nabat_
13.04.2024 21:22
BAGTYÝARLYK KADALARY
(BAGTYŇ ESASY DÜZGÜNLERI)



1. Diňe şu günüňi manyly ötürmegiň aladasyny etmeseň (şu
günüň bilen ýaşamasaň), zehiniň dagynyk, işleriň bulaşyk, gaýgy-
-gamyň artyk bolar. «Sag-aman ertire çykan bolsaň, agşamy alada
etme. Sag-aman agşama ýeten bolsaň, ertiriň gamyny iýme» diýilýän
sözleriň manysy hem şeýledir.
2. Bolup geçen ýakymsyz zatlary-geçmişi durky-düýrmegi
bilen unut. Geçen güne, öten ýagdaýlara aýratyn ähmiýet bermek
akmaklyk we dälilik hasap edilýär.
3. Geljegiň gaýgysyny etme. Ol heniz barlyk äleminde däl-de,
gaýyp-ýokluk älemindäki zat. Gelýänçä, onuň pikirini edip, ünjä
batyp oturma.
4. Gybatyň, tankytlaryň öňünde yranyp, çaýkanyp (sarsyp) dur-
ma, berk dur. Gybatyň (tankydyň) derejesi seniň gymmatyňa görä-
dir.
5. Biribara bolan iman we salyh amallar abadan we bagtyýar
durmuşyň baş sebäpleridir.
6. Ynjalyk, rahatlyk we asudalyk isleýärmiň, diňe gowy zatlaryň
pikirini et, Biribaryň zikrini köpelt.
7. Taňry bendesi ähli zadyň ýazgyda-takdyra görä hasyl bolýan-
dygyny unutmaly däldir.
8. Diňe ýagşylyk et, ýöne hiç kimden taňryýalkasyna garaşma.
9.Özüňi käte oňaýsyz ýagdaýlaryň içinde hem göz öňüne geti-
rip gör, soň ýeňip geçmek ýeňil düşer.
10. Belki, bu bolýan zatlaryň ählisi seniň üçin diňe bähbitdir.
11. Ähli ýagdaýda hem haýyr bardyr.
12. Özüňe berlen nygmatlar (Biribaryň beren nygmatlary) hak-
da oýlan we şükür et.
13. Özüňde bar ençeme zat bilen şu wagtam köplerden
beýikdesiň.
14. Göz ýumup açasy salymda şatlyk peýda bolup biler.
15. Durmuş synaglary arkaly dileg-dogalar halys ýürekden
çykýar.
16. Kynçylyk-kösençlikler gözleriň melhemi, ýürekleriň kuwwa-
tydyr.
17. Her bir kynçylygyň ýanynda hökman ýeňillik bardyr.
18. Bolgusyz zatlar üçin birahat bolma.
19. Taňrynyň merhemeti giň, geçirimi uludyr.
20. Gaharlanma, gaharlanma, gaharlanma.
21. Ýumşak çörek, süýji suw we goýry saýa – hakyky durmuş.
Galan zatlar üçin ynjalykdan düşme.
22. Bu dünýäde we Asmanlarda hem siziň rysgyňyz bardyr, size
ýeterlik rysk we ýagşylyklar wada edilendir.
23. Gorkulýan zatlaryň köpüsi hasyl bolmaýar.
24. Özüňden agyr dertlileriň gününe göz aýla we ybrat al.
25. Allatagala kimi halasa, ony müň dürli synap görer.
26. Gaýgy-gamlardan, tukatlykdan saplaýan dileg-dogalary
üznüksiz oka.
27. Netijeli amala yhlas bilen ýapyş. Hiç wagt boş, bikär oturma.
28. Gep-gybatlara gulak gabartma we myş-myşlara ynanma.
29. Ar almaga bolan ymtylyşyň we kine-kitüwiň seniň özüňe
bäsdeşiňden has agyr zelel berýändir.
30. Başa gelýän her bir dert-bela günälerden saplamak üçin se-
bäpdir.




Halallyk kyssalary
0
59
ideallider
14 Aprel 2024
Like bassam postuň başyna süýşýär. Taňry diýmek, butlar we çokunulýan heýkeller jisimler diýmek👍
manolya
13 Aprel 2024
Admina aýdyp täzeden goý...like basyp bolanok
Arslan_Alaýew
13 Aprel 2024
Like basyp bolanok
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.