Adamyñ başlanyşy
Çaga dünýä indi. Bir adam ýene
Goşuldy ozalky millionlaň ýanna.
Öýne gaýdyp geldi owadan ene.
Çaga at dakdylar.
Meretmi, Anna –
Gürrüň adynda däl. Ýa-da enäniň
Görmeginde-de däl. Bu ýöne mysal.
Ýaş, sagdyn enäniň ak süýdün emip,
Her gün iki mysgal, belki kän mysgal
Çaganyň tenine agram goşuldy.
Geçdi üç-dört hepde. Çagyrdy ZAGS.
Owadan harp bilen adyny ýazyp,
Ýaş ataň eline berdiler kagyz.
«Ýörjen-ýörjen» boldy. Ýöräp başlady.
Iki ätmäkä-de ýykyldy ýere.
«Ýetiň, ýetiň!» diýip, gygyrsa ata,
«Waý, köşegim!» diýip, topuldy ene.
Ýedisine ýetdi.
Mekdebe gitdi.
On ýyl gülüp girdi işiklerinden.
Kakasy gutlasa bäşliklerini,
Ejesi aýlandy bäşliklerinden.
Onsoň «Salam!» diýip bardy bir jaýa,
Olam «Salam!» diýip, gaýtardy jogap.
Bäşlik bilen girdi. Bäşlik bilenem
Okady. Hiç kimsiz başyny çarap,
Ne-hä adamlardan kömek sorady,
Ne-de ýoldaşlarna ýetirdi kömek.
Hiç kimiň edenne telek diýmedi,
Ne-de oň edenne diýdiler telek.
Ne ýoldaşy boldy, ne-de bir dosty,
Ne guwanýan, ne-de gynanýan zady.
Bar bilen-biteni kitap, depderi
Öz bäşligi
hem-de özüniň ady.
Boýy, atasynyň boýundan ötdi.
Görmegeý. Seretseň gözüň doýanok.
Şeýdip ýigrimiden ätledi ýaşy –
Bir görse,
daşynda bir adamam ýok.
Birden eýmenç gorkdy, ýüregi gysdy,
Hopugyp, öýünden çykdy sabada,
Köne ýoldaşlaryn tapdy bir ýerden, –
Soraşdy ahwalyn, paýlaşdy derdin –
Doguldy adam.
Kerim Gurbannepesow