olacaksın.
💫💫💫💫💫💫💫
Yokluğumla iyi geçin, çünkü varlığım bir daha olmayacak!
💫💫💫💫💫💫
Baktın hayatın tadını çıkaramıyorsun, tadını kaçıranı hayatından çıkar.





Hemmejämiz öz halaýanja manyly sözini belläp geçäýsin🤗
31
42
nabat_
16.04.2024 11:14
Ajy aýralyk güni...


Bu söýgimde geçdi nãçe aýlarym
Seni söýüp ýürek ýene ýaraly
Ine geldi bu gün aýralyk güni
Seni söýüp bu gözlerim agyly


Ýüregimde sana bolan söýgimi
Men nädip öçrüp bilerkäm
Ýa bu duýgy ýitermika kem-kemden
Gara gözlem gapylanda dünýeden


Ejem ,kakam diýdi söýüşme aýyp
Diñlemedim men olary ,ýalñyşdym
Sebäbi söýýädim söýgilim seni
Indi näme boldy nehala geldik


Ol goñurja gözleñ ýaldyrap durdy
Gözleriñde bardy maña bolan söýgi
Şunça gowy duýgy öcdimi indi
Unydyp iki yat bolmalymy biz


Unut diýip aýtyan seni ýüregme
Emma edenokla ol meñ diýenmi
Bu gün señ ýekejäñ küýseýä seni
Yüregim unudanok tanşylan güni


Men boýun bolmaly indi ykbala
Sòýgimi undup gömmeli kalba
Söýýadim men seni unutma muny
Hoş gal gowjam ,hoş gal menin çyn,söýgim


@nabat_,
33
76
nabat_
16.04.2024 08:12
KYSMAT WE TAKDYR


«Zeminde we siziň özüňizde ýüz beren her bir bela-beter, size in-
mezinden owal Kitapda ýazylandyr». Galamyň syýasy gurady, sahy-
palar agdaryldy, iş bitdi, her kimiň rysgy-rozy, ömri-durmuşy ýazyldy.
«Aýt: Allanyň ýazanyndan başga zat alnymyza gelmez». Saňa sataşanzat, azaşyp ýa çawyp düşen däldir. Haýsydyr bir zadyň ýalňyşyp saňa
inmäge haky ýokdur.
Şu mäkäm ynanç-akyda ýüregiňde ornasa, ynsap-wyždanyňda
berkese (karar tutsa), belalar peşgeşe, kynçylyklar serpaýa öwrüler.
Durmuşda bolup geçýän her bir waka-hadysa seniň döşüňe dakylýan
orden-medaldyr. «Alla kime ýagşylyk etse, ony taplamak hem-de
has gowy günlere taýýarlamak üçin kynçylyklara duçar eder».
Şonuň üçin agyry-dert, biynjalyk we kesel ýa-da ýakynlaryňdan
biriniň ýogalandygy üçin ýa-da maliýe ýitgileri ýa-da ýangyna uçran
emläkleriň üçin çuňňur hasrata batyp oturmagyn. Bu zatlaryň ähli-
sini Allatagala owal anyk kesgitledi – takdyr etdi. Durmuşda diňe
hökman bolaýmaly zatlar bolar. Ezelde düwlen ýazgyt daňylary
durmuşda çözüldi – bolmaly zatlar bolmalysyna laýyk ýüze çykdy.
Hiç zat bize bagly däl ýaly görünse-de, biz, ynsanlar, öňümizde ke-
seren zatlaryň, ýagdaýlaryň, mümkinçilikleriň has gowusyny, haýyr-
lysyny, sogaplysyny saýlamaga ymtylmalydyrys. Ähli gowy zatlar,
haýyr-yhsanlar Allanyň elinde. Kötel-kynçylyklara, agyr günlere we
çökder ýagdaýlara sabyr etsek, munuň üçin Perwerdigäriň berjek bi-
hasap sogaby-peşgeşi bar, üstesine günälerden hem ýülünip bolýar.
Başy derde sataşan adamlara mübärek bolsun – olaryň Allanyň razy-
lygy üçin bu zatlara edýän sabry hergiz boş goýulmaz. Alýan hem,
berýän hem, saklaýan hem, goýberýän hem Alladyr. Ähli zat diňe
Allanyň elindedir. Takdyra ynanyp, ýazgyda ymykly bil baglaýançaň,
seniň degnalaryň (nerwileriň) köşeşmez we nebis bilbilleriň ynjalyk
tapmaz. Saňa gabat gelmeli zatlar hökman sataşar, sen munuň üçin
özüňi hasrata gark etme. «Ýazgyt galamy gurady», ol indi owalky
ýazgydy üýtgedip bilmez. Ýykylyp barýan diwary duruzmak, akyp
duran suwuň öňüni beklemek, ösüp duran ýeliň ugruny bökdemek
(ýeli öwüsmekden saklamak), aýnany döwülmekden saklamak elim-
den gelýär diýseň, örän ýalňyşarsyň. Bu zatlar, seniň-meniň islegime
garamazdan, dogry däldir. Takdyr edilen muňa hökman uçrar, kaza
oky durmuş meýdanyndan parran geçer, ýazgyt bolmalysy ýaly ýüzeçykar «Islänler ynansyn, islänler ynanmasyn» («Hala ynanyň, hala
ynanmaň»).
Agy-eňrew, ýazgaryş, taňrygarganlyk esgerleriniň otly çirtmegi
boýnuňdan ilmänkä, takdyra boýun bol. Ökünç silleri degre-daşyňy
doldurmanka, ýazgydy boýun al. Onda, dürli sebäplere daýanyp, ýüz-
lerçe hileleri, ýollary ulanybam, ýene-de halamadyk zadyňa uçrasaň,
bil, bu gutulgysyz ýazgytdyr, hökman bolaýmaly zatdyr, onsoňam
hiç haçan «eger şeýden bolsam, şeýle-şeýle bolardy» diýmegin.
Gaýta «Allanyň takdyr edenidir. Alla nämäni halasa, şol hem bolar»
diýgin.


