Stounhenji kim gurdy?
Arheologlar Stounhenjiñ b.e.öñki 3000-2000-nji ýyllar aralygynda gurlandygyna ynanýar. Desga her biri 4.1 metr belentlikde ortaça 25 tonna agyrlykdaky dik goýlan daş halkalaryndan ybarat. Stounhenjin kim tarapyndan nämüçin gurlandygy häzirem nämälimligine galýar. Yöne bu boýunça käbir çaklamalar bar. Stounhenj hakda her täze maglumat desganyň taryhynynyň syrlylygyny hasam artdyrýar. Dünýäniñ çar künjündäki taryhçylar ýadygärligiñ gresiýalylar, rimliler we daniýalylar tarapyndan gurlan bolmagynyň mümkindigini öñe sürýär. Ýakyn ýyllarda Angliyada geçirilen DNK barlaglarynda Stounhenji guranlaryň Kiçi Aziýadan gelendiklerini öñe sürüldi. Ýöne hiç bir ylmy barlag beýlekisine gabat gelmeýär. Bu uly ýadygärlik ýokary düzümli medeniýetiň statusy we güýç simwolymymyka? Ya bolmasa adamlaryň söwda etmegi we sosiallaşmagy üçin gurlan binamyka? Stounhenj bilen baglanyşykly birgiden teoriýa orta atylanam bolsa, henizem kimin gurandygy we näme maksat bilen ulanylandygy hakda anyk maglumat ýok