KYSMAT WE TAKDYR
«Zeminde we siziň özüňizde ýüz beren her bir bela-beter, size in-
mezinden owal Kitapda ýazylandyr». Galamyň syýasy gurady, sahy-
palar agdaryldy, iş bitdi, her kimiň rysgy-rozy, ömri-durmuşy ýazyldy.
«Aýt: Allanyň ýazanyndan başga zat alnymyza gelmez». Saňa sataşanzat, azaşyp ýa çawyp düşen däldir. Haýsydyr bir zadyň ýalňyşyp saňa
inmäge haky ýokdur.
Şu mäkäm ynanç-akyda ýüregiňde ornasa, ynsap-wyždanyňda
berkese (karar tutsa), belalar peşgeşe, kynçylyklar serpaýa öwrüler.
Durmuşda bolup geçýän her bir waka-hadysa seniň döşüňe dakylýan
orden-medaldyr. «Alla kime ýagşylyk etse, ony taplamak hem-de
has gowy günlere taýýarlamak üçin kynçylyklara duçar eder».
Şonuň üçin agyry-dert, biynjalyk we kesel ýa-da ýakynlaryňdan
biriniň ýogalandygy üçin ýa-da maliýe ýitgileri ýa-da ýangyna uçran
emläkleriň üçin çuňňur hasrata batyp oturmagyn. Bu zatlaryň ähli-
sini Allatagala owal anyk kesgitledi – takdyr etdi. Durmuşda diňe
hökman bolaýmaly zatlar bolar. Ezelde düwlen ýazgyt daňylary
durmuşda çözüldi – bolmaly zatlar bolmalysyna laýyk ýüze çykdy.
Hiç zat bize bagly däl ýaly görünse-de, biz, ynsanlar, öňümizde ke-
seren zatlaryň, ýagdaýlaryň, mümkinçilikleriň has gowusyny, haýyr-
lysyny, sogaplysyny saýlamaga ymtylmalydyrys. Ähli gowy zatlar,
haýyr-yhsanlar Allanyň elinde. Kötel-kynçylyklara, agyr günlere we
çökder ýagdaýlara sabyr etsek, munuň üçin Perwerdigäriň berjek bi-
hasap sogaby-peşgeşi bar, üstesine günälerden hem ýülünip bolýar.
Başy derde sataşan adamlara mübärek bolsun – olaryň Allanyň razy-
lygy üçin bu zatlara edýän sabry hergiz boş goýulmaz. Alýan hem,
berýän hem, saklaýan hem, goýberýän hem Alladyr. Ähli zat diňe
Allanyň elindedir. Takdyra ynanyp, ýazgyda ymykly bil baglaýançaň,
seniň degnalaryň (nerwileriň) köşeşmez we nebis bilbilleriň ynjalyk
tapmaz. Saňa gabat gelmeli zatlar hökman sataşar, sen munuň üçin
özüňi hasrata gark etme. «Ýazgyt galamy gurady», ol indi owalky
ýazgydy üýtgedip bilmez. Ýykylyp barýan diwary duruzmak, akyp
duran suwuň öňüni beklemek, ösüp duran ýeliň ugruny bökdemek
(ýeli öwüsmekden saklamak), aýnany döwülmekden saklamak elim-
den gelýär diýseň, örän ýalňyşarsyň. Bu zatlar, seniň-meniň islegime
garamazdan, dogry däldir. Takdyr edilen muňa hökman uçrar, kaza
oky durmuş meýdanyndan parran geçer, ýazgyt bolmalysy ýaly ýüzeçykar «Islänler ynansyn, islänler ynanmasyn» («Hala ynanyň, hala
ynanmaň»).
Agy-eňrew, ýazgaryş, taňrygarganlyk esgerleriniň otly çirtmegi
boýnuňdan ilmänkä, takdyra boýun bol. Ökünç silleri degre-daşyňy
doldurmanka, ýazgydy boýun al. Onda, dürli sebäplere daýanyp, ýüz-
lerçe hileleri, ýollary ulanybam, ýene-de halamadyk zadyňa uçrasaň,
bil, bu gutulgysyz ýazgytdyr, hökman bolaýmaly zatdyr, onsoňam
hiç haçan «eger şeýden bolsam, şeýle-şeýle bolardy» diýmegin.
Gaýta «Allanyň takdyr edenidir. Alla nämäni halasa, şol hem bolar»
diýgin.
Halallyk kyssalary