myrataly_
14.01.2024 13:25
Aŷallary bagtly etmek üçin maslahatlar
🌕Ayallar bilen gyzyklanyň!
Köp aýallar özleri hakda gyzyklandyrmagy, üns berilmegi gowy görýärler. Gyzyklanma, aýalyň işe we durmuşa bolan garaýşyny üýtgedýän mehanizmdir. Erkek tarapyndan ideg edilmegi, aýalyň özüni ösdürýändigini we bagtlydygyny görkezýär.
🌕Olara ynanyñ!
Erkek bir aýala ynam duýgusyny bermek üçin, oňa şertsiz baglydygyny duýdurmalydyr. Beýleki ağallaryň hemmesine garamazdan, ol adam diñe siziñkidigine ynandyrmaly. Bu tapgyrdan soň, beýleki aýallary görmeýändigiňizi, ömrüňiziň dowamynda olar hakda alada etmeÿändigiñizi, olara degişli däldigini duýmalydyr.
🌕Erkin bolsun!
Şol şertler özüňiz üçin möhümdir. Nirä barýandygyňyzy habar beriň, ýöne hasap soramaň, hasap bermäň. Aýal-gyzlar özlerine eye bolan erkeklere has köp üns berÿärler. Özüňe bolan garaýşyňy duý, ýöne erkinlige üns ber, ýogsam beýle gatnaşyklar ýitip gidýär.
🌕Olary diňläň!
Ayal gündelik işleriniň aýdylmagyny we düşünilmegini isleýär. Şonuň üçin aýallary diňläň we olara özüňiz, İşiňiz, maşgalaňyz hakda gürrüň beriň. Bu size we öňüňizdäki aýala özüňizi has gowy duýmaga kömek eder.
🌕Owadan sözleri aýdyn!
Her kim gowy sözleri halaýar, esasanam aýallar owadan sözleri eşidenlerinde gül ÿaly gözelleşÿärler. Sözleriňizi üns bilen saýlap aÿtmak aýallar üçin gaty gymmatlydyr. Öz-özüne bolan hormaty artar we siziñ bilen gatnašygyñyzyň berk bolmagyna täsir eder.
28
283