Halallyk kyssalary
32
53
nabat_
15.04.2024 08:31
Çok dostum var benim, yeter ki işleri düşsün.😏

Meñ dostum kän haçanda işleri düşende😏
36
86
nabat_
15.04.2024 00:03
Dünýäde iň köp satylýan smartfonlar belli boldy

iPhone 15, iPhone 13 we Samsung Galaxy S23 FE dünýäde 2023-nji ýylyň dördünji çärýeginiň jemleri boýunça iň köp satylan smartfonlar boldy. Bu barada Hytaýyň «Chaodian» seljeriş kompaniýasynyň hasabatyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
2023-nji ýylyň soňky üç aýy boýunça Apple kompaniýasy 5,3 mln iPhone 15 we 2,4 mln iPhone 13 smartfonlaryny satdy. Samsung Galaxy S23 FE eltelefonlarynyň 2,2 mln sanysy satyldy. Öňdebaryjylaryň bäşligine şeýle-de iPhone
14 we Galaxy S23 smartfonlary degişlilikde 1,9 mln we 1,7 mln birlik bilen girdi.
Sanawda Google Pixel 8 (1,2 mln), Xiaomi Mi 14 Pro (0,87 mln), iPhone 12 (0,46 mln, Vivo X100 Pro (0,35 mln), iPhone 13 Mini (0,34 mln), Motorola Razr 2023 (0,30 mln), Xiaomi Mi 14 (0,25 mln), Xiaomi Mi 13T Pro (0,22 mln),
Samsung Galaxy S22 (0,21 mln), iPhone 15 Plus (0,21 mln), Huawei Mate 60 (0,19 mln), iQOO 12 Pro (0,17 mln), Oppo Find N3 Flip (0,17 mln), Samsung Galaxy S23 Plus (0,16 mln) we Google Pixel 7 (0,16 mln) ýerleşdi.
27
20
nabat_
14.04.2024 15:16
«Adidas»-yň XXI asyrdaky ilkinji ýitgisi

