Günde näçe düýş görülýär jahanda? Müňmi? Millionmy? (G.Ezizow)
Düýş Uky Gyzykly Faktlar
Nähili pikir edýärsiňiz? Biziň çagakak iň halamaýan zadymyz nämedi? Meniň pikirimçe, köpleriň jogaby, elbetde, uky bolsa gerek. Çünki çagalar işjeň hereketde bolýarlar, köp zatlary bilmek we tejribede barlap görmek isleýärler. Şonuň üçin hem olar, köplenç, uklamakdan "gaçýarlar". Emma uly adamlar olaryň tersine. Olaryň iň ejir çekýän zatlarynyň biri ukusyzlyk. Çünki biz ulaldygymyzça pikirlerimiz, aladalarymyz, ýerine ýetirmeli borçlarymyz köpelýär, çylşyrymlaşýar. Sözümizi jemläp aýtsak, adam özüniň uka mätäçligi esasynda çagalyk döwründen daşlaşýanlygyna düşünýär.
Ählimiziň hem bilşimiz ýaly, uky-adamyň durmuşyndaky iň zerur fiziologik ýagdaý. Ýöne siz ukynyň biziň beden agzalarymyza, beýnimize edýän täsiri barada pikir edip gördüňizmi?
Alymlaryň aýtmagyna görä, adamyň ukusyzlygy oňa iýmit ýetmezçiliginden hem has uly zeper ýetirýär. Ýagny, ukusyz geçirilen bir günüň dowamynda adamyň beýnisinde bolup geçýän käbir himiki prosesleriň netijesinde akyl bozulmalary hem ýüze çykyp bilýär. Ukusyz adamda ysgynsyzlyk, ünssüzlik, kellagyry, başaýlanma... ýaly ýagdaýlar ýüze çykýar. Dowamly ukusyzlyk adamyň immunitetiniň peselmegine we çalt kesellemegine getirýär.
Indi bolsa uky we düýş baradaky gyzykly maglumatlaryň üstünde durup geçeliň.
*Adamlar tutuş ömrüniň 1/3 bölegini ukuda geçirýärler.
*Adamlar ukuda wagty 10 sekuntlap dem almaýar we bu gijäniň dowamynda 5 gezek dowam edip bilýär.
*Žiraflar bir gije-gündiziň dowamynda 1.9 sagat ýatýan bolsalar, koalalar gününiň 22 sagadyny ýatyp geçirýärler.
*Iň uzak ukusyzlykda geçirilen wagt 11 gündür.
*Alymlaryň aýtmagyna görä, magniý elementi gowy ukyňy almagyň üçin zerurdyr. Magniý ýetmezçiligi (defisiti) gaharjaňlyga, ynjalyksyzlyga, gyzmalyga eltip bilýär.
*Çaklamalara görä, dünýäniň ilatynyň 15%-i ukuda ýöreýändirler.
* 10 sagatdan köp ýatýan adam ýürek kesellerine, 2-nji derejeli süýjikeseline we depressiýa duçar bolup bilýärler.
*Käbir dünýä belli adamlar bir gije-gündizde 3-4 sagadyň dowamynda ukusyny ýeterlik derejede alyp bilipdirler. Tomas Edison, Banjamin Franklin, Leonardo da Winçi, Nikola Tesla, Uilýam Çerçill-bularyň ählisi az ýatsalar hem özlerini sagdyn duýupdyrlar.
*Reňkli telewizorlaryň çykmagyndan öň dünýäniň diňe 15% ilaty reňkli düýşler görüpdirler. Häzirki wagtda bolsa, adamlaryň diňe 12%-i gara-ak reňkli düýş görýärler we olaryň aglabasy ýaşululardyr.
*Adamlar oýananlaryndan 5 minut soň düýşüň 50%-i unudylýar. Ýene 5 minutdan soň bolsa düýşüň 90%-i ýadymyzdan çykýar.
*Köp ylmy açyşlar düýşde görüldi. Meselem, Nils Bor atomyň gurluşyny, belli himik Fridrih Kekule benzolyň formulasyny, hatda Dmitriý Mendeleýew hem meşhur periodik tablisany düýşlerinde görüpdirler. Rihard Wagner bolsa, özüniň "Tristan we Izolda" atly eserini özi oýlap tapman, düýşünde eşidendigini nygtaýar.
*Biz bir gijede azyndan 5 düýş görýäris.
*Adam hor çekende düýş görmeýär.
*Köp ene-atalar çagalary 1 ýaşaýança öz ukularynyň 400-750 sagadyny ýitirýärler.
*Kiçijik çagajyklar 3 ýaşyna çenli düýşlerinde özlerini görmeýärler. 3-8 ýaş aralygy çagalar uly adamlaryň tutuş ömründe görýänlerinden hem köp gorkunç düýş görýärler.
*Adam ýatan wagty ys duýmaýar, otaglarda goýulýan tüsse duýujy signalizatorlaryň döremegi hem şonuň üçindir.
Uky we düýş baradaky ylmy adalgalar
Somnologiýa- düýşleri öwrenýän ylym.
Disaniýa- ukudan oýananyňda ýeriňden turmagyň kynlaşmasy. Bu ýagdaý hroniki ýadawlyk sindromynyň bir formasy bilen häsiýetlendirilýär.
Parasomniýa (lunatizm)- uky wagtynda özüňe bagly bolmadyk hereketler.