«Forbes.ru» -nyň habar bermegine görä, meşhur sport harytlaryny öndüriji bolan «Adidas» geçen ýylyň jemleri boýunça ýitgi çekdi. Bu ýagdaýyň 1992-nji ýyldan bäri ilkinji gezek bolandygyny aýtmak bolar.
2023-nji ýylyň jemleri boýunça onuň arassa ýitgisi 14 million ýewro, dowam edýän amallardan maliýe ýitgileri 58 million ýewro ýetdi. Bilşimiş ýaly, geçen ýyl «Adidas» 638 million ýewro arassa girdeji gazanandygyny mälim edipdi.
Maglumatlara görä, 2022-nji ýylda «Adidas» bilen amerikaly hip-hop aýdymçysy Kanye Westiň «Yeezy» brendiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýatyrylmagy görkezijileriň peselmeginiň esasy sebäbi bolup durýar. Kompaniýanyň hasaplamalaryna görä, brendiň önümleriniň galan paýnamalary «öz gymmatyna» satylýar.
Belläp geçsek, 2024-nji ýylda «Adidas» 500 million ýewro girdeji gazanmagy meýilleşdirýär.
«TürkmenGazet»
39
98
nabat_
13.04.2024 21:22
BAGTYÝARLYK KADALARY
(BAGTYŇ ESASY DÜZGÜNLERI)



1. Diňe şu günüňi manyly ötürmegiň aladasyny etmeseň (şu
günüň bilen ýaşamasaň), zehiniň dagynyk, işleriň bulaşyk, gaýgy-
-gamyň artyk bolar. «Sag-aman ertire çykan bolsaň, agşamy alada
etme. Sag-aman agşama ýeten bolsaň, ertiriň gamyny iýme» diýilýän
sözleriň manysy hem şeýledir.
2. Bolup geçen ýakymsyz zatlary-geçmişi durky-düýrmegi
bilen unut. Geçen güne, öten ýagdaýlara aýratyn ähmiýet bermek
akmaklyk we dälilik hasap edilýär.
3. Geljegiň gaýgysyny etme. Ol heniz barlyk äleminde däl-de,
gaýyp-ýokluk älemindäki zat. Gelýänçä, onuň pikirini edip, ünjä
batyp oturma.
4. Gybatyň, tankytlaryň öňünde yranyp, çaýkanyp (sarsyp) dur-
ma, berk dur. Gybatyň (tankydyň) derejesi seniň gymmatyňa görä-
dir.
5. Biribara bolan iman we salyh amallar abadan we bagtyýar
durmuşyň baş sebäpleridir.
6. Ynjalyk, rahatlyk we asudalyk isleýärmiň, diňe gowy zatlaryň
pikirini et, Biribaryň zikrini köpelt.
7. Taňry bendesi ähli zadyň ýazgyda-takdyra görä hasyl bolýan-
dygyny unutmaly däldir.
8. Diňe ýagşylyk et, ýöne hiç kimden taňryýalkasyna garaşma.
9.Özüňi käte oňaýsyz ýagdaýlaryň içinde hem göz öňüne geti-
rip gör, soň ýeňip geçmek ýeňil düşer.
10. Belki, bu bolýan zatlaryň ählisi seniň üçin diňe bähbitdir.
11. Ähli ýagdaýda hem haýyr bardyr.
12. Özüňe berlen nygmatlar (Biribaryň beren nygmatlary) hak-
da oýlan we şükür et.
13. Özüňde bar ençeme zat bilen şu wagtam köplerden
beýikdesiň.
14. Göz ýumup açasy salymda şatlyk peýda bolup biler.
15. Durmuş synaglary arkaly dileg-dogalar halys ýürekden
çykýar.
16. Kynçylyk-kösençlikler gözleriň melhemi, ýürekleriň kuwwa-
tydyr.
17. Her bir kynçylygyň ýanynda hökman ýeňillik bardyr.
18. Bolgusyz zatlar üçin birahat bolma.
19. Taňrynyň merhemeti giň, geçirimi uludyr.
20. Gaharlanma, gaharlanma, gaharlanma.
21. Ýumşak çörek, süýji suw we goýry saýa – hakyky durmuş.
Galan zatlar üçin ynjalykdan düşme.
22. Bu dünýäde we Asmanlarda hem siziň rysgyňyz bardyr, size
ýeterlik rysk we ýagşylyklar wada edilendir.
23. Gorkulýan zatlaryň köpüsi hasyl bolmaýar.
24. Özüňden agyr dertlileriň gününe göz aýla we ybrat al.
25. Allatagala kimi halasa, ony müň dürli synap görer.
26. Gaýgy-gamlardan, tukatlykdan saplaýan dileg-dogalary
üznüksiz oka.
27. Netijeli amala yhlas bilen ýapyş. Hiç wagt boş, bikär oturma.
28. Gep-gybatlara gulak gabartma we myş-myşlara ynanma.
29. Ar almaga bolan ymtylyşyň we kine-kitüwiň seniň özüňe
bäsdeşiňden has agyr zelel berýändir.
30. Başa gelýän her bir dert-bela günälerden saplamak üçin se-
bäpdir.




Halallyk kyssalary
0
59
nabat_
13.04.2024 08:30
Adamyñ başlanyşy



Çaga dünýä indi. Bir adam ýene
Goşuldy ozalky millionlaň ýanna.
Öýne gaýdyp geldi owadan ene.
Çaga at dakdylar.
Meretmi, Anna –
Gürrüň adynda däl. Ýa-da enäniň
Görmeginde-de däl. Bu ýöne mysal.
Ýaş, sagdyn enäniň ak süýdün emip,
Her gün iki mysgal, belki kän mysgal
Çaganyň tenine agram goşuldy.
Geçdi üç-dört hepde. Çagyrdy ZAGS.
Owadan harp bilen adyny ýazyp,
Ýaş ataň eline berdiler kagyz.

«Ýörjen-ýörjen» boldy. Ýöräp başlady.
Iki ätmäkä-de ýykyldy ýere.
«Ýetiň, ýetiň!» diýip, gygyrsa ata,
«Waý, köşegim!» diýip, topuldy ene.

Ýedisine ýetdi.
Mekdebe gitdi.
On ýyl gülüp girdi işiklerinden.
Kakasy gutlasa bäşliklerini,
Ejesi aýlandy bäşliklerinden.

Onsoň «Salam!» diýip bardy bir jaýa,
Olam «Salam!» diýip, gaýtardy jogap.
Bäşlik bilen girdi. Bäşlik bilenem
Okady. Hiç kimsiz başyny çarap,
Ne-hä adamlardan kömek sorady,
Ne-de ýoldaşlarna ýetirdi kömek.
Hiç kimiň edenne telek diýmedi,
Ne-de oň edenne diýdiler telek.

Ne ýoldaşy boldy, ne-de bir dosty,
Ne guwanýan, ne-de gynanýan zady.
Bar bilen-biteni kitap, depderi
Öz bäşligi
hem-de özüniň ady.

Boýy, atasynyň boýundan ötdi.
Görmegeý. Seretseň gözüň doýanok.
Şeýdip ýigrimiden ätledi ýaşy –
Bir görse,
daşynda bir adamam ýok.

Birden eýmenç gorkdy, ýüregi gysdy,
Hopugyp, öýünden çykdy sabada,
Köne ýoldaşlaryn tapdy bir ýerden, –
Soraşdy ahwalyn, paýlaşdy derdin –
Doguldy adam.


Kerim Gurbannepesow
35
91
nabat_
10.02.2024 21:51
Günde näçe düýş görülýär jahanda? Müňmi? Millionmy? (G.Ezizow)



Düýş Uky Gyzykly Faktlar

Nähili pikir edýärsiňiz? Biziň çagakak iň halamaýan zadymyz nämedi? Meniň pikirimçe, köpleriň jogaby, elbetde, uky bolsa gerek. Çünki çagalar işjeň hereketde bolýarlar, köp zatlary bilmek we tejribede barlap görmek isleýärler. Şonuň üçin hem olar, köplenç, uklamakdan "gaçýarlar". Emma uly adamlar olaryň tersine. Olaryň iň ejir çekýän zatlarynyň biri ukusyzlyk. Çünki biz ulaldygymyzça pikirlerimiz, aladalarymyz, ýerine ýetirmeli borçlarymyz köpelýär, çylşyrymlaşýar. Sözümizi jemläp aýtsak, adam özüniň uka mätäçligi esasynda çagalyk döwründen daşlaşýanlygyna düşünýär. 
 
Ählimiziň hem bilşimiz ýaly, uky-adamyň durmuşyndaky iň zerur fiziologik ýagdaý. Ýöne siz ukynyň biziň beden agzalarymyza, beýnimize edýän täsiri barada pikir edip gördüňizmi?
 
Alymlaryň aýtmagyna görä, adamyň ukusyzlygy oňa iýmit ýetmezçiliginden hem has uly zeper ýetirýär. Ýagny, ukusyz geçirilen bir günüň dowamynda adamyň beýnisinde bolup geçýän käbir himiki prosesleriň netijesinde akyl bozulmalary hem ýüze çykyp bilýär. Ukusyz adamda ysgynsyzlyk, ünssüzlik, kellagyry, başaýlanma... ýaly ýagdaýlar ýüze çykýar. Dowamly ukusyzlyk adamyň immunitetiniň peselmegine we çalt kesellemegine getirýär.

 
Indi bolsa uky we düýş baradaky gyzykly maglumatlaryň üstünde durup geçeliň.
*Adamlar tutuş ömrüniň 1/3 bölegini ukuda geçirýärler. 
*Adamlar ukuda wagty 10 sekuntlap dem almaýar we bu gijäniň dowamynda 5 gezek dowam edip bilýär.
*Žiraflar bir gije-gündiziň dowamynda 1.9 sagat ýatýan bolsalar, koalalar gününiň 22 sagadyny ýatyp geçirýärler.
*Iň uzak ukusyzlykda geçirilen wagt 11 gündür.

*Alymlaryň aýtmagyna görä, magniý elementi gowy ukyňy almagyň üçin zerurdyr. Magniý ýetmezçiligi (defisiti) gaharjaňlyga, ynjalyksyzlyga, gyzmalyga eltip bilýär.
*Çaklamalara görä, dünýäniň ilatynyň 15%-i ukuda ýöreýändirler.

* 10 sagatdan köp ýatýan adam ýürek kesellerine, 2-nji derejeli süýjikeseline we depressiýa duçar bolup bilýärler.
*Käbir dünýä belli adamlar bir gije-gündizde 3-4 sagadyň dowamynda ukusyny ýeterlik derejede alyp bilipdirler. Tomas Edison, Banjamin Franklin, Leonardo da Winçi, Nikola Tesla, Uilýam Çerçill-bularyň ählisi az ýatsalar hem özlerini sagdyn duýupdyrlar.
*Reňkli telewizorlaryň çykmagyndan öň dünýäniň diňe 15% ilaty reňkli düýşler görüpdirler. Häzirki wagtda bolsa, adamlaryň diňe 12%-i gara-ak reňkli düýş görýärler we olaryň aglabasy ýaşululardyr.
*Adamlar oýananlaryndan 5 minut soň düýşüň 50%-i unudylýar. Ýene 5 minutdan soň bolsa düýşüň 90%-i ýadymyzdan çykýar.
*Köp ylmy açyşlar düýşde görüldi. Meselem, Nils Bor atomyň gurluşyny, belli himik Fridrih Kekule benzolyň formulasyny, hatda Dmitriý Mendeleýew hem meşhur periodik tablisany düýşlerinde görüpdirler. Rihard Wagner bolsa, özüniň "Tristan we Izolda" atly eserini özi oýlap tapman, düýşünde eşidendigini nygtaýar. 
*Biz bir gijede azyndan 5 düýş görýäris.
*Adam hor çekende düýş görmeýär.
*Köp ene-atalar çagalary 1 ýaşaýança öz ukularynyň 400-750 sagadyny ýitirýärler.

*Kiçijik çagajyklar 3 ýaşyna çenli düýşlerinde özlerini görmeýärler. 3-8 ýaş aralygy çagalar uly adamlaryň tutuş ömründe görýänlerinden hem köp gorkunç düýş görýärler.
*Adam ýatan wagty ys duýmaýar, otaglarda goýulýan tüsse duýujy signalizatorlaryň döremegi hem şonuň üçindir. 
Uky we düýş baradaky ylmy adalgalar
Somnologiýa- düýşleri öwrenýän ylym.
Disaniýa- ukudan oýananyňda ýeriňden turmagyň kynlaşmasy. Bu ýagdaý hroniki ýadawlyk sindromynyň bir formasy bilen häsiýetlendirilýär.

Parasomniýa (lunatizm)- uky wagtynda özüňe bagly bolmadyk hereketler.
44
288